Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapyk dükanlarda azyk gytçylygy, "gizlin" nobatlar, tussag etmeler, häkimiýetleriň dymmagy. Türkmenistanda näme bolýar?


Adamlar dükanyň daşynda azyk söwdasynyň başlanmagyna garaşýarlar. Aşgabadyň 11-nji mikro etrabynda 4-nji döwlet dükany. 2021-nji ýylyň maýy

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan azyk önümleri tas düýpden satylmaýar. Muňa garamazdan, nobatlar saklanyp galýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary Aşgabatdaky we welaýatlardaky ýagdaýlar barada 4-nji maýda habar berdiler.

Aşgabatdaky dükanlaryň köpüsinde subsidirlenen önümler ýok boldy. Käbir dükanlarda, hususan-da 79-njy dükanda, hiç zadyň satylmajagy barada bildiriş asylypdyr. Andalyp köçesinde ýerleşýän "Paýtagt" söwda merkezinde adamlar ir sagat 5-den başlap, azyk önümleriniň satylyp başlamagyna boş garaşýardylar.

Habarçylar soňky bir hepdäniň dowamynda azyk önümleri bilen üpjünçiligiň kesilendigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, önüm seýrek satuwa çykarylanda alyjylar onuň gapdalyndan ýüklenýän gerekmejek önümleri satyn almaga henizem mejbur bolýarlar. Gaharly alyjylaryň dürli söwda edaralaryna ýüz tutup, möhleti geçen harytlaryň azyk önümleriniň gapdalyndan goşulyp satylmagyna ygtyýar berýän resmi kararlary görkezmek baradaky talaby oňyn netije bermändir. Häkimiýetler resmi düşündiriş bermeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, paýtagtdaky dükanlarda nobatlara dilden edilen gadaganlyk saklanýar. Soňky hepdelerde adamlar dükanlaryň golaýyndaky binalaryň aňyrsynda gizlenip, azyk söwdasynyň başlanmagyna garaşýarlar.

Azatlygyň habarçysy öňküsi ýaly gaty erbet, nobatda duranlar dükandan uzagrakda durmaly bolýar. Bolmasa, dükanyň satyjylary polisiýa arz etseler, tussag edip, alyp gidýärler diýdi.

Nobata durmak gadagançylygy hem resmi taýdan düşündirilmeýär. Emma hökümete ýakyn çeşmeleriň Azatlyga aýtmagyna görä, paýtagt häkimiýetleriniň nobatlara garşy çykmagy prezidentiň oglunyň uzyn nobatlaryň kakasyny abraýdan düşürýändigini yglan edeninden soň başlanypdyr. Şondan bäri türkmen häkimiýetleri nobatlary aýyrmak, adamlary saklamak we jerime salmak ýaly dürli çäreleri görýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” garaşsyz neşirine görä, nobatlary azaltmak üçin 30-njy aprelden bäri Aşgabadyň döwlet dükanlarynda täze düzgünler girizildi. Hususan-da, irden adatça nobatlaryň döremegine sebäp bolýan önümler bazar bahasyndan satylýar. Mysal üçin, bir kilogram şeker 9 manadyň ýerine 26 manatdan, ösümlik ýagynyň bir litri 18 manada derek 42 manat, towuk budlarynyň bir kilogramy 16 manada derek 40 manat bahadan satylýar. Köp adam azygy bu nyrhdan satyn almaýar. Günüň ikinji ýarymynda bu önümler döwlet bahalarynda satylýar diýip, neşir ýazýar.

Häzirki wagtda azyk önümleriniň elýeterliligine degişli ýagdaý welaýatlarda hasam ýaramaz. Döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahalardan tas hiç zat satylmaýar.

4-nji maýda Marydaky habarçymyz ýerli döwlet dükanlarynda diňe duzuň satylýandygyny, beýleki önümleriň hemmesiniň bazar nyrhlaryndan satylýandygyny habar berdi. Şeker, towuk aýaklary, un, ýumurtga we ýag ýaly iň zerur önümler düýpden ýok.

Çörek hepdede iki gezek subsidirlenen bahada satylýar. Nobatlar daňdan sagat ikiden başlaýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň habar bermegine görä, ilatyň arasynda howsala barha artýar we azyk önümleriniň subsidirlenen bahadan satylmagynyň doly ýatyryljakdygy barada habarlar ýaýraýar.

Ýurduň häkimiýetleri krizisiň sebäbini ilata düşündirmeýär, azyk syýasaty babatynda takyk planlaryny yglan etmeýärler. Munuň tersine, Türkmenistanyň ýolbaşçylary birnäçe ýyl bäri ýurtda azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilýändigini, içerki önümleriň mukdarynyň artýandygyny we importyň ornuny milli önümler bilen doldurmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini öňe sürýärler.

Şol bir wagtyň özünde, hökümet adam başyna her aýdan 5 kilogram un ýaly ujypsyz azyk rasionyny üpjün edip bilmeýär. Mundan başga-da, ýurtda subsidirlenen önümleriň bahalary fewral aýynda resmi taýdan ýokarlandyryldy.

Azyk krizisi we çörek ýetmezçiligi 2018-nji ýylyň ahyryndan bäri dowam edýär. Şondan bäri häkimiýetler adam başyna subsidirlenen önümleriň satylmagyna birnäçe gezek çäklendirmeleri girizdi. Soňky aýlarda ýagdaý has ýaramazlaşdy. Aýlyk iýmit paýy "paýok" azaldy, döwlet dükanlarynda subsidirlenen önümler öňküsinden hem az mukdary satyldy we olary satyn almak üçin täze çäklendirmeler girizildi.

Bu şertlerde ilat çörek bişirmek üçin möhleti geçen makaron, pes hilli tüwi, mekgejöwen üwemek ýaly dürli usullary ulanmaga mejbur bolýar.

Azatlygyň çeşmeleri hökümetiň subsidirlenen azyk önümleriniň nyrhyny bazar bahalaryna gabat getirmek planlary barada habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG