Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly žurnalist we onuň orsýetli halaşýan gyzy öý tussaglygyna geçirildi


Roman Protasewiç (çepde) we onuň orsýetli halaşýan gyzy Sofiýa Sapega
Roman Protasewiç (çepde) we onuň orsýetli halaşýan gyzy Sofiýa Sapega

Belarusda tussag edilen žurnalist Roman Protasewiç hem-de onuň söýgülisi Sofiýa Sapega türmeden öý tussaglygyna geçirildi. Olar Belarus bir ýolagçy uçaryny Minske mejbury gondurandan soň, tussag edilipdi.

Protasewiçiň Polşada ýaşaýan kakasy Dmitriý 25-nji iýunda BBC kanalyna beren interwýusynda munuň sebäplerini özüniň bilmeýändigini aýtdy we “onuň nähilidir bir syýasy oýun bilen meşgullanýan bolmagynyň mümkindigini” sözüne goşdy.

“Adwokat hiç zat diýmeýär, häkimiýetler hiç zat diýmeýär” diýip, ol aýtdy.

“Tussaglyk şertleri üýtgedilen bolsa, bu olaryň durmuş şertleriniň gowulanmagydyr. Ýogsa-da, mundan soň boljak zatlar belli däl” diýip, ol aýtdy.

Sapeganyň adwokaty Anton Gaşinskiý “Häzirki Zamana” (Current Time) beren interwýusynda öz müşderisiniň ene-atasynyň öz gyzlary bilen 24-nji iýunda duşuşandyklaryny aýtdy.

“Düýn Sapeganyň ene-atasy onuň bilen duşuşdy. Duşuşyk restoranda, sakçynyň göz astynda bolup geçdi, sebäbi munuň şeýle bolmagyny öý tussaglygynyň şertleri talap edýär” diýip, Gaşinskiý aýtdy.

Gaşinskiý Sapeganyň öý tussaglygyna geçirilmeginiň esasan rus prezidenti Wladimir Putin bilen belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenkanyň geçen aý Soçide geçiren duşuşygy bilen ilteşiklidigine özüniň ynanýandygyny aýtdy. Sapega rus raýatydyr.

Has ozal, Sapeganyň öweý kakasy BBC kanalyna beren interwýusynda gyzynyň öý tussaglygyna geçirilendigini we onuň Minskde bir kiçi jaýda ýeke özüniň ýaşaýandygyny aýtdy

“Biz geň galdyk” diýip, BBC Sergeý Dudiçi sitirleýär.

Protasewiç 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen jedelli prezident saýlawlarynyň yz ýany ýurtda raýat tolgunyşyklaryny döretmäge gatnaşmakda aýyplanýar. Şeýle aýyplanma bilen höküm çykarylan adamlar 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Ol Next-Live telegram kanalynyň esasy administratory bolupdy. Bu kanal saýlaw netijelerini ýazgarýan köpçülik protestleri barada habar berdi. Saýlawlar Lukaşenka altynjy prezidentlik möhletini berdi.

Sapeganyň hem jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

23-nji maýda belarus häkimiýetleri öz howa giňişliginden geçip barýan “Ryanair” ýolagçy uçaryny harby uçar ulanyp, Minske gonmaga mejbur etdi. Muny köp ýurt “döwlet gaçakçylygy” atlandyrdy. Uçar gonandan soňra, onuň bortundaky oppozisiýa bloggeri we onuň orsýetli halaşýan gyzy Sapega dessine tussag edildi.

Muňa jogap edip, 24-nji iýunda Ýewropa Bileleşigi belarus ykdysadyýetiniň möhüm pudaklaryna we Lukaşenka režiminiň girdeji çeşmelerine, şol sanda mineral dökün eksportyna, temmäki pudagyna, nebit we nebit-himiýa pudaklaryna garşy sanksiýa girizdi.

Lukaşenkanyň režimi geçen ýylyň dawaly awgust saýlawlarynyň yz ýany, syýasy oppozisiýa we garaşsyz media garşy girişen gazaply basyp ýatyrmalary sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň tankydyna duçar boldy.

Protestçiler saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýtdylar. ÝB, ABŞ we beýleki käbir ýurtlar saýlawyň resmi netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Olar Lukaşenkany ýurduň kanuny lideri hökmünde ykrar etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG