Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Bizi öýümize getiriň". Siriýadaky bosgunlar lagerinde galan täjik aýallary Emomali Rahmondan kömek soraýarlar


Siriýadaky bosgunlar lageri
Siriýadaky al-Hol bosgunlar düşelgesindäki täjigistanly aýallar ýaşaýyş şertleriniň çydap bolmajak derejede ýaramazdygyny aýdyp, Täjigistanyň ýolbaşçysy Emomali Rahmondan öz watanyna gaýdyp gelmegine mümkinçilik döretmegi haýyş etdiler.

Esasan Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynda söweşen söweşijileriň aýallary we çagalary birnäçe ýyl bäri Siriýadaky bosgunlar lagerlerinde ýaşaýarlar.

«Lagerdäki şertler örän ýaramaz»

Siriýanyň demirgazygyndaky iki sany bosgunlar lageri al-Holda hem-de Rožda 600-e golaý täjigistanly aýal we çaga bar. Olaryň köpüsi ärleriniň yzyna düşüp Siriýa gelendiklerini, aslynda bolsa bu sebitde hakykat ýüzünde nämeleriň bolup geçýändiginden habarsyz bolandygyny öňe sürýärler.

Täjigistanly aýallaryň prezident Emomali Rahmonyň adyna ýazan hatynda, al-Hol lagerindäki şertleriň "elhençdigi" aýdylýar. Täjigistanyň ýolbaşçysyndan kömek soramak karary Emomali Rahmonyň şu ýylyň 9-njy aprelinde Isfara şäheriniň ýaşaýjylary bilen bolan duşuşygynda, Siriýanyň lagerlerinde saklanýan 500 täjigistanly aýal we çaganyň öz watanyna gaýtaryljakdygyny habar bereninden soň peýda boldy.

«Bu bize gowy geljek üçin, umyt hem güýç berdi. Biz özümiziň Mukaddes saýýan watanymyza gaýdyp barmaga garaşýarys. Biziň häzirki başdan geçirýänlerimizi Hudaý hiç kimiň başyna salmasyn. Çagalarymyzyň bu ýurtda galmagyny islemeýäris» diýip, aýallar ýazýarlar.

Adamsynyň aldawyna düşen pidalarmy?

Täjik aýallaryň hatynyň Täjigistanyň prezidentiniň ýerine ýetiriji edarasyna baryp ýetendigi entek belli däl. Täjigistanyň Kuweýtdäki ilçisi Zubaýdullo Zubaýdzoda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, Siriýada galan aýallaryň we çagalaryň ýurduna gaýtmagy bilen baglanyşykly meseläni çözmek üçin, ilçihananyň iş alyp barýandygyny aýtdy. Diplomat: "Biz döwlet baştutanyndan buýruk aldyk, aýallary we çagalary hökman watanyna gaýtaryp bileris" diýdi.

Täjik aýallarynyň Emomali Rahmonyň adyna ýazan hatynyň nusgasy
Täjik aýallarynyň Emomali Rahmonyň adyna ýazan hatynyň nusgasy

Özüni Fatima diýip tanadan hat ýazan aýallaryň biri, lagerde ýaşaýanlaryň köpüsiniň Täjigistana gaýtmak üçin, dört ýyl bäri garaşýandyklaryny, ýöne häkimiýetleriň boş wadadan başga zat etmeýändigini aýtdy. Onuň sözüne görä, al-Hol we onuň goňşusy Rož lagerleriniň Siriýanyň häkimiýetlerine tabyn bolmadyk kürt gozgalaňçylary tarapyndan gözegçilik astynda saklanmagy ýagdaýy has agyrlaşdyrýar.

«Lagerde diňe sanly adam bolsa, Täjigistanyň resmileri bir uçuşy gurnamak arkaly aýallary we çagalary watanymyza gaýtaryp biljekdiklerine söz berdiler. Indi aýallar we çagalar gaty köp welin, iki uçuş gurnalaýanda-da ýeterlik däl. Häkimiýetler wada berýärler, ýöne hiç zat etmeýärler. Bosgun lagerinde çölden başga zady görmeýän, siwilizasiýadan gitdigiçe daşlaşýan çagalar üçin has agyr" diýip, ol aýal aýdýar. Ol aýal kürt harbylarynyň lagerdäki aýallary hem çagalary özleriniň harby maksatlary üçin ulanmagyndan gorkýandygyny-da mälim edýär.

Fatima özüniň we iki çagasynyň ýedi ýyl mundan ozal adamsynyň Türkiýede iş tapandygyny aýtmagy bilen Siriýa düşendigini, soňra bu ýerde galyşyny aýdýar. “Emma biz Siriýadan çykdyk. Adamym tiz wagtdan soň söweşde öldi, şondanam biziň kynçylyklarymyz başlandy" diýip gürrüň berýär.

Siriýanyň bosgunlar lagerlerinde bolýan köp sanly täjik aýallary özleriniň hem çagalaryň ärleri tarapyndan aldawa düşürilen pida bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikirine görä, olaryň köpüsi ärleriniň söweşmek üçin, Siriýa we Yraga gaýdýandyklaryny gowy bilýärdiler. Käbir aýallarda äriniň teklibini ret etmek mümkinçiligi bolsa-da, söweşiň dowam edýän ýurtlaryna gaýdypdyrlar.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän al-Hol lageri 70 müň adam üçin wagtlaýyn gaçybatalga bolmaly. BMG-nyň maglumatlaryna görä, al-Holdaky şertler "ýaramazlaşýar”, lager çölde ýerleşýär, adamlar kendir çadyrlarda ýaşaýarlar, arassaçylyk şertleri ýaramaz, suw we iýmit ýeterlik däl. Çagalara bilim berilmeýär, olar üçin zerur medisina kömegi ýok. Munuň üstesine-de, olar häli-şindi zorlugyň we ekspluatasiýanyň pidasy bolýarlar. Geçen ýyl BMG-niň adam hukuklaryny goraýjylary ýurtlary lagerdäki ähli çagalary we aýallary yzyna gaýtarmaga çagyrdy.

Ýurtlaryň köpüsi eýýäm öz raýatlaryny kürt bosgunlar düşelgesinden çykardylar, emma ABŞ-nyň “Frontline” web sahypasy Täjigistany Siriýanyň lagerlerinde iň köp raýaty bolan ilkinji on ýurduň hataryna girizdi, şonuň bilen birlikde, bosgunlary öýlerine gaýtarmak barada hiç hili iş alyp barmaýandygyny belledi.

«Lagerde “Yslam döwleti” toparyny aç-açan goldaýan aýallar az däl»

2018-nji ýylda Täjigistan hökümeti Yrakdan 80-den gowrak çagany yzyna getirdi. Häkimiýetler Siriýadan bosgunlary çykarmak işiniň birnäçe sebäplere görä yza süýşürilýändigini öňe sürýärler: birinjiden, kürt birikmeleri Siriýanyň häkimiýetlerine tabyn däl, ikinjiden, köp aýallaryň we çagalaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary ýok, üçünjiden, dünýäde koronawirus henizem möwç alýar.

Mundan başga-da, Täjigistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky bir çeşmäniň Azatlyk Radiosyna mälim etmegine görä, prezident Emomali Rahmonyň Isfarada eden çykyşyndan ozal hökümetde Siriýanyň lagerlerinde galýan aýallary we çagalary yzyna getirmek meselesinde ylalaşyk bolmandyr. “Hökümetde olary terrorist hasaplaýan adam köp. Ýöne prezidentiň çykyşyndan soň, olar garşylyk görkezmekden saklandylar, indi meniň pikirimçe, ýakyn wagtda yzyna gaýtmak isleýänleriň ählisi ýurduna dolanyp biler" diýip, ol çeşme aýdýar.

Täjigistana hemmeler dolanmak isläp barmaýar. Fatimanyň aýtmagyna görä, aýallaryň köpüsi ärleriniň yzyna düşüp, Siriýa we Yraga gidendiklerine çyn ýürekden gynanýarlar. Emma henizem “YD” ideýalaryny goldaýan we watanyna dolanmak islemeýän aýallar hem bar. Geçen ýyl täjigistanly diplomatlar hem al-Hol lagerindäki 400 aýaldan diňe 300 adamyň hasaba durandygyny we olaryň Täjigistana dolanmaga razy bolandygyny aýtdylar.

Täjigistan häkimiýetleriniň habar bermegine görä 2014-nji ýylda “Yslam halyfaty” döwletiniň dörediljekdigi yglan edilenden soň, takmynan iki müň çemesi Täjigistan raýaty Siriýa we Yraga gaýdypdyr. Häzirki wagtda 600 töweregi täjigistanly aýal we kämillik ýaşyna ýetmedik çaga Siriýadaky iki gaçybatalga lagerinde saklanýar. Olaryň adamsy ýa ölüpdirler, ýa türmä basylypdyr, ýa-da henizem dereksiz ýiten hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG