Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystany maslahat edýär. Owgan hökümeti "Talybana" garşy howa zarbalaryny urýar


Owgan howpsuzlyk we ýarym-resmi harby güýçleri

“Talyban” hökümet güýçlerine garşy söweşip, öz çägini giňeltmegi dowam etdirýän mahaly, 6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşýar.

Bu duşuşyk owgan hökümetiniň, Norwegiýanyň hem-de Estoniýanyň haýyşy boýunça geçirilýär. Howpsuzlyk Geňeşi iýun aýyndan bäri ilkinji gezek bu temany ara alyp maslahatlaşýar.

Birleşen Ştatlary we beýleki ýurtlar öz harby güýçlerini maý aýynda Owganystandan çekip başlaly bäri, ýurt boýunça söweşler ep-esli möwjedi. ABŞ-nyň Owganystandan goşun çekmek işlerini şu aýyň aýagyna çenli tamamlamagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda “Talyban” jeňçileri ýurduň uly bölegine gözegçilik edýär we iri şäherleriň içinde we töwereginde, şol sanda Hyratda, Laşkar Gahda we Gandagarda owgan güýçlerine garşy söweş alyp barýar.

Üç “Talyban” komandiriniň “Reuters” habar agentligine gürrüň bermegine görä, jeňçiler indi ozal oba ýerlerini basyp almaga gönükdirilen strategiýalaryny üýtgedip, şäherleri ele geçirmäge üns berýärler.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Bikantow 4-nji awgustda Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda “Talybanyň” iri şäherleri, şol sanda Kabuly ele geçirmäge we öz gözegçiliginde saklamaga mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.

“Olaryň hüjümleri gowşaýar” diýip, Bikantow aýtdy, ýöne ýurduň howpsuzlyk şertleriniň “ýaramazlaşýandygyny” sözüne goşdy.

Bu aralykda, 5-nji awgustda Owganystanyň harby howa güýçleri ýurduň günortasynda “Talybanyň” nyşanalaryna garşy zarbalary urdy.

Goranmak ministrligi howa zarbalarynyň ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda günortadaky Helman welaýatynda hem amala aşyrylandygyny aýtdy. Bu sebitde hökümet güýçleri jeňçiler bilen welaýatyň paýtagty ugrunda söweşýärler.

“Talybanyň” komandirleriniň Reuters gullugyna aýtmagyna görä, jeňçiler häzir Gandagaryň we Heratyň aeroportlaryny ele geçirmek boýunça tagalla edýärler. Şol bir wagtda, “Talyban” ýakynda beýleki şäherlere hem hüjüme geçip biljekdigini duýdurdy.

Laşkar Gah şäheriniň ýaşaýjylary “Talybanyň” gözegçiligindäki hökümetiň radio we telewideniýe stansiýasynyň golaýynda agyr ýaraglaryň, şol sanda partladyjylaryň sesleriniň gelýändigini aýdýarlar. Şäheriň 10 etrabynyň dokuzsy jeňçileriň eline geçdi.

Hökümet harbylary Laşkar Gaha kontr-hüjüme geçmezden ozal, şäheriň 200 müň ilatyny sebiti terk etmäge çagyrdylar. Emma şäherden gaýdýan ýollaryň nä derejede howpsuzdygy doly aýdyň däl.

Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” welaýat paýtagty Sar-e Polyň esli bölegini öz gol astyna geçirdi. Bu barada welaýat geňeşiniň lideri Mohammed Noor Rahmani maglumat berdi.

Ýurduň günbataryndaky, Eýran bilen serhede ýakyn Herat şäheriniň töwereklerinde, şeýle-de günortadaky Gandagar şäherinde hem gazaply çaknyşyklar dowam etdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG