Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda azyk gymmatlaýar, etiň bahasy soňky bir aýda 30% ýokarlandy. Zibil dörýän adamlar görnetin köpelýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň arasynda Mary welaýatynda et, ösümlik ýagy, ýumurtga we çörek ýaly harytlar barha gymmatlaýar. Etiň bahasy soňky bir aýda azyndan 30% ýokarlandy. Azygyň yzygiderli gymmatlamagy raýatlaryň, hususan-da aýlyk girdejisi bolmadyk maşgalalaryň güzeran eklenjini has-da ýaramazlaşdyrýar. Bu aralykda, käbir telekeçiler alyjylaryň azlygy sebäpli dükanlarynyň gapylaryna gulp urup, iş ýerlerini ýapýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, welaýatda hususyýetçilerdäki azyk önümleriniň bahasy günsaýyn diýen ýaly ýokarlanýar. Häzirki wagtda bazarlarda bir kilogram göle etiniň bahasy 100 manatdan bahalanýar. Mundan bir aý çemesi ozal onuň bahasy 75 manada barabardy.

Bellesek, etiň bir aýda 30% gymmatlamagy ýerli maldarlaryň şu ýyl ýurtda maldarçylygyň düýpli çökendigi baradaky maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi. Olar muňa sowuk gyş we gurakçylyk sebäpli owlak-guzularyň 80%-niň ölmeginiň, ot-iýmiň az bolmagynyň, hususy maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçilere "mal salgydynyň" salynmagynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Maryda etden başga-da ösümlik ýagy, ýumurtga we çörek ýaly harytlar hem yzygiderli gymmatlaýar. Häzirki wagt bir kilogram sogan 7 manatdan, bir litr arassalanmadyk pagta ýagy 60 manatdan we bir litr günebakar ýagy 65-75 manatdan bahalanýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, şu ýylyň martynda bir litr günebakar ýagy 35 manatdan we bir litr pagta ýagy 30 manatdan satylýardy.

Şeýle-de, çöregiň bahasy, unuň hiline we göwrümine görä, 6-15 manat aralygynda bahalanýar. Ýumurtga 2 manatdan, öý ýumurtgasy 2 manat 50 teňňeden satylýar. Bu bir ýumurtganyň bahasynyň, dollaryň resmi kursuna görä, tas 1 dollara, has takygy ortaça 70 sente barabardygyny aňladýar.

Habarçymyz azyk harytlarynyň günsaýyn gymmatlamagy bilen, ilatyň güzeran eklenjiniň hem barha kynlaşýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, günüň dowamynda öýlerinde gyzgyn nahar bişmeýän hojalyklar we zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar, şol sanda çagalar görnetin köpelýär.

"Etiň bahasy 100 manada çykdy. Ortaça 1240 manat aýlyk alýan we şol aýlyga ýaşaýan hojalyklaryň et satyn almak mümkinçiligi ýok. Hojalygynda döwlet işinde işlemeýän, hiç hili aýlyk girdejisi ýok maşgalalar kän. Olaryň güzeran eklenji has-da agyrlaşdy. Olaryň nahar bişirmek beýle-de dursun, çörek, çaý ýaly iň bir ýönekeý azyk zerurlyklaryny satyn almaga hem mümkinçilikleri ýok" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Meňli diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle maşgalalaryň çagalary jokrama yssy howada günlerini zir-zibilleri dörüp geçirýärler. Olar esasan-da dükanlaryň golaýyndaky zir-zibilleri dörüp, iýer ýaly azyk önümlerini we boklaşkalary, çüýşeleri gözleýärler.

Bellesek, Azatlyk ýurtda dört ýyl gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýraýan işsizligiň, döwlet dükanlarynda azyk gytçylygynyň arasynda, zir-zibil dörýän we öýlere aýlanyp sadaka soraýan raýatlaryň görnetin köpelýändigi barada yzygiderli habar berip gelýär.

Bu aralykda, habarçymyz şu günler hususy dükanlaryň ençeme tekjesiniň boş durandygyny görse bolýandygyny hem aýdýar. Muňa gün-günden gymmatlaýan azyk harytlarynyň alyjysynyň az bolmagy sebäp bolýar.

"Biziň lomaý bahadan alýan harytlarymyz hem gymmatlaýar. Biz peýda görmek üçin olaryň üstüne ýene goýmaly bolýarys. Bu harytlaryň nyrhyna ilatyň güýji ýetmeýär. Şol sebäpli olar öz wagtynda satylmaýar. Netijede, harytlar zaýalanýar we biz zyýana galýarys. Söwdanyň germi görnetin pese gaçdy. Şol sebäpli indi köp harytlary getirmeýäris. Köp telekeçiler dükanlaryny ýapyp, işlerini bes edýärler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Rejep diýlip tutulmagyny soran maryly telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk gymmatçylygy we gytçylygy, bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Şol bir wagtda, häkimiýetler ýurtda barha ýaramazlaşýan ýaşaýyş şertlerine nägilelik bildirýän raýatlary yzarlamagy, ýanamagy we tussag etmegi dowam etdirýärler. Bu barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar berip gelýärler.

Aşgabatdaky habarçymyz şuňa meňzeş wakalaryň biriniň geçen hepde Çoganlydaky "Altyn asyr" gündogar bazaryna barýan mikroawtobusda bolandygyny habar berdi.

Waka şaýat bolan habarçymyzyň sözlerine görä, mikroawtobusdaky türkmen we rus dillerinde gürleýän gartaşan türkmen aýal ýurtda "ýaşar ýaly bolmandygyny" aýdyp, köpçüligiň içinde gaty ses bilen şikaýat edip başlaýar.

Ol "ne ýurdy terk edip, ne-de azyk satyn alyp bolýandygyny" belläp, "hemme zadyň günsaýyn gymmatlaýandygyny, ýöne hiç kimiň bahalara gözegçilik etmeýändigini, alýan pensiýasyna esasy azyk önümlerini hem satyn alyp bolmaýandygyny" aýdýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, mikroawtobusdaky ýolagçylaryň hiç biri ony goldamaýar. Olar dymyp, gartaşan aýalyň nägileliklerini diňleýärler. Aradan bir salym wagt geçensoň, mikroawtobus ýoluň gyrasynda garaşyp duran bir ulagyň gapdalynda saklanýar. Ulagdan çykan adamlar gartaşan aýaly zor bilen mikroawtobusdan düşürýärler we saçyndan çekip ulaga mündirip, alyp gidýärler.

Habarçymyz munuň mikroawtobusdaky adamlaryň biriniň "degişli edaralara" jaň edip, habar berene çalym edýändigini we şol sebäpli ulagyň garaşyp durandygyny belleýär.

Ol şondan soňra mikroawtobusyň öz ugruny dowam etdirendigini we ýolagçylaryň ses-üýn çykarman, bazara çenli "buz" ýaly dymyşlyk içinde gidendigini hem aýtdy.

Azatlykda bu wakanyň anyk haýsy gün we sagatda bolandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň soňky mejlisinde "raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi" diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG