Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri Owganystanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest geçirdiler


Türkmen aktiwistleri Stambulda protest geçirýärler. 18-nji iýul, 2021 ý.
Türkmen aktiwistleri Stambulda protest geçirýärler. 18-nji iýul, 2021 ý.

18-nji iýulda Owganystanyň Stambuldaky baş konsulhanasynyň öňünde protest geçiren owgan türkmenleri, türkmenistanly we türkiýeli aktiwistler geçen ýylyň oktiýabrynda Owganystanyň Mazari Şerif şäherinde gaçyrylan dokuz ýaşly Awdulraufyň boşadylmagyny talap etdiler.

Proteste ýygnanan 25-den gowrak adam Awdulraufyň okuwa barýan wagtynda näbelli söweşijiler tarapyndan ogurlanandan soňra, häkimiýetleriň zerur tagallany etmeýändigini aýdyp, dokuz ýaşly çaganyň ene-atasyna gowuşmagy üçin dünýä jemgyýetçiligini kömek etmäge çagyrdylar.

Şolaryň birisi owganystanly etniki türkmen Awdylla Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Awdulraufyň boşadylmagyny talap etmek üçin proteste goşulandygyny we onuň ene-atasyna gowuşmagy üçin kömege çagyrýandygyny nygtady.

“Biz Awdulraufjanyň öz ene-atasyna gowuşmagy üçin Owganystanyň konsunhanasynyň öňünde ýygnandyk. Owganystanyň hökümetinden, bütin türkmenlerden, türki garyndaşlarymyzdan owgan türkmenleriniň agyr ýagdaýdadygy üçin kömek etmeklerini soraýarys. Biz Awdulraufjanyň azat edilmegini talap edýäris”.

Owgan türkmenleri alnyp gaçylan dokuz ýaşly çaganyň tapylmagyny talap edýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:55 0:00

Owganystanyň Farýab welaýatyndan gelen Jepbar Türkmen bolsa, şeýle diýdi: “Biziň maksadymyz Awdulrauf inimiziň azat edilmegi. Ol 10 aý mundan öň gaçyrylypdy. Häzir onuň maşgalasyndan 2,5 million amerikan dollaryny talap edýärler. Munça pul owganystanyň bankalarynda hem ýok. Emma onuň atasy onça puly nireden tapsyn”.

Ýöne Balh welaýatyndan bolan Awdulmetin Çakyr welin, diňe Awdulrauf däl-de, onuň ýaly müňlerçe çagalaryň azat edilmegi üçin proteste gatnaşýandyklaryny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Biz diňe Awdulraufjan üçin gelmedik. Biziň Awdulrauf ýaly ogurlanan müňlerçe çagamyz bar. Owganystanyň içindäki agyr ýagdaýlar barha ýitileşýär. Biziň isleg-arzuwlarymyz diňe biriniň däl-de, ählisiniň azat edilmegi. Emma hemmesi köp geldi diýip birindenem geçmeris. Şonuň üçin-de, Awdulraufjanyň 10 aýlap çekýän jebir-sütemine iňňäniň ujy ýay kömegimiz degsede, şu çaganyň problemasynyň ýa türk mediasyna ýa bütin dünýä mediasyna ýetirilsin, iň azyndan ertesi gün dünýä ol çaganyň ölendigini we türkmenleriň perýadyny duýmandygyny aýtmasynlar” diýip, ol belleýär.

18-nji iýulda Stambulda geçen proteste “Owgan Türkmenleriniň bilim we ýardam etmek” jemgyýetiniň, oppozisiýadaky “Türkmenistanyň halk hereketi”, “Hukuk adalat” toparlarynyň, “ Türkiýäniň raýat toparlary bileleşiginiň” agzalary hem gatnaşdylar.

Waşingtondaky türkmenler Owganystanda alnyp gaçylan çagany tapmagy we boşatmagy talap etdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:47 0:00

Düýn Owganystanyň Stambuldaky baş konsulhanasynyň öňündäki protestde çykyş eden türkmenistanly aktiwistler dokuz ýaşly Awdulraufyň ogurlanmagyny berk ýazgardylar we ony bendilikden boşatmaga, çagalaryň hukuklaryny goramaga halkara jemgyýetçiligini çagyrdylar. Olaryň birisi şu ýylyň başlarynda

Türkmenistandaky sport ýaryşyndan soňra gazaply urlup-jenjilmegi netijesinde ýogalan, 7 synp okuwçysy Süleýman Tursunbaýewi hem ýatlady.

“Bu miting bütin dünýädäki türkmen doganlarymyzyň, çagalarymyzyň hak-hukuklaryny goramak üçin geçirilýär. Çagalar gülmeli, aglamaly däl. Çagalar maşgalada önüp-ösmeli, ýetim galmaly däl. Çagalaryň hem hak-hukuklary bar we Türkmenistanda ýogalan Süleýman doganymyzy hem hiç-haçan ýatdan çykarmarys” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aktiwist aýtdy.

Ýekşenbe güni Owganystanyň Stambuldaky baş konsulhanasynyň öňünde geçen protest bir sagada golay dowam etdi.

Geçen ýylyň oktiýabrynda näbelli söweşijiler dokuz ýaşly Awdulraufy Mazari Şerif şäherinde ogurlandan soňra, gahar-gazaba münen türkmenler we beýleki etnik azlyklaryň wekilleri bu wakany berk tankytlap, Owganystanda we ABŞ-da protestler geçirendigi barada Azatlyk Radiosy maglumat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG