Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatdaky partlamadan soň, Baýramalyda ýangyn howpsuzlygy boýunça barlaglar we düşündirişler geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýangyn howpsuzlygy we gaz edaralaryň işgärleri öýlere hem-de edara-kärhanalara aýlanyp başladylar. Işgärler gaz plitalaryny, sowadyjylary we peçleri barlaýarlar, düşündiriş işlerini geçirýärler. Olar bu barlaglaryň heläkçilikleriň we ýangynlaryň öňüni almak üçin geçirilýändigini aýdýarlar. Bu barlaglar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýaşaýyş jaýynda bolan partlamanyň yzýanynda amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, Baýramalynyň ýangyn howpsuzlygy we gaz edaralarynyň işgärleri bu barlag hem-de düşündiriş işlerini 8-nji iýulda irden geçirip başladylar.

"Işgärler gaz plitalarymyzy, sowadyjylarymyzy barlap, olary ulanyşymyz bilen gyzyklandylar. Şlanga ulanýan dälsiňiz? diýip soradylar hem-de olar ýangynlaryň we heläkçilikleriň öňüni almak üçin bu barlaglary geçirýändiklerini aýtdylar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Ýazgeldi diýip tutulmagyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Öýlere aýlanýan işgärleriň ikisi ýangyn howpsuzlygy edaranyň işgäri we ýene biri gaz edaranyň ussasy bolup, olar jemi üç adamdan ybarat. Bu işgärler raýatlardan gaz we elektrik enjamlaryny ulanmak düzgünlerini okandyklary we oňa düşünendikleri barada ýörite kagyza gol çekmegi hem soraýarlar.

"Ýangyn howpsuzlygy edaranyň işgärleri her hojalykdan 30 manat, gaz edaranyň ussasy 20 manat talap etdi. Olar bu tölegleriň gazda näsazlyk dörände ýa-da howa sorujy dykylanda, olary gelip bejerip bermek üçin alynýandygyny aýdýarlar. Adatça bolşy ýaly alnan bu pul üçin kwitansiýa bermediler" diýip, Ýazgeldi aýtdy.

Bu işgärler edara-kärhanalara hem aýlanýarlar. Olar sowadyjylaryň elektrik simleriniň ýörite plastika bilen örtülip, diwarlarda görünmez ýaly edilmelidigini hem aýdýarlar.

"Eger-de elektrik simleri diwarlarda görnüp dursa, onda jerime ýazyljakdygyny duýdurýarlar. Şeýle-de, olar käbir edaralara baranda, bellikleri edip, şol sanda elektrik rozetkalaryň könedigini hem belläp aldylar" diýip, baýramalyly býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol bu barlaglar tamamlanandan soňra edara ýolbaşçylarynyň işgärleriň her birinden 20 manat pul ýygnaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. "Ýolbaşçylar toplanan pul bilen edara salnan jerimäniň tölenjekdigini aýtdylar. Ýöne olar näme üçin jerime salnandygy barada maglumat bermediler" diýip, býujet işgäri belledi.

Azatlyk bu barlaglar barada Baýramalynyň ýangyn howpsuzlygy we gaz edaralaryndan maglumat alyp bilmedi.

Ýöne bellesek, bu barlaglar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýynda bolan partlamanyň yzýanynda geçirilýär.

Partlama 6-njy iýulda agşam sagat 7 töweregi, Türkmenabadyň Gagarin etrapçasyndaky 43-nji jaýda boldy. Partlamanyň netijesinde dört gatly jaýyň iki gaty ýumrulyp, jaýda oýuk emele geldi. Bu barada garaşsyz neşirler - türkmen.news we "Türkmenistanyň Hronikasy"- habar berdiler.

Deslapky maglumatlarda ýaşaýyş jaýynda bolan partlamanyň gazyň syzmagy sebäpli ýüze çykandygy habar berilýär.

7-nji iýulda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz habarçylaryna salgylanyp, betbagtçylyk barada goşmaça maglumatlary çap etdi. Neşir partlamada iki aýalyň we bir çaganyň heläk bolandygyny aýdýar.

"Olar jaýyň girelgesiniň ýanyndaky oturgyçda otyrka partlama bolýar we beton paneliň biri olaryň üstüne ýykylýar. Ýene alty adam keselhana ýerleşdirildi. Olaryň ikisi keselhananyň reanimasiýa bölüminde saklanýar" diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Maglumata görä, partlama bolan jaýyň ýaşaýjylary girelgelerde gazyň ýiti ysynyň bardygyny aýdyp, ýaşaýyş jaý dolandyryş we şäher gaz edarasyna ençeme gezek ýüz tutupdyrlar. Muňa garamazdan, bu mesele boýunça çäre görülmändir. Bu edaralaryň resmileri ýaşaýjylara näsazlygy abatlamak üçin turbalaryň we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugyny aýdypdyrlar.

Partlamanyň yzýany, şäherde Internet arabaglanyşygy çäklendirilendigi sebäpli Azatlyk bu aýdylanlary häzirlikçe öz habarçylaryna tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi. Bu barada ýerli häkimiýetlerden hem kommentariý almak başartmaýar.

Şeýle-de, häzir Baýramalynyň gaz we ýangyn howpsuzlygy işgärleri tarapyndan geçirilýän barlaglaryň bu partlama bilen arabaglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny hem anyklap bolmady.

Ýöne ýatlatsak, 2019-njy ýylyň iýulynda Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýynda bolan weýrançylykly gaz partlamasyndan soň, häkimiýetler ilata gaz gurallaryny ulanmakda seresaply bolmak we gaz edaralaryna wagtynda ýüz tutmak barada yzygiderli duýduryş işlerini geçiripdiler.

Türkmenistanda gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy, 2018-nji ýylyň güýzünde ilata mugt gaz bermek boýunça ýeňillikleriň doly ýatyrylmagyndan soň başlanypdy. Şondan bäri ýaşaýyş jaýlarda gazyň syzmagy we ilatyň gaz edarasyna köpçülikleýin ýüz tutmagy barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlary, partlamalary we beýleki pajygaly wakalary açyk agzaman gelýärler. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasy hem habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG