Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝOJ-lara kabul etmek möwsüminiň başlanmagy bilen, Talyplar Saglyk öýüniň öňünde uly nobatlar döredi


Aşgabat şäher Talyplar Saglyk öýi. Arhiwden alnan surat

12-nji iýulda Türkmenistanda raýatlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine (ÝOJ) kabul etmek kampaniýasy başlandy. Munuň yzýany, Aşgabat şäher Talyplar Saglyk öýüniň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, soňky üç günüň dowamynda Saglyk öýüniň öňünde nobata duranlaryň sany her gün tas 300 adama ýetýär.

Olar ýurduň ÝOJ-laryna girmäge isleg bildirýän raýatlar bolup, bu dalaşgärler okuwa girmek üçin zerur bolan saglyk barlaglaryndan geçmäge synanyşýarlar. Dalaşgärlerden, haýsy ÝOJ-a girmek isleýändigine garamazdan, bu saglyk barlaglaryndan geçmek talap edilýär.

"Bu ýere gelen oglan-gyzlaryň sany ýüzlerçe, ýöne saglyk işgärleriniň sany örän çäkli. Şol sebäpli raýatlar yssy howada nobatda birnäçe sagat garaşmaly bolýarlar. Netijede bu ýerde galagopluk, adamlaryň arasynda nägilelik döreýär" diýip, saglyk barlagyndan geçmäge gelen aşgabatly gyz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Dalaşgärleriň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, Saglyk öýüniň käbir işgärleri bu galagoplukdan peýdalanyp, öz bähbitlerine bikanun gazanç edýärler.

"Saglyk işgärleriniň köpüsi dalaşgärlerden "Hemme zat gowumy?" diýip soraýar. Olaram "Gowy" diýip, jogap berýärler. Şondan soň olar saglyk resminamalaryna "Hemme zat kadaly" diýip ýazýarlar. Käbir işgärler bolsa, mysal üçin, öýkeniň rentgen barlagy üçin 25 manat soraýarlar. Oglan-gyzlaryň köpüsi yssy howada garaşmajak bolup, 25 manady berýär we resminamasyny dessine taýýarladyp alyp gaýdýar" diýip, aşgabatly gyz belledi.

Onuň sözlerine görä, bu saglyk barlaglarynyň çäginde raýatlar dürli gan we gulak, burun, göz barlaglaryndan geçip, öýkeni rentgen surata hem düşürmeli. Bularyň ählisiniň resmi tölegi 10 manada barabar.

"Elbetde ýüzlerçe adamy bir günde hemmetaraplaýyn saglyk barlagyndan geçirmek mümkin däl. Şol sebäpli bu barlaglar diňe formal görnüşde geçirilýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Babamyrat diýlip tutulmagyny soran paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar dogrusynda Aşgabat şäher Talyplar Saglyk öýünden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek kampaniýasy 12-nji iýuldan 27-nji awgusta çenli dowam eder. Bu barada Ministrler kabinetiniň 9-njy iýulda geçiren mejlisinde karar kabul edildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.

Geçen ýyllardan tapawutlykda, bu ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary boljakdygy aýdyňlaşdyrylmady. Geçen okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student we orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edilipdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan synçylar we türkmenistanlylar ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän raýatlardan uly möçberde para talap edilýändigini nygtaýarlar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň bilim pudagyny öwrenýän ýerli synçylar Türkmenistanda berilýän bilimiň hiline soragly garaýarlar. Olar studentleriň we professor mugallymlaryň döwletiň medeni-köpçülikleýin çärelerine yzygiderli gatnaşmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, geçen ýyl ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyz ýerli ÝOJ-lara okuwa girmäge synanyşýan dalaşgärleriň sanynyň görnetin artandygyny habar berdiler. Olar bu ýagdaýy global pandemiýa sebäpli, ýurtlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri we munuň netijesinde ýaşlaryň ýokary okuw üçin daşary ýurtlara sapar etmeginiň öňünde dörän päsgelçilikler bilen düşündirdiler.

Ýurduň çägindäki ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlar esasan Türkiýe, Russiýa, Belarus we Ukraina ýaly ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärler.

Beýleki tarapdan, Türkmenistan 2019-njy ýylyň martynda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny hem çäklendirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG