Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Fabrigiň işgärleri" täzeden düzüldi, agaçlar kökleri bilen goparylyp getirildi. Özbegistanyň prezidentiniň Andijana sapary nähili gurnaldy


And Gold tikinçilik-trikotaž fabriginiň işgäri hökmünde prezident Şawkat Mirziýaýew bilen gürrüňdeş bolan Nozima apa aslynda Andijan welaýatynyň Izbaskan etrabyndaky Beşterek raýatlar mähelle toplumynda maşgala we aýallar meseleleri boýunça bilermen bolup işleýärdi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Andijan welaýatynda saparda boldy. Prezident welaýatyň Izbaskan etrabynda täze açylan tikinçilik-trikotaž And Gold atly kärhana baryp gördi. Duşuşyk protokolda görkezilişi ýaly geçdi. Şeýle-de bolsa, Azatlygyň Özbek redaksiýasyna Mirziýaýewiň sapary wagtynda, golaýdaky mähellelerden gelin-gyzlaryň bu kärhana ýörite getirilendigi mälim boldy. Olar "tikinçi" roluny ýerine ýetirdiler, ýöne aldaw ýüze çykdy. Prezident gaýdandan soň, “tikinçiler” öýlerine goýberildi. Ýerli ýaşaýjylar hormatly myhmanyň gelmezinden ozal “ekilen” agaçlaryň hem ýitirim bolandygyny aýtdylar.

Prezident Şawkat Mirziýaýew Andijan welaýatyna saparyny Izbaskan sebitiniň çetki obalarynyň biri Kugaý mähellesinden başlady.

Döwlet baştutanynyň Andijana gelmezinden birnäçe gün öň Kugaýda iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze tikinçilik-trikotaž fabrigi işe girizilipdi.

Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan taýýarlanan And Gold tikinçilik-trikotaž kärhanasyna Mirziýaýewiň eden sapary baradaky wideo hasabatynda, bir meňzeş egin-eşikde işläp duran ýüzlerçe aýal-gyzy görmek mümkin.

Mundan başga-da, wideoýazgyda prezident bilen duşuşmak üçin, onuň alnyna çykan kärhananyň işçilerinden biri bilen elleşip, Mirziýaýewiň oňa: “Keýpiňiz nähili? Maňa ýürekden aýdyň! " diýip, ýüzlenýändigi görkezilýär.

«Ýürekden aýtsam, Özbegistanda ýaşaýandygyma gaty begenýärin» diýip, tikinçi aýal jogap berýär.

Soňra prezident tikinçilik-trikotaž kärhanasynyň işleri bilen tanyşmagyny dowam etdirýär.

«Ýanyp duran gözleriňizi görüp gaty begenýän! Iş öwrenýärsiňizmi? Bu size kyn dälmi? Özümem gözleriňizi, siziň ynamyňyzy görüp begenýärin. Bu biziň uly işlerimiziň başlangyjy» diýip, prezident kanagatlanma duýgusyny ýaşyrmaýar.

Ondan soň wideo reportažda Şawkat Mirziýaýewiň kärhananyň beýleki işgärlerine ýüzlenişi görkezilýär. Döwlet baştutanyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde ellerini döşüne goýup, olar ýaşaýan ýerleriniň fabrikden uzakda däldigini, kärhananyň şertleri bilen kanagatlanýandygyny aýdýarlar.

Prezident Mirziýaýewiň And Gold tikinçilik-trikotaž fabrigine gelmegi mynasybetli gurnalan dabara üçin, tikinçileriň roluny oýnar ýaly, Izbaskan etrabynyň mähelle işgärlerinden ýüzlerçe aýal-gyzlary bu sehe getirdiler.
Prezident Mirziýaýewiň And Gold tikinçilik-trikotaž fabrigine gelmegi mynasybetli gurnalan dabara üçin, tikinçileriň roluny oýnar ýaly, Izbaskan etrabynyň mähelle işgärlerinden ýüzlerçe aýal-gyzlary bu sehe getirdiler.

​Özbegistanyň prezidenti tikinçilik-trikotaž kärhanasynyň işgärleri bilen bolan söhbetdeşlikde, olaryň aýlyklaryny birnäçe esse ýokarlandyrmagy wada berdi.

«Men bu gün Andijana şeýle kärhanalaryň sanyny artdyrmak üçin, siziň girdejiňizi birnäçe esse köpeltmek üçin geldim. Siz 1-2 million däl-de, 3-4 million alarsyňyz. Biz dogry ýoldan barýarys, biziň ýolumyz açyk!» diýip, Şawkat Mirziýaýew tikinçilik-trikotaž kärhanasynyň işgärlerine wada berýär.

Resmi maglumatlara görä, And Gold tikinçilik-trikotaž kärhanasy ABŞ-nyň 2,5 million dollaryna barabar serişdä guruldy. Kärhananyň jaýlary häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyryldy.

Kärhana doly kuwwatyna ýeteninde, ýerli ýaşaýjylary 1200 orunlyk hemişelik iş bilen üpjün etmegi hem-de kärhananyň ýyllyk kuwwatynyň ýylda 3,5 million trikotaž önümlerini taýýarlamagy göz öňünde tutýar.

Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda bu kärhanada 830 aýal işleýär. Ýüplük bilen üpjün etmek üçin, eýýäm Hytaý hem Russiýa bilen şertnama baglaşylypdyr.

Prezidentiň saparyna nobatdaky gözboýagçylyk

Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosy bilen telegram-kanal arkaly habarlaşan Andijanyň bir ýaşaýjysy prezident Şawkat Mirziýaýewiň sebite sapary bilen baglanyşykly Izbaskan etrabynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky gözboýagçylyk sergisini gurandygyny aýtdy.

Söhbetdeşimiz And Gold tikinçilik kärhanasynda prezident bilen duşuşan aýal-gyzlaryň aslynda tikinçi däldigini öňe sürdi.

– Izbaskan sebitinde döwlet baştutanynyň gelmegine gaty gowy taýýarlyk gördüler. Şeýle-de bolsa, etrap başlygy S. Ismailowyň prezidenti nädip aldandygyny biz gördük, mähelle raýatlarynyň toplumynyň işgärlerinden, täze fabrikde tikinçileriniň roluny oýnamagyny haýyş etdi. Prezident bilen duşuşyga gatnaşýan aýallaryň diňe 5%-i bu kärhanada tikinçilik bilen meşgullanýanlar, galan 95% ‘tikinçi’ daşardan getirilenler. Prezidente bu kärhanada işlemekden hoşaldygyny aýdan aýal aslynda mähelle komitetinde işleýär. Olar prezident gelmezinden ozal ýörite taýýarlandy, olara döwlet baştutany bilen duşuşygynda näme diýmelidigini öwretdiler. Olara: "Prezidente kemçilikler barada aýtmaň, oňa diňe minnetdarlyk bildiriň" diýlipdir. Tikinçilik-trikotaž kärhanasynda işleýän beýleki gyzlara-da bu ýerde aýlyk alýandyklaryny, munuň üçin diýseň hoşaldygyny aýtmak tabşyryldy. Bu kärhana prezidentiň gelmeginden diňe bir gün öň açyldy, entek işe doly başlamandy. Prezident gidenden soň, bu aýallaryň hemmesi öňki işlerine gaýdyp geldiler – diýip, andijanly söhbetdeşimiz aýdýar.

Şawkat Mirziýaýew And Gold tikinçilik-trikotaž kärhanasynyň önümlerini görkezýär.
Şawkat Mirziýaýew And Gold tikinçilik-trikotaž kärhanasynyň önümlerini görkezýär.

Andijanly ýaşaýjynyň sözüne görä, özüni And Gold tikinçilik-trikotaz kärhanasynyň işgäri hökmünde tanadan aýal-gyzlaryň köpüsi, Izbaskan sebitiniň raýatlary bolup, olar 64 mähelle toplumyndan getirilipdir.

– Olaryň azyndan 128-si mähelle komitetleriniň işgärleri – sekretar we beýlekiler bolup işleýänler – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Azatlygyň žurnalisti tikinçilik-trikotaž kärhanasynda prezident Mirziýaýewe ilkinji ýüzbe-ýüz bolan we onuň bilen gürleşen aýaly tapmagy başardy. Aýalyň ady Nozima apa, onuň Andijan welaýatynyň Izbaskan etrabynda degişli Beşterak raýatlar mähellesinde maşgala we aýallar meselesi boýunça bilermen bolup işländigi anyklandy. Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde ol prezidentiň gelen güni, sebit administrasiýasynyň buýrugy bilen mähelle toplumyndan 13 gyzy tikinçilik fabrigine getirendigini boýun aldy.

– Men ýakynlykda bu kärhanada iş tapdym. Hudaý kömek etse, men ol ýerde gaplaýjy bolup işlärin. Bizi bir aý synag möhleti bilen işe aldylar. Kärhananyň administrasiýasy bize: "Eger synag möhletini geçseňiz, soňra aýlyk alarsyňyz" diýdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, synag möhletiniňem aýlyksyz bolmajakdygyny aýtdylar. 700 müňden 1 million suma çenli aýlyk boljagyna söz berdiler. Men mähelleden ýene-de 13 sany gyz getirdim. Maňa olaryň ulusy bolmagy tabşyrdylar – diýip, Nozima apa aýdýar.

Ýatlatsak, Şawkat Mirziýaýewiň Andijana sapary 17-18-nji iýunda bolup geçdi.

Döwlet baştutany gaýdandan soň, sosial ulgamlarda Andijanda prezidentiň sapary üçin ekilen agaçlaryň yzyna alnandygy barada maglumatlar ýaýrady.

Andijan sebitiniň administrasiýasy bu maglumatlar barada düşündiriş bermäge mejbur boldy.

«Abadanlaşdyryş işleri wagtynda wideoýazgyda düşürilen güllere zeper ýetirmez ýaly, olar awtoulagda kölegäniň salkyn ýerine wagtlaýyn göçürildi. Ýoluň 50 metrlik böleginde bolup geçen bu çäräniň dowamynda ekologlaryň maslahaty bilen ösümlikler üçin has amatly şertler döredildi – diýip, welaýat administrasiýasynyň metbugat gullugy aýtdy.

Azatlyga aýdylyşyna görä, prezidentiň saparyna taýýarlyk işleri Özbegistanyň beýleki ýerlerinde-de alnyp barylýar. Mysal üçin, Namangan welaýatynyň Dawlatabat sebitiniň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler bir gijäniň içinde ýollary "abadanlaşdyrypdyr".

– Asfalt gije ýazyldy. Biz 3-nji kiçi etrapçada ýaşaýarys. Prezident kitaphanany açdy. 40 ýyl bäri unudylan, Sowet döwründen bäri abatlanmadyk ýola asfalt düşediler. Diňe görünýän ýerler asfaltlandy. Hökümet halka däl-de, näme üçin diňe prezidentiň gelmegine ýol gurýar?! – diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.

Azatlyk Radiosy Özbegistanda göz üçin edilýän çäreleriň Yslam Kerimowyň prezidentliginden bäri möhüm syýasy çäre bolandygyny ýatladýar. 2015-nji ýylda Şawkat Mirziýaýew premýer-ministr döwründe, Fergana welaýatyna sapar edende, ozal ýygylan pagta meýdanyndaky ýoluň ugrundaky gowaçalara gaýtadan pagta ýelmäp çykylandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG