Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebap: gara bazarda dollaryň bahasy durnuksyz


Illýustrasiýa suraty.

Lebap sebitinde dollaryň bahasy geçen hepde 31 manada çenli aşaklan bolsa, 20-nji iýunda onuň satyn alyş bahasy 35 manat 50 teňňä çenli ýokarlandy. Bu bahalar Türkmenabatdaky we Farapdaky bahalardyr. Ýerli ýaşaýjylar dollaryň durnuksyz bahasy bilen bagly walýuta söwdagärlerini aýyplaýarlar. Bu aralykda hususy söwda nokatlarynda harytlaryň, şol sanda iýmit önümleriniň gymmatçylygy dowam edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ýekşenbe güni Lebabyň Farap etrabynda hereket edýän gara bazarda walýuta söwdagärleri bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda dawa-jenjel bolupdyr. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, adamlaryň arasynda dörän ýakalaşygy harbylar we polisiýa işgärleri basyp ýatyrdy.

Iýunyň başlaryndan bäri Lebapda dollar manat garşysynda hümmetini ýitirip başlady. Aprelde bir dollar 40 manatdan geçen bolsa, munuň yzýany walýuta aşaklap başlady, iýunyň başlarynda Lebabyň sebit merkezinde dollaryň satyn alyş bahasy 35 manat 60 teňňä çenli aşaklady. 14-nji iýunda ol 33 manat 80 teňňä düşdi. Geçen hepdäniň dowamynda 31 manat töwereklerine çenli arzanlady, ýöne ýekşenbe güni gaýtadan 35 manat 50 teňňä çenli göterildi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habar bermegine görä, Aşgabatda gara bazarda dollar 20-nji iýunda 32 manat 60 teňňeden satyn alynýar we 32 manat 80 teňňeden satylýar.

Bu bahalardan çen tutulsa, Aşgabat bilen Türkmenabadyň gara bazarlarynyň arasynda dollaryň satyn alyş bahasy boýunça 2-3 manat töweregi ara tapawut bar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede we Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň aý başynda Türkmenistana iberen pullary, manadyň sähel ýokarlanan hümmeti esasynda çalyşyldy.

Habarçynyň sözlerine görä, ençeme ýerli ýaşaýjylar Lebapda dollaryň bahasynyň ýene gymmatlamagy bilen bagly walýuta söwdagärlerini aýyplaýarlar.

Ýöne synçylara görä, türkmen hökümeti soňky ýyllarda ýurtda daşary ýurt walýutasynyň söwdasyny berk çäklendirmek bilen hem-de Merkezi bankda dollaryň bahasyny, ähli kynçylyklara garamazdan, tutanýerlilik bilen 3,5 manatlygynda üýtgewsiz saklamak bilen walýutanyň gara bazarynyň döremegine ýol açdy.

“Bu oýunlar harytlaryň aşa gymmat bahalary sebäpli gazaplanýan adamlaryň beter gaharyny getirýär” diýip, bir faraply ýaşaýjy dollaryň gara bazardaky durnuksyz bahasyny göz öňünde tutup, gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen hepde Farapda 1 litr ahal ýagy 68 manatdan bahalandy; zer atly bir litr günebakar ýagy hiline görä, 69-93 manat aralygynda satylýar. “1 kilogram gaplanan ýokary hilli un 23 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýokarlanýan bahalaryň öz maşgala býujetlerine asla gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, habarçy bilen gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylar ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýaňy-ýakynda paýtagtda “Aşgabat siti” atly täze proýekte badalga berilmegini sorag astyna alýarlar.

Bir aý töweregi mundan ozal, 25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda “Aşgabat-siti” atly täze gurluşyk taslamasyna badalga berildi. Taslama görä, Aşgabatda 744 gektarlyk meýdanda 240 täze desga gurmak meýilleşdirilýär. Resmi metbugat täze taslamany “şäher içinde şäher” atlandyrýar.

Hökümet mega proýektlere serişde sarp edip, ýurduň gülläp ösýändigini delillendirmäge synanyşýan wagtynda ýurt raýatlary özleriniň ujypsyz girdejilerine soragly çemeleşýär.

“10 dollar pensiýa, 25 dollar aýlyk” diýip, bir ýaşaýjy aýlyklaryň we pensiýalaryň möçberlerini gara bazaryň nyrhy boýunça umumylaşdyryp gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, iň pes zähmet haky 957 manat diýlip kesgitlenildi. Şeýle-de, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 372 manat möçberde kesgitlenildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen geçen hepde gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýurtda ortaça aýlygyň 1250 manat töwereklerindedigini çaklaýarlar.

Ýurtda resmi derejede yglan edilen iň pes aýlygyň möçberi dollaryň resmi kursy boýunça 273 dollara, gara bazaryň nyrhy boýunça tas 25-27 dollara barabar bolýar.

Galyberse-de, geçen hepde 1 halta – 50 kilogram bugdaýyň bahasy Lebap sebitinde birden 600 manada çykdy. Ýurtdaky iň pes aýlyk bilen Lebapda 1,5 halta bugdaý ýa-da 40 kilogram töwereklerinde ýokary hilli un satyn almak mümkin.

Resmi metbugat, ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň arasynda Aşgabatda geçen aý badalga berilen “şäher içinde şäher” taslamasynyň Aşgabady “döwrebap megapolise” öwürjekdigini aýdýar.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentler walýuta çäklendirmeleri sebäpli özleriniň türkmen banklaryndan alan bank kartlaryndan aýda 25 dollar pul nagtlaşdyryp bilýärler.

Resmi metbugat ýurt raýatlarynyň içeride we daşarda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada asla habar bermeýär, ýöne paýtagtda bat berilýän mega proýektler barada welin, habar berýär we şeýle habarlar bilen ýurtda “bagtyýarlyk hem-de berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini delillendirmäge çalyşýar.

Ýöne “dünýäni aldap bolmaýar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we ykdysady kynçylyklary nygtady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG