Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" häkimiýet başyna gelmegi heşelle kakýan Moskwa üçin täze oňaýsyzlyklary döredýär


Moskwa.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Talybanyň wekili Alhaj Mohammad Sohail Şaýna, 2018-nji ýylyň noýabry.
Moskwa. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Talybanyň wekili Alhaj Mohammad Sohail Şaýna, 2018-nji ýylyň noýabry.

ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri amerikan diplomatlarynyň we ýaranlarynyň howp-hatarsyz ewakuasiýa edilmegini üpjün etmäge çalyşýan wagtynda müňläp owganyň talybandan gaçyp gutuljak bolmagy netijesinde, Kabulyň esasy aeroportunda bulam-bujarlyk döredi.

Emma 16-njy awgustda şäherde rus ilçihanasynyň ýerleşen ýerinden düýpden başga ýagdaý göründi: Talyban söweşijileri daşy demir-beton we tikenli simler bilen gurşalana, içi suw çüwdürimli we gowy ideg edilen bag-bossanly uly howlynyň daşynda goragçylyk, garawulçylyk wezipesini öz üstlerine aldylar.

Kabuldaky rus ilçihanasy
Kabuldaky rus ilçihanasy

"Düzüw ýigitler, gowy ýaraglanan, hiç kim, ne terrorçy, ne bir däli urup-ýaryp girmez ýaly, ilçihananyň daş-töwereginde berk durup, olar bizde gowy täsir galdyrdy" diýip, ilçi Dmitriý Žirnow Orsýetiň döwlet telewideniýesine beren interwiýusynda aýtdy. "Talyban" wekilleri bize ol ýerdäki rus diplomatlarynyň kellelerindäki bir gyla hem dokunanyň bolmajakdygyny ýene-de bir gezek ynandyrdylar. Olar "Işiňizi howpsuz dowam etdirip bilersiňiz" diýdiler."

Žirnowyň tagaşyksyz sözleri-de, onuň rus hökümeti tarapyndan resmi taýdan terrorçy gurama diýip kesgitlenen söweşiji toparyň agzalaryny agyz dolduryp öwmegi hem, "Talybanyň" üstün çykmasyndan soň Moskwanyň öňünde durýan has çylşyrymly meseleleriň üstüni örtüp bilmedi.

Bir tarapdan, ABŞ güýçleriniň Owganystandan, Waşingtonyň bu ýerde guran ullakan harby bazasyndan çykarylmagy rus planlaşdyryjylary üçin hemişe rahatsyzlyk çeşmesi bolan we Orsýetiň taryhy taýdan öz täsir meýdany hasaplaýan ýerleriniň bolmanda biriniň golaýynda azalmagyny aňladýar.

Emma Birleşen Ştatlaryň duýdansyz, yzda bulam-bujar boşluk döreden çykyşy Kreml üçin täze nämälimlikler tapgyryndan we mümkin bolan kynçylyklardan habar berýär.

Bu ýerde Moskwanyň bildirip biljek azyndan bir reaksiýasyny – Birleşen Ştatlaryň, Kremliň gözi bilen seredilende, döwlet gurmak işinde şowsuzlyga uçramagyna we dünýä ýüzünde öz abraýyna zeper ýetirmegine içden heşelle kakjagyny çaklamak kyn däl.

"Bu belli bir derejede geň galdyrdy" diýip, Kremliň owgan meseleleri boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow ABŞ tarapyndan goldanýan kabul hökümetiniň beýle çalt dargamagyna garaşmandygyny bildirdi.

"Biziň düşünişimizden, owgan goşuny entek belli bir wagta çenli garşylyk görkezmelidi. Emma görüp otursak, amerikalylar we NATO tarapyndan tälim berlen ýaragly güýçlere baha bermekde biz aşa optimist bolupdyrys" diýip, ol "Mowkwanyň ýaňy" radiosyna aýtdy.

Şeýle-de ol şu tomus, ABŞ-nyň harby güýçleriniň 31-nji awgusta çenli planlaşdyrylan çykarylyşynyň öňüsyrasynda bolup geçen okgunly wakalar bilen sowetleriň on ýyla golaý dowam eden basybalyjylyk söweşinden soň, 1989-njy ýylda Owganystandan çykarylyşynyň arasynda ullakan tapawudyň bardygyny, sowetler tarapyndan goldanýan hökümetiň sowet goşunlary çykarylandan soňam Kabulda üç ýyl töweregi saklanandygyny, emma ABŞ tarapyndan goldanýan Aşraf Gani hökümetiniň ABŞ bu ýurtdan çykmazyndan hem öň ýykylandygyny belledi

Sowetler tarapyndan goldanýan owgan lideri Muhammet Najibullanyň režimi sowet goşunlary çykandan soňam "ýene üç ýyl saklandy" diýip, Kabulow aýtdy. "Olaryň döreden režimi bolsa, amerikalylar heniz ýurtdan gitmänkä ýykyldy. Bu ýerdäki esasy tapawut şu ýerde" diýip, ol nygtady.

Elbetde, bu hili deňeşdirme getirmek mümkinçiligi, iň bolmanda, propaganda nukdaý nazaryndan peýdaly bolup biler, ýöne iş ýüzünde, hakykatda welin, bolup geçen wakalar Moskwa üçin bir topar kynçylyk döredýär.

Zamir Kabulow "Talyban" wekilleri bilen.
Zamir Kabulow "Talyban" wekilleri bilen.

Olardan biri: Kabuldaky täze hökümet öz agzlaryna rus kanunçylygy esasynda, 2003-nji ýyldan bäri terrorçy hökmünde garalmagyna nähili sereder? Özem olar, Russiýanyň habar beriş serişdelerine degişli habarlarda agzalan ähli ýerinde "terrorçy" hökmünde, hökmany bellenip geçilmeli.

Bu ýerde syýasy taýdan has bir inçe ýagdaý bolsa, Birleşen Ştatlar ysa çekilenden soň, Orsýete beriljek täsir gazanmak we dürli taraplarda oýnamak mümkinçiligi, belki, Kreml üçin "Talybanyň" bütin dolandyryşyndan gowy görnüp biler.

"Owganystanda "Talybanyň" Moskwa duşuşygyna gatnaşan beýleki taraplary hem çagyrýan geçiş hökümetiniň gurulmagy Orsýet üçin mümkin bolan iň gowy ssenariýalaryň biri bolup durýar" diýip, syýasy synçy we gazet kommentatory Krill Kriwoşeýew Moskwadaky Karnegi merkezi üçin ýazan makalasynda aýtdy. "Bu, bir tarapdan, terrorçy diýlip yglan edilen häkimiýeti gönümel ykrar etmezlige mümkinçilik berse, ikinji tarapdan, "Talyban" bilen gatnaşyklary bozmazlyga mümkinçilik döreder."

1996-njy ýyl 2021-nji ýyla garşy

Moskwanyň Kabul bilen aralykdaky hasaplarynda uzakdan bäri saklanyp duran bir gorky, günorta serhetlerindäki durnuksyzlyk aladasy esasy faktor bolup durýar. Bu Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleriniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň öz serhetlerini goramak we talyban söweşijilerini we ekstremistik ideologiýany öz jemgyýetlerini durnuksyzlaşdyrmakdan uzagrakda saklap bilmek ukybyna bagly bolar.

Emma Moskwa indi birnäçe ýyl bäri ýuwaşjadan talyban bilen aradaky diplomatik gatnaşyklaryny hem pugtalandyryp gelýär. Mundan başga, etniki täjikler we özbekler Owganystanyň ilatynyň ep-esli bölegini tutýar we bu olaryň hem Kabul hökümetine ýetirip biljek täsirleri, uzakdan gelýän medeni, dil we ykdysady gatnaşyklary bar.

"Orsýet Hytaý, Hindistan we hatda Birleşen Ştatlar ýaly esasy güýçler bilen Owganystan we sebit howpsuzlygy barada hyzmatdaşlygyň çäkli görnüşlerine açyk bolup bilse-de, ol uly talyban liderleri bilen göni aragatnaşyk gurmak tagallasyny hem elden bermedi" diýip,Waşingtondaky Kennan institutynyň direktory, analitik Matthew Rojansky aýtdy. "Ahyr netijede, Orsýetiň indi talyban gözegçiligindäki Owganystanda göni aragatnaşyklary ulanmak mümkinçiligi bar."

Hakykatda, Kabulowyň sözlerine görä, talyban ahyrynda häkimiýeti şeýle çalasyn ýagdaýda ele geçiren hem bolsa, Orsýet bu hili ähtimallyga ençeme ýyl bäri taýýarlyk görüp gelýärdi.

"Soňky ýedi ýylyň dowamynda biziň talyban bilen saklan gatnaşyklarymyz, bir topar meseläni ara alyp maslahatlaşmagymyz biderek gitmedi" diýip, Kabulow "Eho Moskwy" radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. "Hawa, biziň çenimizden, doly häkimiýet başyna gelmese hem, bu islendik ýagdaýda Owganystanyň gelejeginde öňdebaryjy rol oýnap biljek güýçdi, biz muny gördük" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Talyban" soňky gezek 1996-njy ýylda, raýat urşy mahalynda we tasdan durşuna baş-başdaklyga gaplanan ýurtda häkimiýet başyna gelende, Moskwa bolup biljek zatlardan has howatyrlanýardy.

Ol wagt Orsýetiň özi hem bäş ozal synan Sowet Soýuzynyň döreden başagaýlygyndan aýňalyp bilmän ýördi. Şeýle-de, öz başagaýlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan täze garaşsyz ýurtlaryň, Merkezi Aziýa döwletleriniň gowşaklygyndan gorkýardy: Täjigistan 1990-njy ýyllarda öz raýat urşy sebäpli çaýkandy; Serhetleri Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçýän Fergana jülgesi yzygiderli zorluk çeşmesi boldy; Birinji Çeçen urşy bolsa, tutuş sebitiň gapysyna yslamçy ekstremist ideologiýasyny getirdi.

Häzir bu beýle däl diýip, Estoniýanyň Tartu uniwersitetiniň ylmy barlagçysy we syýasatçy alymy Iwan Klyş (Klyszcz) aýdýar.

"[Talybanyň] häkimiýeti eýelemegi Moskwanyň Owganystanda babatdaky düýp syýasatyny – raýat urşunyň durnuksyzlygyny Merkezi Aziýadan uzak saklamak niýetini üýtgetmeýär" diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

Açyk aragatnaşyk liniýalaryna eýe bolan Žirnow 17-nji awgustda, talyban häkimiýeti ele geçirili bäri ilkinji gezek "Talyban" wekilleri bilen duşuşan hem bolsa, bu Moskwanyň hökman öz syýasatyny ýöredip biljekdigini aňlatmaýar.

"Bu ýerde mesele olaryň "Talyban" bilen artykmaçlykly we yzygiderli aragatnaşyk gurmak mümkinçiligine eýe bolmagynda, bu hususan-da Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän ýerlerde we [Yslam döwleti] bilen söweşmäge gezek gelende şeýle " diýip, Klyş aýtdy.

"Russiýa üçin esasy mesele "Talybanyň" zorluga meçew bermejekdigine ýa-da yslamyň özleri tarapyndan ulanylýan ýowuz görnüşini Owganystanyň serhedinden daşyna ýaýratmaga synanyşmajakdygyna göz ýetirmekden ybarat" diýip, Günorta we Merkezi Aziýa meselelerini uzak wagt bäri yzarlaýan synçy Arkadiý Dubnow "Respublika" žurnaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, "Moskwa "Talybanyň" syýasy taýdan ykrar edilmegi we onuň Birleşen Milletler guramasynyň terrorçy guramalar sanawyndan aýrylmagy ugrunda tagalla eder".

"Moskwanyň Kabula saldamly maliýe kömegini bermegine garaşyp bolmaz. Muny amerikalylar we kollektiw Günbatar amala aşyrar, sebäbi şu günki günde Owganystanda bolup geçen wakalara esasan şolar jogapkär. Russiýa, aýdylyşy ýaly, bu ýerdäki işiň ýok" diýip, ol aýtdy.

Boş sözlermi?

Bu ýerde Moskwanyň bähbitleri "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" ýaly beýleki ekstremist toparlara garşy alnyp barylýan söweşde Birleşen Ştatlaryň we Günbataryň bähbitleri bilen ylaýyk gelip biler; Kreml 20 ýyl öň ABŞ Owganystana goşun salanda diňe bir begenip oňman, eýsem rus howa giňişligini hem ulanmaga berdi we Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzytandaky, Özbegistandaky harby bazalary ulanmagyna öz goldawyny bildirdi.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen Moskwa ABŞ-nyň Merkezi Aziýada bolmagyna çydaman başlady we 2000-nji ýyllarda amerikalylary bu ýerden kowmak tagallalaryny etdi. Şondan bäri Moskwa Täjigistandaky esasy harby bazasyny berkitdi we ýakynda serhet ýakasynda täjik we özbek güýçleri bilen harby türgenleşik geçirdi.

Şol bir wagtda, Moskwa we Waşington Günorta Aziýa aladalary orta düşen halatynda şindem bir-birine beýle gapma-garşy durmaýar.

ABŞ-nyň we Russiýanyň baş diplomatlary Antoni Blinken we Sergeý Lawrow 16-njy awgustda telefonda gürleşip, "ýurduň lideri gaçanyndan soň Owganystandaky ýagdaý, bar bolan hökümet edaralarynyň dargamagy we iş ýüzünde dowam edýän režim çalyşygy barada pikir alyşdylar" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Şeýle-de olar Hytaýyň, Päkistanyň we beýleki "gyzyklanýan ýurtlaryň" gatnaşmagyndaky maslahat-geňeşmeleri dowam etdirmek we owgan jemgyýeti bilen hökümetiniň arasynda haýsydyr bir görnüşde duşuşyk guramak üçin Birleşen Milletler Guramasyna basyş etmek ylalaşygyna geldiler.

Rus kanun çykaryjysy we Günbataryň köp ýyllyk tankytçysy, söze çeper Alekseý Puşkow ABŞ-nyň Owganystandan çykmagyny Birleşen Ştatlarynyň halkara abraýyna we "global liderlik ukybyna urlan güýçli zarba diýip atlandyrdy.

Emma Klyş Orsýetiň ABŞ çekilmesine heşelle kakmagyna gereginden artyk üns bermeli däldigini aýdýar.

"Olar, esasan, boş sözler, ABŞ-nyň peselmegi, köp polýarlylygyň ýokarlanmagy, global ulgamdaky beýleki hyzmatdaşlaryň köpelmegi we ş.m. hakdaky gürrüňleri öňe sürmegiň amatly usuly" diýip, ol aýtdy. "Ýöne munuň strategiki ähmiýeti hem bar, bu ýerde diňe ABŞ-nyň peselmegi barada gürrüň edilmeýär, Günbataryň dolandyryş we konflikt, mesele çözüş modelleri barada hem gürrüň edilýär. Moskwa [ABŞ-nyň Owganystandaky şowsuzlyklaryny] öz konflikt çözmek modelini öňe sürmek üçin ulanyp, bäsleşýän günbatar modeli peseldip biler" diýip, Klyş sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG