Özbegistan nobatdaky gezek öz graždanlarynyň dini bilimi nirede öwrenýändigi barada alada bildirdi. Ýurduň Müsürdäki we Türkiýedäki ilçihanalaryň işgärleri bu howatyrlanmany azaltmak üçin çäre görýärler.
MASLAHAT BILEN YZYNA ÇAGYRMAK
Özbek häkimiýetleri soňky aýlarda Müsüriň dini okuw jaýlarynda okaýan bir ýarym müň töweregi talyby yzyna çagyrdy.
Munuň sebäpleri entek belli däl, ýöne özbek häkimiýetleri diňe bir Müsürde we Türkiýede yslam dinini öwrenýän käbir raýatlary yzyna gaýtarmak bilen çäklenmän, daşary ýurtlarda din bilimini öwrenmek üçin ýurtdan çykmakçy bolýanlara-da gözegçiligi güýçlendirýär.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar bermegine görä, geçen aýda Özbegistanyň Müsürdäki ilçihanasynyň wekili telefon arkaly söhbetdeşlikde, abraýly Al-Azhar uniwersitetiniň indiden beýläk, Özbegistandan bolan talyplary diňe ýurduň Dini komiteti tarapyndan teklip edilenden soň, okuwa kabul etjekdigini tassyklady.
Ilçihananyň wekili Al-Azhar uniwersitetiniň administrasiýasynyň maglumatyna salgylanyp, Özbegistandan bolan ýüzlerçe okuwçynyň okuw sapaklaryna gatnaşmaýandygyny we ekzamen tabşyrmandygyny aýtdy.
Kaýirdäki Özbegistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgäri bu ýagdaýy "alada goýýan fakt" diýip atlandyrdy.
Azatlyk Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy (DHG) edarasyndan, şu mesele bilen baglanyşykly bir adam bilen söhbetdeş boldy.
Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürleşen çeşmäniň aýtmagyna görä, Müsürden soňky aýlarda takmynan 1500 özbek okuwçysy yzyna gaýdyp gelipdir. Olaryň köprägi Özbegistanyň Fergana, Andijan we Namangan sebitlerinden okuwa gidenler bolmaly. Bu sebit Merkezi Aziýanyň iň konserwatiw dini sebitlerinden biri hasaplanýar.
Özbegistanyň Müsürdäki ilçihanasy öz web sahypasynda, "graždanlaryň köpüsiniň" Kaýirdäki şübheli "edaralarda we merkezlerde" okaýandyklaryna alada bildirýändigini aýdýar.
Döwlet howpsuzlyk gullugyna ýakyn bir çeşmäniň aýtmagyna görä, talyplar köp halatlarda bir hepde dowam edýän wiza bilen Dubaýa uçupdyrlar we ol ýerden Müsüre gidipdirler.
Azatlyk şeýle hem, özbek talyplarynyň Türkiýede okaýan azyndan üç medresäniň ýakynda türk howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýapylandygyny mälim edipdi.
Mundan başga-da, Döwlet howpsuzlyk gullugy bilen baglanyşykly çeşme 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda, Özbegistanyň serhedinde 1800 töweregi kämillik ýaşyna ýetmedik okuwçylaryň dini mekdeplerde okamak üçin Müsüre gitmäge synanyşandygyny we olaryň ýolunyň saklanandygyny aýtdy.
TALYPLARY YZYNA ÇAGYRMAK ILKINJI GEZEK DÄL
Azatlygyň çeşmeleri ol ýaşlaryň hem-de Müsürdäki we Türkiýedäki köp sanly okuwçynyň dini bilim almak üçin, daşary ýurtlara ýörite iberilendigini aýtdylar. Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolanlar ol ýaşlary daşary ýurtlara okamaga ibermegi kimiň guraýandygyny anyk kesgitlemediler.
Mubaşşir Ahmad — Zon.uz. saýtyny esaslandyryjy. Ol 1990-njy ýyllarda Müsüriň al-Azhar medresesinde okapdy.
Ol özbek hökümetiniň häzirki hereketlerini halkyň bilim almak baradaky konstitusiýa hukugyna "gatyşmak" diýip hasaplaýar.
Ahmad Özbegistanyň graždanlaryna Müsüriň medreselerinde okamak işini guramaga ýardam beripdir. Onuň aýtmagyna görä, golaýdan bäri Özbegistanyň daşary işler ministrligi Müsürde okaýan ýüzlerçe özbek graždanlaryna “gözleg” yglan edipdir. Olaryň arasynda medreselerde talyplara sapak berýän mugallymlar hem bar.
Ahmadyň aýtmagyna görä, golaýda Ýakyn Gündogardan Özbegistana gaýdyp gelen onuň bir tanşyny dini mekdepler barada sorag edipdirler. Ahmadda bar bolan maglumata görä, watanyna gaýdyp gelen beýleki adamlar hem şeýle soraglara duçar bolupdyr.
Daşary ýurt mekdeplerinde okaýan ylahy okuwçylaryň Özbegistana yzyna çagyrylmagy ilkinji gezek däl.
1997-nji ýylda Özbek häkimiýetleri fundamentalist mezhepleriň agzalary tarapyndan “öz täsirine alynýandyklary” barada maglumat alnanynda, Türkiýeden 2000 töweregi okuwçyny yzyna gaýtardy.
Olardan käbirleri kürt asylly meşhur sünni musulman teology Seýit Nursynyň ýazgylaryny öwrenýärler diýildi. Ol talyplar watanyna gaýdyp gelenlerinden soň 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, Özbegistanda Nursynyň eserlerini ýaýratmak ýa-da öwretmek işleri üçin, tussag etmeler we yzarlanmalar boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.