Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Koronawirusy boýun almaýan türkmen häkimiýetleri maska režimini täzeden güýçlendirýär


Türkmenistanda maska düzgüni täzeden güýçlenýär. Illýustrasiýa suraty.

"Koronawirusdan azat" Türkmenistanda häkimiýetler maska düzgüniniň berjaý edilmegine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirýär.

Mundan bir ýyl töweregi ozal, şu günler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 missiýasy, türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça, Türkmenistana baryp görmek üçin we ýokanja garşy ýurduň öňüni alyş çärelerini seljermek üçin Aşgabada gitmäge taýýarlyk görýärdi. Halkara saglyk ekspertleri türkmen paýtagtyna aýak basandan bir hepde töweregi soň, türkmen häkimiýetleri ýurt boýunça maska režimini güýje girizdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy maska režiminiň şu günler Maryda gaýtadan güýçlenýändigini habar berýär. Bu çäreler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar bilen yzly-yzyna geçiren ikinji ýygnagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Halkara saglyk ekspertleriniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda, ýurduň Saglyk ministrligi 12-nji iýulda birden ýörite maglumat çap edip, ýurt raýatlaryna maska geýmegi maslahat berdi. Ministrlik bu talabyny “howanyň düzüminde tozanyň agdyklyk etmegi hem-de tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen” diýip düşündirdi, koronawirusy agzamady. Munuň yz ýany Türkmenistan maska režimine gözegçilik etmek üçin birbada harby we polisiýa güýçlerinden peýdalandy.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň aýaklarynda Hytaýdan uç alyp, bütin dünýä ýaýrap başlan koronawirus epidemiýasy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Munuň yz ýany wirusyň ýaýramagyny haýallatmak tagallalarynyň çäginde hökümetler adamlara maska geýmegi, sosial aralygy saklamagy maslahat berdi we petikleme çärelerini güýje girizdi. Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady. Şu wagta çenli dünýäde bu kesel bilen 3 million 900 müňden gowrak adam öldi, 182 milliondan gowrak adama kesel ýokaşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, ýurtda şu günler maska režimi täzeden güýçlenýär: Mary şäherinde maska düzgünine gözegçilik etmek işlerine hukuk goraýjy edaralaryň raýat eşikli we polisiýa uniformaly adamlary gatnaşýar.

Habarçy maskalara täzeden gözegçilik tolkunyna Maryda 27-nji iýunda bat berilendigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, raýat eşikli elleri rasiýaly adamlar we ýol polisiýasy köçelerde ulag sürüjileriniň maskalaryny barlaýar, olardan düzgüniniň dogry berjaý edilmegini talap edýär.

Maska režimini dogry berjaý etmeýän käbir sürüjiler bu ýagdaýy yssy howa şertleri bilen düşündirmäge synanyşýarlar.

“Biziň ulagymyzda kondisioner ýok, howa yssy, dem almagymyz kynlaşýar” diýip, bir sürüji maska düzgüniniň töweregindäki aladalaryny beýan edýär.

Ýene bir sürüji özüniň maska düzgünini berjaý etmeýändiginiň sebäbini gartaşan ýaşy bilen düşündirýär.

“Ýaşymyz gartaşansoň, howa-da yssy bolansoň, burnumdan dem almak üçin maskamy burnumdan aýyrdym” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir uly ýaşuly sürüjiniň ýol polisiýasyna aýdan sözlerini sitirleýär.

Abraýly halkara saglyk edaralarynyň barlaglary köpçülik ýerlerinde maska geýmegiň keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda täsirlidigini subut etdi.

Halkara synçylar türkmen häkimiýetleriniň başyndan bäri pandemiýany äsgermändigini, oňa garşy wagtal-wagtal ýüzärlik bilen göreşendigini aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, maska düzgünine gözegçilik işleri Baýramly şäherinde we Mary welaýatynyň beýleki etraplarynda 29-njy iýunda güýçlendirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web-saýty ýeke sözlem bilen raýatlara maska geýmegi we 2 metr howpsuz aralygy saklamagy duýdurýar. Ministrlik bu duýduryşyny “saglygy berkitmek üçin” diýip düşündirýär, koronawirusy agzamaýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri etraplara we obalara aýlanyp, maska düzgünini dogry berjaý etmeýän adamlary polisiýa bölümlerine alyp gidýär.

“Tussag edilýän adamlaryň aglaba köplügi aýal adamlar. Erkek adamlar ylgap gaçýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri obalarda jaý salýan ussalara çenli, kerpiç daşaýan adamlara çenli ‘maskaňyz ýok’ diýip, polisiýa bölümine äkidipdir.

Gurluşykçylar yssy howada özleriniň jaý salýandyklaryny, kerpiç, palçyk we çagyl daşaýandyklaryny aýdýarlar hem-de agyr iş bilen meşgul bolansoň, demleriniň ýetmeýändigini aýdýarlar.

Ýöne polisiýa işgärleri özlerine plan dolmagyň tabşyrylandygyny aýdyp, olary polisiýa bölümine alyp gidýär we jerime ýazýar.

“Zordan iş tapdyk. Ujypsyz baha iş gepleşdik. Onuň ýarty puluny polisiýa bermeli bolduk” diýip, bir gurluşykçy ussa Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, şäherlerde we etrap merkezlerinde polisiýa işgärleri edara-kärhanalara we dükanlara duýdansyz girip, maskasyz adamlary, ýa-da maska düzgünini dogry berjaý etmeýän adamlary tussag edýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, etraplaryň birinde bir dükanda polisiýa tarapyndan tussag edilen bir maskasyz adam özüniň saglyk işgäridigini aýdyp, özüniň wirusa garşy waksina kabul edendigini düşündiripdir.

Polisiýa wirusa garşy waksina kabul eden medisina işgärini-de, maskasyz ele salan beýleki adamlaryny-da ýörite awtobusa mündürip, polisiýa bölümine alyp gidipdir.

“Awtobusyň içi dyknyşyk. Adam gaty kän. Adamlar oturmak beýlede dursun, dik duranlarynda biri-birlerine degip, biri-birleriniň ýüzlerine dem alýarlar. Olar birnäçe sagatlap, awtobusyň içinde şäherlere we etraplara aýlanmaga mejbur edilýärler” diýip, bir şaýat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Koronawirusy boýun almaýan türkmen häkimiýetleriniň maska düzgünini güýçlendirmekleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar bilen geçiren ikinji ýygnagynyň yz ýanyna gabat geldi.

27-nji iýunda geçirilen ýygnakda Berdimuhamedow ýene-de bir gezek ýurtda koronawirusyň ýokdugyny gaýtalady. Prezidentiň koronawirus boýunça yzly-yzyna geçirýän maslahatlary dünýäde wirusa garşy sanjym işleriniň dowam edýän wagtyna we koronawirusyň çalt ýaýraýan "delta" görnüşiniň azyndan 85 ýurtda hasaba alynmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bu aralykda, prezidentiň 27-nji iýunda gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistan Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasyndan COVID-19 ýokanjyna garşy 1 million 500 müň doza waksina satyn alar.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň 7-nji maý hasabatyna görä, Türkmenistan Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasynyň COVID-19 garşy BIBP waksinasyny öz çäginde gyssagly ýagdaýlarda ulanmak üçin hasaba alypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG