Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda walýuta söwdagärlerine garşy geçirilen reýdlerde ýüzlerçe müň dollar ele salyndy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

2-nji awgustda Azatlyk Radiosy ýurt boýunça, şol sanda Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy alyp barýan kampaniýalary barada habar berdi. Şeýle reýdler Mary şäherinde-de geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary şäherinde ýedi töweregi adamyň gara bazarda bikanun walýuta söwdasy bilen meşgullanmakda aýyplanyp, 8-nji iýulda 15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edilendigini habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, geçen aý hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri resmi däl walýuta alyş-çalyş nokatlary ýerleşýän ýerlerde, şol sanda, şäheriň otly menzilinde, “Merw” bazarynda, “Gök bazarda” hem-de “Lälezar” bazarynda reýd geçirdi hem-de 30-dan gowrak adamy tussag etdi.

Tutup saklanan adamlar şäher polisiýasyna äkidilip, hukuk goraýjylar tarapyndan soraga çekilipdir.

Bir kanun goraýjy çeşmäniň sözlerine görä, Maryda walýuta söwdagärlerine garşy geçirilen operasiýalar Milli howpsuzlyk gullugynyň Aşgabatdan iberilen ýörite işgärleri tarapyndan gizlin amala aşyrylypdyr.

Hukuk goraýjylar tarapyndan soraga çekilýän adamlaryň aglabasy özleriniň kimdir biriniň pullarynyň söwdasy bilen meşgul bolýandyklaryny aýdýarlar. Çeşmäniň sözlerine görä, bu ýagdaýy boýun alan walýuta söwdagärleri boşadylýar we olardan bu ýagdaý boýunça dilhaty alynýar.

Çeşme köp mukdarda daşary ýurt walýutasyna eýe bolan walýuta söwdagärleriniň 15 gün möhlet bilen wagtlaýyn tussag edilendiklerini, olaryň 23-nji iýulda boşadylandygyny habar berdi.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, şäherde bikanun walýuta söwdasyna garşy geçirilen kampaniýalarda 700 müňden köp ABŞ dollary ele salynypdyr. Çeşme ele salnan manadyň möçberini bilmeýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, walýuta söwdagärleriniň wagtlaýyn tussaglyk döwründe, iki hepdäniň dowamynda olaryň yzyndan hossarlarynyň baryp görmegine, azyk geçirilmegine rugsat berilmändir.

“MHM işgärleri şol tussaglaryň yzyndan kim gelip gitse, olar barada MHM edarasyna habar berilmegini tabşyrypdyrlar” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Wagtlaýyn tussaglykdan boşan walýuta söwdagärleriniň sözlerine görä, olar tussaglykdan boşamak üçin MHM işgärlerine 150-200 müň dollar möçberinde pul berendiklerini aýdýarlar.

Ýogsa-da, özlerine MHM işgärleriniň uzak möhletli türme tussaglygy bilen hem-de ellerindäki dollarlarynyň ählisini hökümete geçirmek bilen haýbat atandyklaryny aýdýarlar.

Bu haýbatlardan soň, walýuta söwdagärleri özlerinden näçe para soralsa bermäge razy bolandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy duşenbe güni Aşgabatda, Türkmenabatda we Daşoguzda walýuta söwdagärlerine garşy geçirilen reýdler barada habar berdi.

Azatlygyň çeşmelerine görä, tutuş ýurt boýunça gara bazar walýuta söwdagärlerine garşy guralýan reýdler prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça alnyp barylýar.

26-29-njy iýul aralygynda Aşgabatda gara bazarda geçirilen reýdlerde 700 müňden gowrak ABŞ dollary we 5 million manat ele salyndy.

Soňky bir hepdäniň dowamynda geçirilen reýdlerde ýurt boýunça 1 milliondan gowrak ABŞ dollary we onlarça million manat ele salyndy. Maryda ele salnan dollarlar goşulanda ele geçirilen daşary ýurt walýutasynyň umumy mukdary, şu wagta çenli mälim bolan maglumatlara görä, 1 million 700 müň dollardan aşýar.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň resmi alyş-çalyş amallarynyň gadagan edilmegi bilen ýurtda walýutanyň gara bazary pajarlap başlady. Ýurtda walýutanyň goşa bahasy hereket edýär we gara bazaryň bahasy resmi kursdan dokuz-on esse ýokarydyr.

Türkmenistanyň Merkezi Banky bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG