Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň goňşularyny golaýlaýan 'gumanitar betbagtçylyk' wagtynda serhetleri açyk saklamaga çagyrdylar


Owgan bosgunlary (illýustrasiýa suraty)
Owgan bosgunlary (illýustrasiýa suraty)

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar gullugy Owganystanyň goňşularyny "Talyban" ýurtda edýän çalt hüjümlerini dowam etdirýärkä serhetleri açyk saklamaga çagyrýar.

BMG bosgunlar gullugynyň metbugat sekretary Şabia Mantoo 13-nji awgustda Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda müňlerçe erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň "Talyban" söweşijileriniň basyşyndan gutulmak üçin gaçýandyklaryny aýdyp "biz gumanitar betbagtçylygyň bosagasynda durýarys" diýdi.

"Howpsuzlygy tapyp bilmezlik köp sanly parahat ýaşaýjynyň janyna howp abandyryp biler. BMG bosgunlar guramasy milli häkimiýetlere zerur bolanda ynsanperwerlik çärelerini giňeltmäge kömek bermäge taýýardyr" -diýip, diýip Şabia Mantoo aýtdy.

Owganystan Eýran, Pakistan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan bilen serhetleşýär. Şeýle hem Hytaý bilen 75 kilometrlik araçäk bar.

Bu aralykda, BMG Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň metbugat sekretary owgan ilatynyň üçden biriniň azyk önümleri bilen üpjün edilmeginiň mundan beýläk kepil geçilmejegini duýdurdy.

Guramanyň metbugat sekretar Tomson Phiri: "Iň erbet zadyň gelmeginden gorkýarys" -diýip, iki million çaganyň gyssagly kömege mätäçdigini aýtdy.

Phiri ýylyň ahyryna çenli açlygyň öňüni almak üçin 200 million dollar gerek boljakdygyny mälim etdi.

BMG-nyň hasaplamalaryna görä, ýylyň başyndan bäri 390000 töweregi adam başga ýerlere göçürildi, ýöne hakyky sanynyň has köp bolmagy ähtimal.

13-nji awgustda öňdebaryjy halkara kömek guramasy Owganystandaky “uly ynsanperwerlik krizisine taýynlyk görýäris” diýdi.

Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşiniň Owganystandaky ýerine ýetiriji ýurt müdiri Treýsi Wan Heerden "Soňky günlerde gorky astyndaky maşgalalar Kabula gaçdy. Lagerler hyryn-dykyn, çagalar açyk ýerde ýatýarlar" diýdi.

Wan Heerdeniň sözlerine görä, barha möwjeýän konflikt kömek beriji guramalaryň işini has kynlaşdyrýar we howply edýär.

"Taslamalarymyzyň 80%-ti dowam edýän konflikt zerarly 900000-den gowrak owganystanla möhüm kömegiň berilmegine täsir edýär" diýip resmi aýtdy.

Şu hepdäniň başynda Fransiýa, Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlary Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli Owganystana deportasiýa etmek işini togtadylandygyny habar berdiler.

Owgan resmileri 13-nji awgustda Kabuldaky prezident köşgünde duşuşyp, "Talybanyň" Kandahar we Hyrat şäherlerini ele geçirenden soň ýurduň çalt ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Azadi Radiosy, prezident Aşraf Ganiniň beýanat bilen çykyş etmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Çeşmeleriň AFP habar gullugyna aýtmagyna görä, NATO-nyň wekilleriniň owgan howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly ýygnak geçirmegine garaşylýar.

"Talyban" Owganystanyň Kandagary bir gün öň basyp aldy. Bu, söweşiji topara ABŞ güýçleriniň ýurtdan çekilmeginden soň täzeden güýçlenen hüjümleriň netijesinde iň uly ýeňiş berdi.

Welaýat geňeşiniň agzasynyň sözlerine görä, "Talybanyň" söweşijileri günbatar Hyrat şäherini hem ele geçirip, ýaragly toparyň tanymal lideri Ysmaýyl Hany tussag edipdir. "Talybanyň" metbugat sekretary soňky hepdelerde gozgalaňçylara garşy söweş alyp baran Hanyň öýüne eltilendigini aýtdy.

"Talyban" soňky 24 sagadyň dowamynda bäş welaýat paýtagtyny basyp aldy. Azadi radiosy ýerli ýaşaýjylaryň Kandaharyň golaýyndaky Bala Karz sebitinde atylan dört adamyň jesedini tapandygyny habar berdi. Heläk bolanlaryň kimdigi ýa-da näme üçin öldürilendigi entek belli däl.

Ondan öň adam hukuklaryny goraýjy toparlar Talybany Kandaharyň Spin Boldak etrabyny ele geçirenden soň ar alyş öldürmekde günäkärledi.

ABŞ güýçleriniň Owganystandaky ikinji uly bazasy bolan Kandaharyň howa menziline hökümet güýçleri henizem gözegçilik edýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG