Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky jeňçileriň arasynda, daşary ýurtly söweşijiler hereket edýär


Owgan milli armiýasynyň esgerleri
Owgan milli armiýasynyň esgerleri

Owganystanda ekstremistik toparlaryň barha işjeňleşýändigini günbatarly resmiler aýdýarlar. Jihädçi toparlaryň Demirgazyk Owganystanda toplanýandygyny olar ýerlerdäki çeşmelere salgylanyp habar berýärler.

Häzirki wagtda Owganystanda 20-den gowurak jeňçi toparlaryň hereket edýändigini owgan resmileri hem tassyklaýar. Jeňçi söweşiji toparlaryň arasynda daşary ýurtly harbylaryň bardygy mundan öň hem aýdylyp gelindi.

“Talyban” hüjümçileri geçen bir aýyň içinde Demirgazyk Owganystanda çak edilmedik ýagdaýda, ençeme ýeňiş gazandy. “Talyban” ýaragly güýçleri günde azyndan bäş-alty etraby basyp alýarlar.

Demirgazyk-gündogar we Günbatar Owganystanyň welaýatlarynyň etraplarynyň ählisi diýen ýaly, “Talyban” söweşijileriniň eýeçiligine geçdi. “Talybanyň” şeýle tizlikde gazanýan üstünlikleri owgan resmileriniň aňyny çaşyrdy.

“Talyban” hüjümçileriniň arasynda pakistanly raýatlaryň agdyklyk edýändigini bilermenler aýdýarlar. Söweş hereketlerine hatda Pakistan armiýasynyň öňki harby komandirleriniň ýolbaşçylyk edýändigini owgan resmileri aýdýarlar.

Jeňçi toparlaryň hatarynda Merkezi Aziýadan bolan söweşijileriň hem bardygyny resmiler habar berdiler. Owganystanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Nakybulla Faýyp Farýap welaýatynda Merkezi Aziýadan bolan ýerli jeňçileriň ýerleşendigini aýratyn belledi.

– Welaýatyň etraplarynda merkezi aziýaly Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýerlerden bolan söweşijiler hereket edýärler – diýip, Faýyp mälim etdi.

Günbatar Owganystanyň Badygyz welaýatynyň Balamurgap, Abykemri we Mukur atly etraplarynda-da Merkezi Aziýadan bolan jeňçileriň bardygyny şol ýerli ilat aýdýar.

Daşary ýurtly jeňçileriň Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän sebitlerine aýratyn üns berýändigini ýerli synçylar aýdýarlar.

Demirgazyk-gündogar Owganystanyň Badahşan welaýatynyň hem ençeme etraplary talyp söweşijileriniň eline geçdi. “Owgan güýçleri ekstremist söweşijilere garşy söweşmän, etraplardan yzyna çekildiler. Bir müňden gowrak owgan harbylary Täjigistana tarap gaçyp geçdi” diýlip, ýerlerden gowşan habarlarda aýdylýar.

Soňky günlerde Owganystanyň Badahşan welaýatynda dörän ýagdaýyň daşary ýurtlar bilen baglanyşygynyň bardygyny Owganystanyň Milli mejlisiniň şol welaýatdan bolan agzasy, deputat Ybrahymy aýtdy. “Badahşanda “Talyban” bilen birlikde al-Kaýda topary hem işjeň hereket edýär” diýip, deputat habar berdi.

“Talyban” hereketi al-Kaýda topary bilen öz gatnaşygyny kesendigini aýdyp gelýär. Pakistanly jeňçileriň Owganystana gelip söweşýändigini-de talyp resmileri ret edýärler. Muňa garamazdan, Pakistan armiýasynyň öňki ýolbaşçylarynyň Demirgazyk Owganystanda söweş hereketlerine gatnaşýandygy hakda subutnamanyň bardygyny ýurduň howpsuzlygy goraýjy edaralarynyň wekilleri öňe sürýärler.

Daşary ýurtly harbylaryň ýerli jeňçilere harby ugurdan tälim berýändigini-de resmiler aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG