Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýaşaýyş jaýynda bolan partlama iki gaty ýumurdy


turkmen.news neşiriniň habaryna görä, partlama sagat 7 töweregi, Türkmenabadyň Gagarin etrapçasyndaky 43-nji jaýda boldy.
turkmen.news neşiriniň habaryna görä, partlama sagat 7 töweregi, Türkmenabadyň Gagarin etrapçasyndaky 43-nji jaýda boldy.

6-njy iýulda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýynda partlama boldy. Bu barada garaşsyz "Türkmenistanyň Hronikasy" we türkmen.news neşirleri habar berýärler. Şäherde Internet arabaglanyşygy kesildi we Azatlyk Radiosy heniz-de habarçylary bilen habarlaşyp bilmeýär.

turkmen.news neşiriniň habaryna görä, partlama 6-njy iýulda agşam sagat 7 töweregi, Türkmenabadyň Gagarin etrapçasyndaky 43-nji jaýda boldy. Partlamanyň netijesinde dört gatly jaýyň iki gaty ýumrulyp, jaýda oýuk emele geldi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri sosial ulgamlardan alnan - wakanyň bolan ýerinde düşürilendigi çak edilýän - wideony çap etdi.

Deslapky maglumata görä, ýaşaýyş jaýynda bolan partlama gazyň syzmagy sebäpli ýüze çykypdyr.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri şaýatlara salgylanyp, partlamada birnäçe adamyň ölendigini habar berdi.

turkmen.news öz çeşmelerine salgylanyp, şäherde Internet arabaglanyşygynyň kesilendigini we Internete uly bökdençlikler bilen diňe 3G hyzmaty arkaly birigip bolýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy sebitdäki habarçylary bilen heniz-de habarlaşyp bilmeýär.

Sosial ulgamlarda iki gaty ýumrulan jaýyň suraty çap edildi
Sosial ulgamlarda iki gaty ýumrulan jaýyň suraty çap edildi

Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtda bolýan heläkçilikleriň, tebigy betbagtçylyklaryň yzysüre, adatça Internet arabaglanyşygyny çäklendirýärler. Olar betbagtçylyklar barada maglumatyň syzyp çykmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Geçen ýylyň aprel we şu ýylyň mart aýlarynda Lebap we Mary welaýatlarynda turan weýrançylykly güýçli şemaldan soň hem, sebitde Internet we mobil telefon arabaglanyşyklary çäklendirilipdi.

Bellesek, Türkmenistanda köp gatly jaýda partlamanyň bolmagy bilen bagly heläkçilik mundan ozal hem bolupdy.

2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde gaz partlamasy boldy we binanyň ýokary gatyndaky otaglaryň käbiri bölekleýin opuryldy.

Şonda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň şaýatlara salgylanyp beren maglumatynda partlama zerarly azyndan ençeme adamyň heläk bolandygy aýdyldy.

Şol wakanyň käbir şaýatlary partlama dörän öýüň eýeleriniň mundan öň birnäçe gezek gazyň ysynyň gelýändigini aýdyp, gaz edarasyna jaň edendiklerini, emma hiç kimiň gelmändigini aýdypdylar.

Türkmenistanda gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy, 2018-nji ýylyň güýzünde ilata mugt gaz bermek boýunça ýeňillikleriň doly ýatyrylmagyndan soň başlanypdy. Şondan bäri ýaşaýyş jaýlarda gazyň syzmagy we ilatyň gaz edarasyna köpçülikleýin ýüz tutmagy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşarda bolýan betbagtçylyklar babatdaky gynançlaryny yzygiderli çap edýär. Ýöne türkmen mediasy we Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda bolýan pajygaly wakalary, gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlary we partlamalary açyk agzaman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG