Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda keselleýänler köpelýär, lukmanlar hassahanalaryň karantine ýapylmak ähtimallygyny duýdurýar


Illýustrasiýa suraty

Maryda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler görnetin köpelýär. Lukmanlar adamlaryň analiz netijeleriniň COVID-19-yň delta görnüşini görkezýändigini aýdyp, keselçiligiň gerimi häzirkisi ýaly dowam etse, onda welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň karantine ýapylmagynyň gaty ähtimaldygyny duýdurýarlar. Şol bir wagtda, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri wirusa garşy howadan we ýerden dezinfeksiýa işlerini alyp barýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şu günler Mary şäherinde we Mary, Sakarçäge, Murgap, Ýolöten etraplarynda wirusyň gerimi möwjeýär.

Wirusa garşy waksina etmek işleri güýçli depginde alnyp barylsa-da, koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänler görnetin köpelýär.

"Test tabşyrýan adamlaryň köpüsiniň analizleri pozitiw netije berýär. Bu analizler COVID-19-yň delta görnüşini görkezýär. Mary şäherindäki ýokanç keseller hassahanasyna günde onlarça näsag getirilýär. Ýagdaý şeýle dowam etse welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň karantine ýapylmagy gaty ähtimal" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şu günler Mary etrabynda keselleýänleriň görnetin köpelmegi bilen, dermanhanalarda uly nobatlaryň emele gelendigini hem habar berýär.

"Dermanlar gymmat. Ýöne keselleýän adamlar köp bolany sebäpli ilat bialaç bu dermanlary satyn alýar" diýip, efirde adynyň Jeren diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz derman satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň hem köpdügini aýdyp, olaryň öýlerinde bejergi alyp, tebiplere ýüz tutýandygyny belleýär.

"Lukmanlar hem puluň bolmasa seretmeýärler. Diňe puly we tanyşy bar adamlar hassahanada bejergi alyp bilýär. Hatda sanjym etdirmek üçin şepagat uýalaryna hem para bermeli bolýar. Şol sebäpli köp adam öýlerinde unaş içip, ýüzärlik tütedip, sazagyň köküni içip, keselden açylmaga synanyşýar, ýöne peýda tapmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy Jeren aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri, tas bir ýarym ýyla golaý wagt bäri ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny öňe sürüp gelýärler. Olar ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýändigi barada Azatlykda we beýleki garaşsyz neşirlerde yzygiderli çykýan maglumatlary-da kommentirlemeýärler.

Şol bir wagtda, häkimiýetler wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini güýçlendirýärler. Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler welaýat resmileri wirusa garşy howadan we ýerden dezinfeksiýa işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Bu işler gijelerine hem dowam edýär.

Bu çärelere geçen hepdäniň ikinji ýarymynda girişilip, onuň çäginde şäheriň köçeleri hlor bilen ýuwulýar. Şäher ýerlerinde hloryň ysy güýçli derejede duýulýar.

"Oba ýerlerinde gije traktorly, gündiz uçarly derman sepilýär. Ähli bazarlar ýapylyp, sanitarnyý gün edilýär. Bazarlaryň ähli ýerini hlor bilen ýuwýarlar. Köpçülik ýerleriniň ählisinde güýçli depginde dezinfeksiýa işleri geçirilýär. Bular soňky hepdäniň dowamynda kesellän adamlaryň köpelmegi bilen bagly" diýip, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bir işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden we agzalan etraplaryň degişli resmilerinden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

6-njy awgustda Germaniýa Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG