Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda üç sagatlap elektrik togy kesildi. Ýyladyşdaky we suw üpjünçilgindäki bökdençlikler saklanýar


Illýustrasiýa suraty

29-njy dekabrda agşam sagat 9 töweregi paýtagtyň hemme ýerinde elektrik togy kesildi. Aradan 20-30 minut geçensoň, şäheriň käbir ýerlerinde, hususan-da hassahanalarda, myhmanhanalarda we "elitnyý" jaýlaryň ýerleşýän köçelerinde elektrik togy gaýtadan üpjün edildi. Paýtagtyň beýleki ýerlerinde elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatdan soň peýda boldy. Elektrigiň köpçülikleýin kesilmegi bilen bagly problemalar ýurduň beýleki sebitlerinde hem ýüze çykdy. Ýyladyş ulgamlarynda we suw üpjünçilginde bökdençlik emele geldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň birnäçe habarçysy Türkmenistanda elektrik togy köpçülikleýin kesilenden bir sagat geçmänkä habar berdi.

Aşgabatdaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, sagat 21:00-da Parahat etrapçasynyň ähli ýerinde yşyklar öçdi, hatda "Paýtagt" söwda merkeziniň we heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň yşyklary hem söndi.

Habarçy adatça tok sönende bularyň yşyklarynyň öçürilmeýändigini aýdyp, 29-njy dekabrda giçlik tutuş şäherde elektrigiň kesilendigini hem belledi.

Beýleki bir habarçymyz şäherdäki ähli ýaşaýyş ýerlerinde bir sagatdan gowrak wagt bäri elektrigiň ýokdugyny habar berip, ýollarda yşyklandyryşyň bardygyny we olaryň ätiýaçlyk generatorlary bilen işleýändigini aýtdy.

Bu barada sagat 22:00-a golaýlanda habar beren habarçy toguň takmynan sagat 21-de kesilendigini hem belledi. Ol stadionda, myhmanhanalarda we Saglyk öýlerinde hem elektrik togunyň bardygyny, galan desgalaryň garaňkylykdadygyny aýtdy.

Ýaşaýyş jaýlarynda toguň doly öçürilmegi 3 sagat töweregi dowam etdi. Elektrik togy ýerli wagt bilen sagat 23:40 töwereginde gaýtadan berildi. Şondan soň tok birnäçe gezek öçürildi we gaýtadan üpjün edildi.

Gije sagat 1-de Parahat etrapçalaryna elektrik togy gaýtadan berildi.

Elektrigiň öçürilmegi köpçülikleýin häsiýetde amala aşyralana meňzeýär. Türkmen paýtagtynyň golaýyndaky Büzmeýinde, Änewde, şeýle-de Aşgabat GRES-iň ýerleşýän senagat şäherçesinde hem tok kesildi. Änewde we senagat şäherçesinde tok gije sagat 1-den soň berildi.

Türkmenistanyň demirgazyk sebiti Daşoguzda hem bir sagatlap elektrik üpjünçiligi bolmady.

Elektrik togunyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly problemalar ýurduň gündogarynda, Lebap welaýatynda hem ýüze çykdy. Lebaply habarçymyz 29-njy dekabrda giçlik sagat 7:30 töwereginde kesilen toguň sagat 23:00-a golaý berilendigini aýtdy.

Beýleki bir habarçymyz toguň öçürilmegi sebäpli sebitdäki ähli zawodlaryň, fabrikleriň, çörek öndürýän kärhanalaryň we hassahanalaryň elektriksiz galandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol demirýol nokatlarynda we köçelerde swetaforlaryň hem işlemeýändigini, toguň Halaç we Kerki etraplarynda hem kesilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenabatda bäş sagada golaý tok bolmady. Tok gije sagat 2-ä golaýlanda berlip başlandy. Gije sagat 3 bolup gelýän mahaly, şäheriň ençeme etrapçasynda heniz-de tok ýokdy. Etraplarda hem tok bölekleýin üpjün edildi.

Toguň köpçülikleýin kesilmegi elektrik enjamlarynyň hatardan çykmagyna, arassa agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegine we merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlarynyň işiniň togtadylmagyna hem getirdi.

Türkmenistanlylar gyşyň sowuk günlerinde öýlerini elektrik enjamlary, peçleri bilen gyzdyrýandygy sebäpli ýylynmakda uly kynçylyk çekdiler.

Toguň kesilen pursady howa maglumatlary barada habar berýän Accuweather websaýtynda Aşgabatda we Türkmenabatda howanyň temperaturasy degişlilikde -5 we -6 gradusy görkezýärdi.

Paýtagtdaky habarçymyzyň 30-njy dekabrda beren maglumatyna görä, Parahat 2 etrapçasyna agyz suwy irden sagat 10 töwereginde berildi. Ýöne şäheriň Parahat 3 we beýleki etrapçalarynda heniz hem suw üpjünçiligi ýola goýulmady. Merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy bilen bagly problema hem saklanyp galýar.

Başga bir habarçymyz Parahat 1, 3, 4 we 7 etrapçalarynda suw üpjünçiligi bilen bagly problemanyň indi dört gün bäri dowam edýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu etrapçalara agyz suwy giçlik sagat 6-dan soň, her gün 4-5 sagat berilýär, soňra-da kesilýär. Munuň sebäpleri düşündirilmeýär we häkimiýetler dymýar.

"Men şäheriň suw üpjünçilik edarasyna-da, häkimlige-de jaň etdim. Olar hiç zada jogap bermediler we suwuň kadaly beriljek wagtyny hem aýtmadylar. Mundanam başga, häkimiýetler ilaty alternatiw suw çeşmeleri bilen hem üpjün etmeýärler. Ilatyň içerki zerurlyklary üçin suw paýlaýan ulaglar hem gelmeýär. Ilat Täze ýyla nädip taýýarlanmaly? Naharlary nädip bişirmeli?" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň biri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Elektrik üpjünçiligi köpçülikleýin kesilen wagtynda Aşgabatda we Lebapda mobil aragatnaşygynyň hili hem ýaramazlaşdy. Köp öýlerde we girelgelerde elektrik enjamlary hatardan çykdy. Adamlaryň köpüsi liftlerde petiklendi.

Paýtagtdaky habarçymyzyň tassyklamagyna görä, Internet we IPTV girelgelerdäki ýörite gurallar we simler arkaly öýlere paýlanýar. Olaryň köpüsiniň hatardan çykmagy netijesinde ilat Internetden peýdalanyp, telewizora tomaşa edip bilmeýär.

Häzirki wagtda bökdençligiň düzedilmegini gazanmaga synanyşýan köp ýaşaýjy Internet we IPTV prowaýderine jaň edip, habarlaşmakda hem kynçylyk çekýär.

Beýleki bir habarçymyz gije sagat 1 töwereginde elektrik togy gaýtadan berlende, öýlerdäki Wi-Fi hyzmatlarynyň görlüp-eşidilmedik derejedäki tizlikde işländigini, hatda YouTube saýtyna hem girip bolandygyny habar berdi. Ýöne onuň sözlerine görä, irden sagat 6-da hemme zat yzyna gaýdyp geldi we Internetiň hili ýene öňküsi ýaly pese gaçdy.

Türkmenistanyň paýtagtynda we käbir sebitlerinde uzak wagtlap elektrik togunyň kesilmegi we bu hadysanyň sebäpleri barada häzirlikçe resmi maglumat ýok. Bu barada Azatlyk Radiosynyň degişli häkimliklerden we elektrik edaralaryndan goşmaça maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary hem netije bermedi.

Azatlygyň habarçylary ýurtda elektrik togunyň bölekleýin öçürilmegi bilen bagly wakalaryň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny, ýöne şeýle köpçülikleýin häsiýetde kesilmeginiň soňky ýyllarda ilkinji gezek ýüze çykandygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG