Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Men bu ýere öz ýurdum üçin geldim': Belarus protestçisi meşhur surat hakda gürrüň berýär


Maksim, 2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda Belarusyň syýasy geljegi gyldan asylan ýaly bolanda pitnä garşy polisiýa bilen el-ele berip surata düşen ýaş ýigit şol gije başdan geçirenleri we sanksiýalaryň hiç zady üýtgetmejekdigine näme üçin ynanýandygy hakynda gürrüň berýär.

Men Minskde kakam bilen gurluşyk işlerini alyp barýardym. Içimden režimi, onuň 21-nji asyrda Ýewropanyň ortarasynda saklanyp oturyşyny ýigrenýän hem bolsam, syýasatdan daşda durýardym.

Men köp ýeri gördüm, Birleşen Ştatlara, Hytaýa, ýewropa ýurtlaryna syýahat etdim, men durmuşyň nähili bolup biljekdigini bilýärdim. Ol biziňki ýaly bolmaly däldi! Ýaşamak üçin gaty gymmat, häkimiýetleriň raýatlara bolan garaýyşlary we adamlaryň arasyndaky dartgynlyk. Iň möhümi bolsa, bizde özümizde bolşy ýaly, häkimiýet başynda beýle "döwlet baştutany" bolmaly däldi.

Maksim (çepde) pitnäge gaşy polisiýa garşy durýar. Saýlaw gijesi, 2020.
Maksim (çepde) pitnäge gaşy polisiýa garşy durýar. Saýlaw gijesi, 2020.

Onsoň, şeýlelikde 2020-nji ýylyň 9-njy awgusty, saýlaw güni geldi.

Bu bir tolgundyryjy waka boldy! Biz köpçüligiň ses beren prezidentini saýladyk! Swetlana Tihanowskaýa, meniň saýlaw maglumatlaryna elýeterliligi bolan çeşmelerime görä, beýleki dalaşgärlerden has köp ses aldy.

Men Aleksandr Lukaşenkanyň ýolbaşçylyk edýän döwründe doguldym we hiç wagt başga bir prezidenti tanamadym. Şeýle-de bolsa, ahyrynda biz özgerişlik gazandyk. Emma bu meselede Lukaşenkanyň öz pikir-garaýyşlary bar eken. Şeýle-de onuň gol astynda goşun bardy.

Maksim polisiýa ofiseri bilen gol-gola berip dur
Maksim polisiýa ofiseri bilen gol-gola berip dur

Biz gazanan ýeňşimizi baýram etmäge çykdyk, ýöne ol nägilelik protestine öwrüldi. Bu surat 9-njy awgust güni, agşamlykda düşürildi. Biz öz üstünligimiz diýip hasaplan zadymyzy belledik, ýöne birden eginlerine ýuniforma, başlaryna kaska geýen, "gara tarakanlara" çalym edýän polisiýa, pitnä garşy durmaly adamlara köçelere döküldi.

Bu zatlar bolmazyndan öň men köplenç Sport köşgüniň töwereginde gezim etmäge giderdim. Ine-de birden, meniň gezelenç eden ýerlerimden partlama sesleri eşidilýär, sesli granatlar ýarylýar, polisiýa adamlary urýar. Men ömrümde entek beýle zady görmändim. Hiç kim muňa taýýar däldi. Men ol ýerde çynlakaý "çaknyşyklar" boldy diýip biljek däl, bu ýerde diňe pitnä garşy polisiýa ýaragsyz adamlary ýençýärdi.

Bu suratda men, kakam we onuň aýaly, şeýle-de pitnä garşy polisiýa işgäri görünýär. Ol polis ofiseri başda meni tussag etmek isledi, ýöne men onuň bilen gürleşdim we ol pikirini üýtgetdi. Onuň içki dünýäsinde bir zatlar bolan bolmaly. Birnäçe minutdan soň başga bir gowga turdy we men ony gözden ýitirdim. Men oňa näme bolanyny bilmeýärin.

Biziň öňümizde kellelerine kaska geýen polisiýa mähellesi bardy. Biz olaryň ýanyna bardyk we kaskalaryny galdyryp, bir zatlar diýip gygyrdyk. Olaryň segsen göterimi bu näme bolup geçýändigine düşünmän, aňalyp durdy; olar diňe bir zady, özlerine adamlary urmaly diýlip buýruk berlendigini bilýärdiler.

Ýöne şol polisiýa hatarlarynda käbir aýratyn adamlar bardy. Olar hiç bir buýruga-beýlekä-da garaşman, ellerindäki dürrelerini galgadýardy. Bular hakyky döwlerdi, olaryň hezil edýändigi, bolýan zatlardan lezzet alýandygy görnüp durdy.

Minsk, 9-njy awgust gijesi. 2020.
Minsk, 9-njy awgust gijesi. 2020.

Men ýylgyryp, polisiýa ofiserleriniň öňünde durdum; Men hiç ýere gitmeýärdim. Hatda şol wagt men eger ölmeli bolsam ölerin diýip hem pikir etdim. Men protestçiler mähellesi öz deňimden geçip başlan wagtynda hem gymyldaman durdym. Soň birki gezek dürre çalyp, meniň deňimden polisiýa ofiserleri hem geçdi.

Şol wagt men polisiýanyň bu ýerde kanunyň berjaý edilmegini gazanmak üçin gelendigine ynanýardym. Soň meniň bu meselede nähili ýalňyş pikir edenim belli boldy.

Ahyrynda polisiýa işgärleri meni ýere ýykdylar we şol durşuma saklamaga synanyşdylar, ýöne özüm gaýtawul bermegimi bes edýänçäm, olar meni boýun egip bilmediler. Soň meni ýerimden galdyryp, öýüme gitmelidigimi aýtdylar. Men olara özümiň hiç ýere gitmejekdigimi aýtdym. Galyberse-de, men olara bu ýere öz ýurdumyň hatyrasy üçin gelendigimi aýtdym. Bu sözleri eşiden polisiýa işgärleriniň bir topary maňa topulyp, meni erbet ýençdi.

Ol ýerde meniň aýalym hem bardy we, şepagat uýasy bolansoň, ilkinji kömek bermäge gowy boldy. Kakam meni polisiýa mähellesiniň içinden alyp çykdy. Emma geň galmaly, ne meni, ne-de meni kakamy alyp gitdiler. Şondan soňky birnäçe günde men düýpden uklap bilmedim. Günuzyn işledim, gijelerine bolsa köçelerde nägilelik bildirdim. Aralykda bir ýerlerde häkimiýetler interneti açdylar we maňa köp jaň geldi. Olaryň ählisi suratymyň ähli ýerde çap edilmegi sebäplidi. Emma men beýle şöhrady islemeýärdim.

Meniň tapawutly görnüşim bar. Bir gün polisiýa ofiserleriniň ofisimiziň ýerleşýän binasyna kürsäp urup, saçlary örülen bir ýigidi süýräp çykarandygyny gördüm. Görnüşinden, olar meni gözleýärdiler.

Şol wagt meniň möhleti gutarmadyk iňlis wizam bardy, şonuň üçin men gitmek kararyna geldim. Bu ýerde, Angliýada howp-hatar ýok, şolam esasy zat. Men syýasy gaçybatalga soradym, indi işime seredilmegine garaşýaryn.

Maksim Londonda aksiýa wagtynda.
Maksim Londonda aksiýa wagtynda.

Meniň Belarus üçin edip biljek zadym ýok. Saýlawdan soňky ilkinji günlerdäki ýaly güýçli köçe protestleri, "gijeki ýygnanyşyklar" bolmasa, hiç zat etmek mümkin däl ýaly görünýär. Protestleriň ilkinji günlerinde özümizi "97 göterim" diýip duýýardym. (Redaktoryň belligi: Bu ýerde belaruslylaryň 97 göteriminiň Lukaşenkanyň režimine garşydygyny öňe sürýän meşhur pikir nazarda tutulýar.) Indi men bilemok.

Men sanksiýalar ýa-da başga bir zat kömek eder öýdemok. Dünýäde Belarusa garanda has howply ýurtlar hem bar: Mysal üçin Demirgazyk Koreýa. Emma şeýle ýagdaýda-da hiç zat üýtgemejek ýaly. Onsoň Lukaşenka näme üçin işinden çekilsin? Diňe adamlaryň "Git!" diýip gygyrýandyklary üçinmi?

Men Belarusy terk edenimden soň, olar meniň kakamy gözläp başladylar, olam gaçmaly boldy. Indi biz bu ýerde, Birleşen Patyşalykda bile ýaşaýarys. Häzirlikçe bärde öýe gitmek gürrüňi ýok.

XS
SM
MD
LG