Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda polisiýa duýdansyz reýd geçirip, maskasyzlary 'awlaýar'


"Polisiýa jerimäniň tölenendigi barada resmi kwitansiýa bermedi"

Türkmenistanda COVID-19-yň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri, keseliň ýaýramagyna garşy pugtalandyrylan ätiýaçlyk çäreleriniň arasynda, maska geýmek režimine gözegçiligi güýçlendirdi. Geçen hepde polisiýa işgärleri Aşgabadyň “Teke bazaryna” duýdansyz reýd geçirip, maskasy bolmadyk, şeýle-de polisiýanyň pikiriçe maskany “talaba laýyk dakmadyk” raýatlara pul jerimesini töletdiler.

Azatlygyň howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň tutulmagyny islemedik çeşmesi, reýdleriň Içeri işler ministrligiň ýörite buýrugy esasynda, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň gözegçilik batolýonynyň işgärleri tarapyndan geçirilýändigini mälim etdi.

“27-nji iýulda raýat eşigindäki polisiýa işgärleri ‘Teke bazaryna’ kürsäp girdiler we maskasy bolmadyk ýa-da olaryň pikiriçe gorag örtügini talaba laýyk dakynmadyk raýatlary saklap, bazaryň golaýyndaky polisiýa edarasyna äkitdiler we şol ýeriň özünde 21 manat jerime töletdiler” diýip, bu wakalary başdan geçiren paýtagtlylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatlynyň sözlerine görä, polisiýa jerimäniň tölenendigi barada hiç hili resmi kwitansiýa bermän, onuň deregine diňe “puly töledi” diýen ýazgyly kagyz bölegini bermek bilen çäklenipdir.

“Gözegçilik batalýon serkerdesi polisiýa edarasynyň howlusynyň derwezesiniň öňünde maskasyz, ala-beder eşikli kölegede oturan ýerinden, adamlaryň jerimäni töläp-tölemändigine gözegçilik edýärdi. Ol adamlaryň üstüne azgyrylyp, şol ‘puly töledi’ diýlen kagyzyň görkezilmegini talap edýärdi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.

Ol polisiýa ofiseri bilen ikiçäk söhbetde, bu pul jerimesiniň onsuz hem maliýe we azyk çökgünligi sebäpli ejir çekýän ilata goşmaça azapdygyny düşündirmäge synanyşanda, kanun goraýjy edaranyň işgäri özleriniň hem bu talaplardan “bizardygyny”, emma ýolbaşçylaryň buýrugyna boýun bolmakdan “başga alaçlarynyň ýokdugyny” aýdypdyr.

Azatlyk Radiosy ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň gözegçilik batolýonyndan we beýleki degişli bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Ýatlatsak, Azatlyk mundan öň hem Içeri işler ministrligiň buýrugy esasynda polisiýa işgärlerine maskasyz adamlary saklap, olara jerime töletdirmek boýunça ýörite gündelik plan-tabşyrygynyň berilýändigi, soralýan puly toplap bilmedik ofiserlere, onuň öwezini öz hasaplaryna töletdirilýändigi barada maglumat beripdi.

Türkmenistan koronawirusyň geçen ýylyň martynda global pandemiýa diýlip yglan edilmeginden bäri, hatda onuň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň dünýäniň köp ýurtlarynda howatyrlanmalary artdyrýan döwründe-de, ýurduň çäginde bu ölüm howply ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi ýüze çykarylmandygyny öňe sürüp gelýär. Ýöne häkimiýetler keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini güýçlendirýärler.

Şol bir wagtda, Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriniň habarçylary ýurtda COVID-19-a ýolugýanlaryň-da, ondan ölýänleriňde köpdügini tassyklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG