Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň şäherlerinde walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda walýuta söwdagärlerine garşy reýdler geçirilýär. Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda walýuta söwdagärleri tussag edildi diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýärler. Reýdleriň netijesinde 1 million dollardan gowrak pul we onlarça million manat ele salyndy. Ýekşenbe güni Türkmenabatda walýuta söwdagärleriniň öýlerinde barlag geçirildi.

Azatlygyň çeşmelerine görä, tutuş ýurt boýunça gara bazar walýuta söwdagärlerine garşy guralýan reýdler prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça alnyp barylýar.

“Kakasy (prezident Gurbanguly Berdimuhamedow) Serdary maliýe we ykdysadyýet meseleleri boýunça wise-premýer wezipesine belläninden soň, ol boşap galan gaznany pul bilen doldurmagyň ugruna çykdy. Onuň ýakyn töweregi walýuta sowdagärlerine garşy reýd geçirmegi maslahat berdi” diýip, Azatlygyň Aşgabat şäher häkimligine golaý bir çeşmesi gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, 26-29-njy iýul aralygynda diňe Aşgabadyň özünde walýuta söwdagärlerine garşy guralan reýdlerde 700 müň ABŞ dollaryndan gowrak pul serişdesi we 5 million manat ele salyndy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Aşgabatda geçirilen reýdlerden halas bolmagy başaran bir walýuta söwdagärine salgylanyp, tutup saklanan birnäçe walýuta söwdagärine garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berýär.

“Reýdler geçen duşenbe güni (26-njy iýul) şäheriň ähli bazarlarynda başlandy. Bize öňünden habar berleni gowy boldy, biz oglanlar bilen dessine bazardan gaýtdyk. Ýöne şol gün köp adam tussag edildi we olara garşy jenaýat işi açyldy” diýip, aşgabatly bir walýuta söwdagäri anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, walýuta söwdagärleri türkmen paýtagtynda diňe bir iri bazarlarda däl, eýsem, dükanlaryň we söwda merkezleriniň golaýynda hem işleýärler.

“Walýuta söwdagärleri dürli ýerlerde, bazarlarda, elektroniki enjamlar satylýan dükanlaryň hem-de azyk haryt dükanlarynyň golaýynda durýarlar. Polisiýa işgärleri bu ýerleri bilýär we öz paýyny alyp, bize degmeýär. Emma penşenbe güni (29-njy iýulda) bu nokatlarda hem reýd geçirildi” diýip, walýuta söwdagäri gürrüň berdi.

Aşgabatdaky resmi däl walýuta alyş-çalyş nokatlarynda geçirilen reýdler barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem habar berdi.

“29-njy iýulda Aşgabadyň polisiýasy bikanun walýuta nokatlarynda reýd geçirdi. Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Gunça” hyzmatlar öýünde, “Dünýä bazarda”, 11-nji etrapçada, 30-njy etrapçada, Çoganlyda we bikanun alyş-çalyş nokatlary bolan başga-da birnäçe ýerde walýuta söwdagärleri tussag edildi” diýip, neşir 1-nji awgustda habar berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň beýleki sebitlerinde hem walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirildi. Biziň Lebapdaky we Daşoguzdaky habarçylarymyz tutup saklanan walýuta söwdagärleri barada habar berýärler.

Lebaply habarçy Türkmenabatda bikanun walýuta alyş-çalyş nokatlarynda geçirilen reýdlerden soň, walýuta söwdagärleriniň öýlerinde barlag geçirilýändigini habar berýär.

“Diňe bir walýuta söwdagäriniň öýünden 30 müň dollar töweregi pul we 200 müňden gowrak manat ele geçirildi. Walýuta söwdagärleriniň öýünde şu gün (2-nji awgust) hem gözlegler dowam edýär. Olaryň köpüsine garşy jenaýat işi gozgaldy” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Habarçymyz Türkmenabatdaky bir polisiýa işgärine salgylanyp, ýerli “dollarçylardan” jemi 250 müň dollardan gowrak pul serişdesiniň we millionlarça manadyň ele salynandygyny habar berdi.

Daşoguzda geçirilen reýdler barada ýerli bir telekçi ýerli habarça gürrüň berdi.

“Daşoguzda “Baz bazarda”, “Bereket” bazarda reýdler geçirildi, ol ýerlerden walýutaçylar alnyp gidildi. Maňa aýdylmagyna görä, walýuta söwdagärlerinden jemi 100 müň dollara çenli pul we birnäçe million manat ele salyndy” diýip, Daşogzuň bazarlarynyň birinde bir hususy dükan eýesi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan 2016-njy ýylda walýutanyň resmi çalşygyny bes etdi we şondan soň gara bazar güýçlendi. 2-nji awgustda gara bazarda 1 dollar ortaça 34 manada deň boldy. Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýyldan bäri 1 dollaryň bahasyny 3,5 manatlygynda üýtgewsiz saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG