Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hereket çäklendirmeleri azyklaryň gytalmagyna we gymmatlamagyna getirýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirusa garşy girizilen hereket çäklendirmeleri, adatça, ýurduň beýleki künjeklerinden getirilýän azyk, şol sanda bakja önümlerine belli bir derejede garaşly bolan sebitlerde onsuz hem telim esse gymmatlan iýmit önümleriniň bahalarynyň artmagyna sebäp bolýar. Beýleki tarapdan, gök-bakja ekinlerini ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar hem, harytlaryny wagtynda ýerläp bilmän, uly zyýana galýandyklaryny aýdýarlar. Bu aralykda pandemiýanyň, çäklendirmeleriň ilata ýetirýän ýaramaz täsirlerine garşy ýeterlik tagalla etmeýändigi sebäpli tankytlanýan türkmen hökümeti, geçen dynç günleriniň dowamynda welaýatlaryň arasynda bikanun gatnaýan hususy sürüjileri ele salmak boýunça ýörite reýd geçirdi.

“Geçen tomuslarda Marydan Lebaba pomidor, kädi, gawun, garpyz ýaly möwsümleýin bakja önümleri getirilerdi. Emma [çäklendirmeler sebäpli] bu ýyl maryly telekeçileriň öz harytlaryny aşyryp bilmeýändigi sebäpli, soňky bir aýyň içinde Türkmenabadyň bazarlarynda ir-iýmişleriň bahasy tas üç ýokarlandy. Hereket çäklendirilmelerinden ozal pomidoryň 1 kg bahasy 1,60 manat bolan bolsa, häzir ol 5 manada ýetdi. Bu ýurduň beýleki sebitlerinden getirilýän harytlaryň bahalarynyň artmagyna hem getirdi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatlylaryň biri 2-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol munuň öňünden gaçyp gyş üçin azyk taýýarlamaga, gök ýapmaga çalyşýan maşgalalary hem kyn ýagdaýa salýandygyny sözüne goşdy.

Ýatlatsak, ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almaýan türkmen häkimiýetleri şu ýylyň aprel aýynda ýeňilleşdirilen hereket çäklendirmelerini mundan iki aý gowrak öň gaýtadan güýçlendirip başladylar. Bu çäklendirmeler Lebapda we ýurduň käbir beýleki sebitlerinde koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýändigi baradaky habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, ýerli söwdegärleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz, käbir telekeçileriň aýlaw ýollary arkaly ýa-da ýolda polisiýa işgärlerine para berip gyt harytlary Lebabyň bazarlaryna aşyrýandyklaryny hem gürrüň berdi.

“Käbir telekeçiler beýleki sebitlerden, şol sanda Aşgabatdan hem azyk, iýmit önümlerini gatnadýarlar. Ýeňil ulaglar gumuň içi bilen aýlaw ýollaryndan ýöreseler, has göwrümli ulaglar ýolda polisiýa işgärlerine para berip aşýarlar. Mysal üçin, Daşoguz aralygynda üç post bar, şolaryň her birine 300 manat para bermeli” diýip, adynyň efirde üýtedilip Jora diýlip tutulmagyny soran türkmenabatly söwdegärleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ol sürüjileriň ýoldaky çykarýan parasynyň öwezini dolmak üçin harytlaryň üstüne ýene-de goşmaça nyrh goşýandyklaryny belledi.

“Elbetde, sürüjiler çeken zyýanynyň öwezini goşmaça nyrhlaryň üsti bilen dolmaga synanyşýarlar. Aýdylşyna görä, Aşgabatdan Lebaba aşmak üçin sürüjiler ýolda 5 müň – 6 müň manat aralygynda para çykarmaly bolýarlar. Olar harytlarynyň üstüne azydan ýene-de 10% nyrh goşup satýarlar” diýip, Jora sözüne goşdy.

Bellesek, geçen ýylyň mart aýynda global pandemiýanyň arasynda, ýurtda girizilen hereket çäklendirmeleriniň çäginde welaýatara hususy awtoulag gatnawlaryna gözegçilik güýçlendirildi. Munuň çäginde sebitara ýolagçy gatnadyp, kireý edýän hususy eýeçilikdäki - resminamasyz - taksi sürüjileriniň işine hem gözegçilikler berkedi.

Habarçymyz geçen şenbe we ýekşenbe günleriniň dowamynda polisiýanyň Lebapdan Mara çölüň içi bilen gatnaýan hususy awtoulaglary ele salmak üçin ýörite reýd geçirendigini, munuň netijesinde içi ýolagçyly birnäçe awtoulagyň saklanyp, sürüjilere 3 müň manat möçberinde jerime salnandygyny belledi.

Ol çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi we töwekgelçiligiň artmagy sebäpli, çölüň içi bilen adam gatnadýan hususy taksileriň nyrhlarynyň hem telim esse ýokarlanandygyny, mysal üçin häzir Daşoguza aşmak isleýän her raýatdan 1000 manat soralýandygyny hem sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýärler. Ýöne häkimiýetler keseliň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini, şol sanda hereket çäklendirmelerini, maska geýmek we köpçülikde iki metr aralygy saklamak düzgünlerini güýçlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG