Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözegçilik güýçlendi, aldygyna sanjym edilýär, hökümet COVID-19-a garşy durmak üçin $20 mln karz alýar


 Türkmen lukmany näsag bilen gürleşýär. Arhiw suraty
Türkmen lukmany näsag bilen gürleşýär. Arhiw suraty

Türkmenistan Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy alyp barýan çärelerini güýçlendirmek üçin $20 million möçberinde karz pul alýar. Bu habar sanjym, waksina işleriniň has güýçlendirilen wagtyna gabat geldi. Emma hökümet COVID-19 ýokuşan ýa ondan ölen adamlar barada hiç bir maglumat bermeýär.

Türkmenistana Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy göreş üçin 20 million ABŞ dollarynyň karz berilýändigi 9-njy iýulda mälim boldy, emma resmi Aşgabat ony diňe 16-njy iýulda geçirilen hökümet mejlisindeyglan etdi.

Bu habar paýtagt Aşgabatda we sebitlerde sanjym çäreleriniň öňkülerine garanda has güýçlendirilen wagtyna gabat geldi. Şol bir wagtda Türkmenistan, koronawirusdan ölýänleriň köpdügi baradaky resmi bolmadyk maglumatlara garamazdan, ýurtda COVID-19 näsaglarynyň bardygyny resmi taýdan tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Wise-premýer, golaýda ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna gözegçilik edip başlan Serdar Berdimuhamedow mejlisde Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz almak ylalaşygyna gelnendigini aýtdy.

Halkara Dikeldiş we ösüş bankynyň geçirjek maliýe goldawy ýurtda global keselçiligiň öňüni almak üçin alnyp barylýan göreşi güýçlendirmäge kömek eder diýip, “Türkmenportal” neşiri ýazýar.

Şeýle-de, Bütindünýä bankynyň pandemiýa garşy durmak boýunça milli planda bellenen derwaýys çäreleri durmuşa geçirmäge, şol sanda ilaty töwekgelçiliklerden habardar etmek, test barlaglaryny geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek, ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy durmak boýunça utgaşdyryş işlerine kömek etjekdigi aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi we ýene bir gezek döwletiň “COVID-19-a garşy durmak, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak” üçin ähli çäräni görjekdigini nygtady.

Karz alnan serişdeler koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdiriler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň 16-njy iýulda beren maglumatlaryna görä, türkmen paýgatynda häzir aldygyna sanjym edilýär.

“Düýn ýyl boýunça alnanda eýýäm 2001 adam sanjym edildi. Kabul edişligi sagat 20-ä çenli uzaltdylar, ozal beýle zat ýokdy, sanjymlar günortana çenli tamam bolýardy, indi günüň dowamynda birnäçe gezek geçirýärler” diýip, habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Ýene bir habarçymyz bolsa, paýtagtdaky polikliniklarda 18 ýaşanlardan başlap, hemme adama sanjym etmäge başlandyklaryny, ilatyň sanjym etdirmek üçin “işjeň gelýändigini” habar berdi.

Düýn giçlik gowşan maglumata görä, 15-nji iýulda, ir sagat 10-da Türkmenabada Kazandaky türkmenistanlylary alyp gelen uçar gondy, ol adamlary diňe şu gün sagat 10-da ýerleşdiridler, olary şoňa çenli daşarda saklap, analiz aldylar diýip, Azatlygyň ýene bir habarçysy habar berdi. Ol Kazandan gelen adamlaryň bilet üçin 6 müň manatdan pul töländiklerini, bu geçen wagtyň içinde olaryň naharlamandyklaryny, ýolagçylaryň ählisiniň haldan gaçandygyny gürrüň berdi.

Şu aralykda habarçylarymyz maska geýmek düzgüniniň has güýçlendirilendigini, wirus hadysalaryna çalymdaş näsaglaryň görnetin köpelýändigini habar berýärler.

Edaralaryň ählisinde arassaçylyk gözegçiligi güýçlendirildi, edaralaryň girelgeleriniň agzynda eliňi ýörite jisim bilen tämizlemeli, aýakgaplaryňy hlorlanan “trýapka” süpürmeli edildi diýip, habarçylar aýdýar.

Şeýle-de, ýolagçy awtobuslaryndaky adam sany köp bolsa, olaryň ýarysyny düşürip başladylar, polisiýa ýollarda awtobuslary saklap, 2 oturgyçda 1 adam oturtmaly diýip, berk talap goýýar; bu talap ähli awtobusa degişli, eger adam köp bolsa, hususy ulaglardaky adamlaram, döwlet ulagyndaky ýolagçylaram ýarpy düşürilýär.

Polisiýa işgärleriniň toparlary bazarlaryň duralgasynda durup, awtobuslara berk gözegçilik edýärler, bazara gelen ýolagçylar maskasyz bolsa, dessine “gözegçilik edilýän awtobusa mündirýärler” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Mundan başga, Farap etrabynda COVID-19 ýokuşanlaryň “görnetin” köpelýändigi habar berilýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýagdaý Farapdaky gümrükhanada ýerleşýän karantin zonasynda daşary ýurtdan gelen sportsmenleriň köpüsiniň wirus näsagy bolup çykmagy bilen bagly.

Azatlyk radiosy häzirlikçe bu sportsmenleriň sany, haýsy ýurtdan we haçan gelendigi baradaky maglumatlary anyklap bilmedi.

Şu aralykda, ýokanç kesele garşy durmak tagallalarynyň birden aşa güýçlendirilmegi bilen, ýetip gelýän Gurbanlygyň hem berk çäklendirmeler astynda geçjekdigi belli boldy, metjitler ýapyldy.

Obalarda ýaşulular hiç kimiň sadaka bermeli däldigini, köp adam bolup üýşmeli däldigini her hojalyga diýen ýaly habar berdiler, 18 ýaşdan 60 ýaşa çenli aralykda hemme raýata sanjym edilýär, hatda sanjym oba ýerlerinde hem güýçlendirildi diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçylary wirus ýokuşmalarynyň 1-nji we 2-nji tolkunlary döwründe munuň ýaly berk polisiýa gözegçiliginiň bolmandygyny, häzir hukuk goraýjy işgärleriň her çatrykda diýen ýaly gözegçilikde durandygyny, maskasyz raýat görseler, derrew saklap, awtobusa mündirip, polisiýa bölümine alyp gidýändiklerini habar berýärler.

2-nji saglyk öýüniň öňünde saglyk barlagyndan geçýän talyplar şu gün has köp boldy, olaryň arasynda 2 metr aralyk hem saklanmady, lukman çykyp, olaryň ýarysyny kowdy diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, sebitleriň arasyndaky gatnaw gözegçiligi has güýçlendirildi, diňe test barlagyndan geçen adamlar beýleki sebite goýberilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG