Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Syzyp çykan wideo Türkmenistanyň ‘koronawirus tapmaçasy’ barada pikir döredýär


Awtobusda dynç alýan maskaly adam. Mart, 2021.

​​​​​​​Saglyk resmisidigi aýdylýan aýal adam ýurtda koronawirus bilen bagly ölüm barada maglumat berýän erkegi prokuratura şikaýat etmek we jenaýat jogapkärçiligine çekdirmek bilen haýbat atýar.

Türkmenistanda koronawirus barmy ýa ýok? Resmiler koronawirus ýok diýýär, ýöne raýatlar koronawirus bar diýýär.

25-nji iýunda ýurtdan syzyp çykan we sosial mediada peýda bolan bir wideo Türkmenistanyň koronawirus tapmaçasy barada pikir döredýär.

Wideo ilkinji gezek “Murat Duşemow” atly bir YouTube kanalynda peýda boldy.

Gizlin düşürilen wideoda bir erkek adam Büzmeýin etrabyndadygy aýdylýan 12-nji poliklinikanyň bir ‘saglyk işgäri’ bilen Türkmenistanda koronawirusyň bardygy ýa-da ýoklugy barada gürrüň edýär.

Wideodan görnüşine görä, erkek adam saglyk resmisinden öz ejesiniň, ýurtda koronawirus ýok bolsa, näme sebäpden kesele garşy waksina kabul etmelidigi barada düşündiriş soraýar. Ol özüne bu barada resmi buýrugyň görkezilmegini talap edýär.

Saglyk resmisi ýurtda koronawirusyň häzire çenli hasaba alynmandygyny aýdýar, ýöne onuň bar bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýar. Ol bu ähtimallygy daşary ýurtlardaky türkmenistanly raýatlaryň ýurda gaýtarylyp getirilmegi bilen esaslandyrýar.

Döwlet media serişdeleri arkaly yzygiderli ýagdaýda ýurtda koronawirusyň ýokdugy öňe sürülýän ýurtda raýat saglyk işgärinden soraýar: “[Adamlara] bir sanjym edýärsiňiz, şony näme üçin edýärsiňiz?’

Onda saglyk resmisi aýdýar: “A sen eşideňokmy bütin dünýäde nämeleriň bolup geçýändigini?”

“Ýok, men eşidemok, [a näme bolupdyr]?” diýip, raýat jogap berýär, tebigy ýagdaýda.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi pandemiýanyň ilkinji günlerinde koronawirus sözüni agzamakdan gaça durdy, hatda agzamady. Şeýle-de, ýurtda döwlet baştutany derejesinde koronawirusyň ýokdugy gaýtalanýar. Ýöne ýurtdaky koronawirus alamatly keselçilik barada gelip gowuşýan habarlaryň yzy üzülmeýär. Pandemiýanyň dowamynda häkimiýetler ýurtda maglumat akymyny berk gözegçilikde saklady.

“Sen onda telewizory aç-da, gör!” diýip, saglyk işgäri erkek adama ýüzlenýär.

“Telewizorda meniň eşidýän zadym köp, daşary ýurtda bir epidemiýa yglan edilipdir, halka kömek edýärler diýýär. Indi, men şoňa-da üns bermelimi!?” diýip, raýat soragly jogap berýär.

Pandemiýa döwründe türkmenistanly raýatlar ýokanç barada esasan daşary ýurtlaryň media serişdelerinden habar aldylar. Azatlyk Radiosy öz okyjylaryny ýurtda koronawirusyň ýagdaýy barada yzygiderli habarly etdi.

12 minutlyk wideoda ýurduň koronawirus tapmaçasy barada esasy gürrüň 3-nji minutda başlanýar: saglyk işgäri ýurduň koronawirus tapmaçasy barada pikir öňe sürýär.

“Türkmenistanda näçe adamyň keselländigini bileňizokmy?” diýip, saglyk işgäri soraýar.

“Ýok. Men nireden bilmeli ony?” diýip, erkek adam soragly jogap berýär.

“Biz entek olary hasabatda bereris” diýip, saglyk işgäri aýdýar.

Ol mysal getirýär: “Meselem, ýol heläkçiligi bolsa, ýa-da adam öldürilse şolar barada telewizorda habar berilýärmi?” diýip, soraýar we öz-özi jogap berýär. “Ýok. Berilmeýär” diýýär we edil şolar ýaly özleriniň hem keselçilik barada habar bermeýändiklerini ýaňzydýar.

Gürrüňdeşligiň dowamynda erkek adam öz goňşusynyň koronawirusa garşy sanjym kabul edenden soňra ölendigini öňe sürýär.

Saglyk işgäri ýurtda koronawirus ölümleri barada maglumat ýaýratmagyň jenaýatdygyny aýdýar we bu barada maglumat aýdany üçin ol erkek adamy prokuratura şikaýat etmek we jenaýat jogapkärçiligine çekdirmek haýbatyny atýar.

Bu makala çapa taýýarlanandan soňra Azatlyk Radiosy wideoda çykyş edýän erkek adamyň geçen tomus öz syýasy garaýyşlaryny sosial mediada beýan edenden soňra türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilen, ýöne soňra türmeden boşadylan Murat Duşemowdygyny anyklady.

Bu wideonyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 12-nji saglyk öýünde düşürilendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy saglyk resmilerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, 70 million ilatly Merkezi Aziýa ýurtlarynda täze koronawirusyň delta görnüşiniň çalt ýaýraýandygy barada maglumatlar bar. Türkmenistan ne COVID-19 keselini, ne-de onuň delta görnüşini resmi taýdan hasaba aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG