Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çarter gatnawy bilen Belarusdan ýurda dolanan birnäçe türkmenistanlyda COVID-19 ýüze çykdy


Türkmen resmileri şu wagtda çenli ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürýärler. Illýustrasiýa suraty

“Türkmenhowaýollary” geçen hepde Minskden Türkmenabada nobatdaky gezek çarter gatnawyny gurady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu uçar bilen ýurda dolanan raýatlarda COVID-19 hadysalarynyň ýüze çykarylandygyny habar berýärler. Türkmen resmileri şu wagtda çenli ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürýärler. Bu aralykda, Lebapda wirus hadysalary gürelýär, waksinasiýa dowam edýär. Aşgabatda maska režimine raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri gözegçilik edýär, Lebapda polisiýa işgärleri maskasyz ýolagçylary awtobusdan düşürýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäheriniň halkara howa menzilindäki bir çeşmä salgylanyp, 6-njy iýulda guramalaşdyrylan çarter gatnawy arkaly Minskden ýurda dolanan raýatlardan ýedi adamda COVID-19 hadysasynyň anyklanandygyny habar berdi.

Daşary ýurtdan dolanan raýatlar saglyk barlagyndan soň, 21 gün möhlet bilen karantine ýerleşdirilýärler.

Dünýäde uçar gatnawlarynyň hereketine gözegçilik edýän flightradar24.com saýtynyň maglumatlaryna görä, “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň T5784 gatnawly Boeing uçary 6-njy iýulda Minskden uçdy we 7-nji iýula geçilen gije Türkmenabadyň aeroportuna gondy.

Aeroportdaky çeşmeniň maglumatlaryna görä, bu uçarda 279 türkmenistanly ýurda getirildi. Çeşme olaryň ählisiniň talyplardygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ikinji habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, Belarusdan gelen uçardaky 15 ýolagçyda COVID-19 keseliniň delta görnüşiniň anyklanandygy habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurtda anyklanýan COVID-19 hadysalary barada Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermeýär.

Lebapdaky habarçy sebitde koronawirus hadysalarynyň gürelýändigini, hassahanalaryň dolýandygyny, Türkmenabadyň şäher hassahanasynda näsaglaryň köpdügini we Türkmenabadyň köp ugurly hassahanasynyň “Ç” blogynyň karantine ýapylandygyny habar berýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, käbir sebitara otly gatnawlarynyň täzeden ýatyrylmagynyň öňýany, otly bilen Türkmenabatdan Aşgabada barýan bir erkek ýolagçy otluda koronawirus bilen aradan çykypdyr.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, aradan çykan ýolagçy bejergi almak üçin Aşgabada barýan ekeni. Hassa ýolagçynyň haýsy şertlerde otla münendigi aýdylmaýar. Türkmenistanda bir welaýatdan başga welaýata gidip gelmek üçin ýolagçylardan negatiw koronawirus test netijesi talap edilýär.

“Demirýollary” kompaniýasynyň iýulyň birinji ongünlüginiň ahyrlarynda çap eden bildirişine görä, Türkmenistanda yssy howa şertleri sebäpleri käbir ýolagçy otly gatnawlary täzeden çäklendirildi.

Azatlygyň ýene bir çeşmesi 1-nji iýulda, Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň wezipeden boşadylan güni Marydan Aşgabada barýan bir ýolagçy otlusynyň Murgap etrabynyň gabatlarynda, pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň talaplarynyň bozulmagy bilen bagly aladalaryň arasynda, togtadylandygyny we ähli ýolagçylaryň otludan düşürilendigini habar berdi.

Çeşme öňki içeri işler ministriniň ýurtda güýje girizilen pandemiýa çäklendirmelerine gözegçiligi gowşadandygy üçin wezipeden boşadylandygyny aýtdy.

Çakyýew 1-nji iýulda içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy we munuň yz ýany, 9-njy iýulda täze döredilen Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçy Türkmenabadyň orta mekdeplerinde mugallymlaryň arasynda koronawirusa garşy sanjym işlerine dowam etdirilýändigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, mugallymlar waksinanyň birinji dozasyny kabul edýärler.

7-nji iýulda COVID-19 waksinasy ýurduň 18 ýaşdan ýokary raýatlary üçin hökmany edildi.

Lebaply habarçy sebitde ozal karantin üçin ýapylan hassahanalaryň gaýtdan karantine alynýandygyny, diňe iki günüň dowamynda iki hassahananyň koronawirus hassalary bilen göreşip başlandygyny habar berdi.

Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, sebitde polisiýa işgärleri ýolagçy awtobuslaryny saklap, maskasyz ýolagçylary ulagdan düşürýär, olara jerime salýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda maska düzgünine raýat eşikli howpsuzlyk işgärleriniň gözegçilik edýändigini habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, raýat eşikli eli rasiýaly adamalar paýtagtyň awtobus duralgalarynda maska režimine gözegçilik edýär. Habarçy ozallar şeýle düzgüne polisiýa işgärleriniň gözegçilik edendigini aýdyp, maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda pandemiýanyň fonunda 2020-nji ýylyň tomsunda maska düzgüni güýje girizildi.

Galyberse-de, habarçy Daşoguzda saglyk işgärlerine karantin we güýçlendirilen gözegçilik barada mälim edilendigini habar berdi.

Şeýle-de, ol saglyk öýlerinde şepagat uýalarynyň ýollardaky gözegçilik punktlaryna iberilmegine dowam etdirilýändigini habar berdi. Ýöne habarçynyň maglumatlaryna görä, baş lukmana 100 manat tölän adamlar şeýle tabşyrykdan boşadylyp bilinýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG