Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Türkmenistan 100 million dollarlyk maýa goýum fonduny döretmegi ylalaşýarlar 

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri 100 million dollarlyk inwestision ösüş gaznasyny döretmek barada ylalaşdylar.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň mglumatyna görä, Sadyr Japarow we Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki biznes proýektlerine goldaw bermek üçin maýa goýumynyň möçberi 100 million dollarlyk Gyrgyzystan-Türkmenistan Ösüş Gaznasyny döretmek barada ylalaşypdyr.

Gygyzystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda 28-nji iýunda Oguzhan köşgünde gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň prezidenti gyrgyz kärdeşini Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdançasynda garşy aldy. Dabaraly ýagdaýda hormat garawulynyň gatnaşmagynda iki ýurduň döwlet gimnleri ýerine ýetirildi.

Sadyr Japarowy Türkmenistana iki günlük resmi saparynyň dowamynda birnäçe resminama gol çekdi.

Şeýle hem resmi maglumata görä, güýz-gyş möwsüminde Gyrgyzystany türkmen gazy we elektrik togy bilen üpjün etmek, Bişkekde Gyrgyzystan-Türkmenistan söwda öýüni we Yssyk-Köl sebitinde bäş ýyldyzly myhmanhana bilen saglyk toplumyny gurmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň wekilleri şertnamalara we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk memorandumlaryna we 2023-nji ýyla çenli söwda hem ykdysady hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekdiler.

Gyrgyzystanyň prezidenti Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana resmi sapar etmäge çagyrdy. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen 27 iýunda bardy. Japarowy aeroportda Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow garşy aldy.

Türkmenistana eden saparynyň başynda gyrgyz prezidenti Gypjaga baryp, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmurat Niýazowyň mawzoleýinde gül goýdy.

Soňra Japarow gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň açylyşyna gatnaşdy we şol ýerde türkmen senagatçylaryny Gyrgyzystanda kärhana açmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatyna görä, Gyrgyzystanyň prezidenti iki ýurt üçin partnýorlygyň esasy ugurlarynyň arasynda dokma senagat, energiýany gaýtadan işlemek, syýahatçylyk, we oba hojalygy ýaly pudaklary agzapdyr.

Gyrgyzystanyň prezidenti iki ýurduň arasynda "söwda, energiýa, ulag we agrosenagat toplumynda möhüm potensialyň bardygyny" belläp, Türkmen biznesiniň Gyrgyzystanda maýa goýum taslamalaryna giňden gatnaşmagyna umyt bildirdi. Sadyr Japarow syýahatçylyk we ýeňil senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilige eýe bolan ugurlar hasaplaýar.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň prezidenti epidemiologiki ýagdaý gowulaşandan soň özara medeni günlerini geçirmegi teklip etdi.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanda bolan häkimiýet çalyşygyndan soňky syýasy krizisiň dowamynda türmeden boşadylan we dawaly saýlawlaryň netijesinde döwlet başyna geçen prezident Sadyr Japarow Türkmenistana ilkinji gezek sapar edýär.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy Gyrgyzystandaky syýasy wakalar barada habar bermändi.

Türkmenistana saparynyň soň Gyrgyzystanyň prezidenti Täjistana barýar. Japarowyň 28-29-njy iýunda Täjigistana etjek resmi sapary iki ýurduň arasynda serhetdäki konfliktler bilen bagly dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar edýär

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy (ç) Gyrgyzystanyň döwlet baştutany Almazbek Atambaýew (s) garşy aldy, Bişkek, 5-nji awgust, 2015. 
1/7 Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy (ç) Gyrgyzystanyň döwlet baştutany Almazbek Atambaýew (s) garşy aldy, Bişkek, 5-nji awgust, 2015. 
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Gyrgyzystana bardy, Bişkek, 5-nji awgust, 2015. 
2/7 Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Gyrgyzystana bardy, Bişkek, 5-nji awgust, 2015. 
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
Prezidentler hormat karaulynyň öňünde 
3/7 Prezidentler hormat karaulynyň öňünde 
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
4/7

Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen resmileri bilen duşuşýar
5/7 Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen resmileri bilen duşuşýar
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
G.Berdimuhamedow (ç) we Almazbek Atambaýew (s)  
6/7 G.Berdimuhamedow (ç) we Almazbek Atambaýew (s)  
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary 6-njy awgustda tamamlanýar. 
7/7 Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Gyrgyzystana sapary 6-njy awgustda tamamlanýar. 
Türkmenistanyň prezidenti 5-nji awgustda Gyrgyzystana ilkinji resmi sapary bilen bardy. Bişkekde G.Berdimuhamedowyň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda resmi gepleşikler geçirildi.
Previous slide
Next slide

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG