Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda waksina etdirmediklere jerime salynýar, pensionerleriň pensiýalary tölenmeýär


"Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
"Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda koronawirusa garşy waksina etdirmekden ýüz öwren raýatlara pul jerimesi salnyp, waksinanyň bahasy töledilýär. Waksina etdirmedik pensionerleriň pensiýa haklary berilmeýär. Şol bir wagtda, Aşgabat şäheriniň bir Saglyk öýünde waksinanyň ýokdugy sebäpli raýatlaryň sanjym etdirmek talaby ret edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapdan we paýtagtdan maglumat berýärler.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, geçen aýlarda welaýatyň Saglyk öýlerinde 75 ýaşdan ýokary raýatlara, degişlilikde ýaş nobatlary esasynda, ýokardan aşaklygyna waksina edilip başlandy.

Şondan bäri dürli sebäplere görä, şol sanda waksinanyň ýaramaz täsirlerinden alada edip, nobaty ýeten ýüzlerçe raýat sanjym etdirmekden ýüz öwürip gelýär.

Häzirki wagtda Lebabyň häkimiýetleri bu raýatlara "temmi bermek" çärelerini güýçlendirdiler. Bu çäreler barada lebaply býujet işgärleriniň we pensionerleriň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu çäreleriň çäginde edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary waksina etdirmekden ýüz öwren býujet işgärleriniň işinden kowuljakdygyny duýdurýarlar. Olar bu barada Lebap welaýat häkimliginiň dilden ýörite tabşyryk berendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, Saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary waksina etdirmekden boýun gaçyran raýatlaryň sanawyny Lebap welaýat Polisiýa müdirligine geçirýärler. Bu sanaw esasynda waksina nobaty ýetende ony etdirmekden ýüz öwren lebaplylara 113 manat pul jerimesi salynýar.

"Bu raýatlar waksinanyň doly tölegini töläp, sanjym etdirmäge hem mejbur edilýär. Saglyk işgärleri waksinanyň doly bahasynyň 300 manada barabardygyny aýdýarlar. Ýöne olar raýatlara kwitansiýa bermeýärler" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, waksina etdirmedik raýatlaryň sanawynyň polisiýa geçiriljekdigi we olara pul jerimesiniň tölediljekdigi barada öňünden hiç hili duýduryş edilmändir.

"Waksina etdirmedik raýatlaryň sany gaty köp. Häzir bu raýatlara jerime salnyp, döwlete uly girdeji gelýär" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Galyberse-de, nobaty ýetende waksina etdirmekden ýüz öwren pensionerlere hem pul jerimesi salnyp, waksinanyň bahasy töledilýär we şondan soň olara waksina edilýär. Mundan ýüz öwren pensionerleriň pensiýa haklary tölenmeýär.

"Men nobatym ýetende waksinanyň ýaramaz täsirlerinden alada edip, ony etdirmedim. Häzir pensiýamy almak üçin 113 manat jerime we 300 manat waksina bahasyny töläp, sanjym etdirmeli boldum" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Joranazar aga diýlip tutulmagyny soran faraply ýaşaýjy aýtdy.

Geçen aýyň başynda Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi, şeýlelik bilen dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi.

Bu karar, ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýän, şeýle-de, ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleriniň bu wirusa garşy ätiýaçlyk çärelerini günsaýyn güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.

Bu aralykda, Lebapda waksina etdirmedik raýatlara garşy görülýän çäreler güýçlendirilen mahaly, Aşgabat şäheriniň bir Saglyk öýünde waksinanyň ýokdugy sebäpli ilatyň sanjym etdirmek talaby ret edilýär.

Paýtagtdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky 10 gün bäri 9-njy Saglyk öýüne sanjym etdirmäge barýan dürli ýaşdaky raýatlara waksinanyň ýokdugy aýdylýar.

"Öň bu ýerde waksinanyň ýetmezçiligi bilen bagly problema bolmandy. Arakesmesiz waksina edilýärdi" diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden we paýtagtň 9-njy Saglyk öýünden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Ýanwar aýynda Türkmenistanda birbada Russiýada öndürilen iki waksina hasaba alyndy we sanjym ediljek raýatlaryň sanawlaryny düzmek prosesi başlandy. Sanawlara döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda lukmanlar, polisiýa işgärleri we saglyk ýagdaýy sebäpli töwekgelçilik toparyna degişli raýatlar girdi. Bu raýatlara fewral aýynda waksina edilip başlandy.

7-nji iýulda bolsa, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi COVID-19 keseline garşy waksinanyň 18 ýaşdan uly ähli raýatlar üçin hökmanydygyny yglan etdi. Bu karardan soň ýurtda ilata waksina etmek işleri has-da güýçlendirildi.

Ýurtda waksinasiýa rus sanjymy bilen başlandy, emma tiz wagtdan ilatyň aglaba bölegine hytaý waksinalary edildi. Şonda hytaý waksinasynyň ýurtda hasaba alnandygy barada resmi taýdan habar berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG