Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetiň 'kagyz' talaplary 'ýagdaýsyz' ýaşaýjylary kanun bozmaga itekleýär


Türkmenabat. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dokument tabşyran ýaşlar. Awgust, 2020.
Türkmenabat. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dokument tabşyran ýaşlar. Awgust, 2020.

"Studentler öz ene-atalaryna telefon edip, kepilnamany tiz wagtda 'düzetmegi' we şu hepdäniň içinde poçta arkaly ugratmagy soraýarlar" diýip, habarçy aýdýar.

Türkmen häkimiýetleriniň soňsuz kepilnama, güwänama talaplary ykdysady çökgünlük döwründe kyn ýagdaýda galan raýatlary, hususan-da çagalarynyň ýokary bilim alyp, hünärli adam bolmagy üçin jan çekýän ene-atalary barha kän kynçylyga salýar.

Ýurtda emele gelen saglyk aladalary bilen baglylykda, ozal esasan studentlere pul ibermekde ýüze çykan kynçylyklar indi saglyk kepilnamalary diýilýänleriň hasabyna hem köpeldiljege meňzeýär.

Azatlygyň habarçysynyň 16-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, Aşgabat şäherinde we beýleki welaýatlardaky ýokary okuw jaýlarynda başga ýerlerden gelip okaýan studentlerden öz saglyk ýagdaýlary hakynda kepilnama getirmek talap edilýär.

Bellemeli ýeri, ýaňy-ýakynda okuwa başlan we iki hepde çemesi karantin şertlerinde ýaşan studentler bu kepilnamalary öz gelen etraplarynyň saglyk edaralaryndan almaly we okaýan okuw jaýynyň degişli ýolbaşçylaryna gowşurmaly.

Okuw ýylynyň başlanyna iki hepde hem geçmänkä ýüze çykan täze talabyň nähili zerurlyk esasynda dörändigi düşündirilmeýär.

Käbir çaklamalara görä, bu çäre döwlet eýeçiligindäki transport kompaniýalarynyň müşderilerini köpeltmek synanyşygy bilen bagly we prezidentiň "Türkmenhowaýollarynyň" başlygyna berk käýinç we soňky duýduryş beren wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Emma Azatlyk bu aýdylýan başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassykladyp bilmedi.

"Studentler öz ene-atalaryna telefon edip, kepilnamany tiz wagtda 'düzetmegi' we şu hepdäniň içinde poçta arkaly ugratmagy soraýarlar" diýip, habarçy aýdýar.

Eger-de student yzyna, dogduk mekanyna gidip, saglyk kepilnamasyny alyp geljek bolsa, bu maşgala býujetine goşmaça çykdajy bolýar. Üstesine, häzirki hereket çäklendirmeleri wagtynda, bir topar okuw wagtyny ýitirmek bilen, ýola çykan student göze görünmeýän saglyk töwekgellikleri bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň biri aýtdy.

Ogly Aşgabatda okaýan 60 ýaşly enäniň tassyklamagyna görä, soralýan saglyk kepilnamasyny köp adam gizlinlik usulynda, 60-70 manada "düzedýär".

"Eger oglumyň özi gelse, uçar biletine 300 manat bermeli, sanepidstansiýadan güwänama almak üçin onuň kassasyna 100 manat tölemeli" diýip, ol bu meseläniň ykdysady tarapyny düşündirdi.

"Adamlar islese-islemese meseläniň azrak harajatly tarapyna seretmeli bolýar, sebäbi köp adamda artyk pul ýok, onda-da student ogluň ýa gyzyň bolsa" diýip, Radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de ol, "gizlin kepilnama düzeden" ene-atalaryň köplenç döwlet edarasy bolan poçta ynanman, studentiň okaýan ýerine gidýän ýolagçylary tapyp, olara 30-40 manat töläp, soralýan dokumenti elin ugradýandygyny gürrüň berdi.

"Azyndan 400-500 manat çykdajy etmeli halyňa, saglyk kepilnamasyny 100-110 manda düzetseň, bu işiň bikanun taraplary hakynda kän pikir edip hem durmaýarsyň. Adamlary şeýle bikanun işlere itekleýän döwlet pikir etmese, biz neme üçin pikir etmeli?" diýip, ol Azatlygyň habarçysynyň "bikanun iş etmekden gorkmaýarsyňyzmy?" diýip beren soragyna gaharly jogap berdi.

Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde "sanly ulgam", "sanly ykdysadyýet" aňlatmalary köp ulanylýar, emma raýatlaryň möhümini bitirmeli döwlet edaralaryndaky "kagyz", kepilnama, güwänama talaplary azalmaýar.

Şu aralykda, TDH-nyň 2-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, prezidentiň "pasport ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky" karary, zerur maglumatlar pasport arkaly tassyklanan halatynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegini aradan aýyrýar.

Ýöne bu düzgün Türkmenistanyň içerki pasportyna degişli we dürli ýagdaýlar, şol sanda soňky onýyllykda has çylşyrymlaşandygy aýdylýan syýasy-ykdysady kynçylyklar esasynda ýurt daşyna çykan türkmenistanlylar zerur bolan kepilnamalary, güwänamalary almakda, möhleti geçen daşary ýurt pasportlarynyň möhletlerini uzaltmakda, nika, dogluş şahadatnamalaryny almak bilen baglylykda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmen režiminiň tankytçylary bu kynçylyklaryň köpüsiniň bilkastdan, korrupsiýa maksatlary esasynda ýa-da daşary ýurtlardaky türkmen raýatlaryny garaşly, tabyn ýagdaýda, syýasatdan üzňe saklamak üçin döredilýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG