Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: "Abraýly" mekdepleriň parasy 35 müň manada ýetýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde çagalary başlangyç synplara kabul ediş möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiz bu kampaniýanyň dowamynda käbir ene-atalar bilen şäheriň bilim resmileriniň arasyndaky para-peşgeş barada maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň Farap we Çärjew ýaly etraplarynda ýaşaýan ene-atalar çagalaryny Türkmenabadyň, ilat arasynda "abraýly" hasaplanýan, käbir mekdeplerine başlangyç synpa ýerleşdirmäge synanyşýarlar.

Başlangyç we orta bilim berýän bu edaralaryň hatarynda şäheriň Bahar etrapçasyndaky 29-njy, 1-nji etrapçasyndaky 31-nji, 1-nji we 8-nji mekdepler bar. Ýurtda "abraýly" diýlip atlandyrylýan mekdepler adatça olarda berilýän bilimiň hiliniň beýleki mekdepleriňkiden ýokary diýlip hasaplanmagy bilen düşündirilýär.

"Bu mekdeplerde haýsy-da bolsa bir ugur, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça çuňlaşdyrylan bilim berilýär. Şol sebäpli köp ene-ata, hususan-da etraplarda ýaşaýan gurply raýatlar çagalaryny şu mekdeplere ýerleşdirmäge çalyşýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly çeşmämiz aýtdy.

Ýöne bellemeli ýeri, bu mekdeplere kanunlara laýyklykda diňe şol sebitlerde ýaşaýan, ýazgyda duran raýatlaryň çagalary kabul edilýär. Ýagdaýdan habarly çeşmämiz ene-atalar bilen bilim resmileriniň arasyndaky para-peşgeş meselesiniň hut şu pursatda ýüze çykýandygyny aýdýar.

"Etraply ene-atalar özleriniň ýaşaýan ýeriniň ýazgylaryny galplaşdyryp, ony mekdepleriň ýerleşýän etrapçalaryna geçirýärler. Munuň üçin olar degişli resmilere para berýärler. Bu para şäher bilim bölüminiň resmileriniň, mekdep direktorlarynyň we şäher häkimliginiň raýatlary hasaba alyş bölüminiň işgärleriniň arasynda paýlanýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, paranyň möçberi, emeldarlaryň talaplaryna görä, 25000-35000 manat aralygynda üýtgeýär. Bu dollaryň resmi kursunda $7150-$10000-a, gara bazaryň nyrhynda $735-$1030-a barabardyr.

"Bular edil jenaýat toparlary, mafiýa ýaly. Paralary iýul aýynda alýarlar. Mekdeplerde okuwçylaryň sanawy awgust aýynda tassyklanýar" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz "abraýly" mekdeplere beýleki etrapçalardan we etraplardan çagalaryň okuwa alynmagy netijesinde, käte aşa köp okuwçyly synplaryň emele gelýändigini we munuň olara berilýän bilimiň hiline hem täsir ýetirýändigini aýdýar.

"Bir synpda 28-30 okuwçy okamaly bolsa, käbir synplarda 34-35 okuwçy okaýar" diýip, çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylar bu mekdeplerde berilýän bilimiň hili beýlekilerdäkiden tapawutlansa-da, olaryň uçurymlarynyň ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiliginiň tas nola deňdigini aýdýar.

"Ýaşlary ýurduň ÝOJ-laryna parasyz kabul etmeýärler. Bu ýagdaýda adamlaryň näme üçin çykdajy edip, çagalaryny başga etrapdyr etrapçalardan getirip, bilim berjek bolýanyna düşünmek kyn" diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň synanyşyklaryna garamazdan, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher bilim bölüminden, agzalan mekdepleriň direktorlaryndan we şäher häkimliginiň raýatlary hasaba alyş bölüminden, Bilim ministrliginden kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistanda ene-atalaryň öz çagalaryny “abraýly” hasaplanýan ýa-da ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwa salmak üçin para berýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi. Dört ýyl ozal Aşgabatda bu paranyň möçberiniň $500-$2000-a deňdigini habarçymyz gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýurduň bilim pudagyndaky para-peşgeş barada mesele gozgamaýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ýol beren kemçilikleri üçin” diýip, bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylara wagtal-wagtal berk käýinç yglan edýär. Ýöne olaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG