Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ransomware” hüjüminiň täsirleri anyklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň dünýäde on müňlerçe müşderili programma üpjünçiligini dörediji kompaniýasyny nyşana alan rus jenaýatçylary bilen baglanyşykly pul talap ediji hüjümi barada has giňişleýin maglumat ýüze çykdy.

Howpsuzlyk hünärmenleri 5-nji iýulda pul talap ediji programmalaryň rus dilli sindikaty "REvil" topary bilen baglanyşykly hakerler tarapyndan edilen hüjümiň ýetiren zyýanlaryna baha bermegi dowam etdirdiler.

Kiber jenaýatçylary nyşana alnan kompaniýalaryň maglumatlarynyň şifrlerini bermek üçin deregine 70 million dollar bitkoin talap etdiler, şeýle-de söwdalaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Hüjüm dünýäde 800-den 1500-e çenli kompaniýa täsir etdi.

5-nji iýulda "Kaseya" kompaniýasynyň baş direktory Fred Wokkola Reuters habar gullugyna beren interwýusynda programma üpjünçiligine edilen hüjümiň anyk netijelerini çaklamagyň kyndygyny, täsir astyna düşen kompaniýalaryň "Kaseyanyň" müşderileridigini aýtdy.

Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler, azyndan 17 ýurtda müňlerçe kompaniýanyň zyýan çekendigini çaklaýarlar. Bu bolsa şu wagta çenli amala aşyrylan pul talap ediji kiber hüjüminiň iň ulusy bolup biler.

Reuters habar gullugy hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan hakerleriň gepleşik geçirmäge taýýarlyk bildirendigini habar berdi. Wokkolanyň gepleşik geçirmegi isläp-islemeýändigini aýtmakdan saklandy.

XS
SM
MD
LG