Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew: Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeli


Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty.

Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen 19-njy awgustda Nur-Soltanda geçiren duşuşygynda Özbegistan we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistany Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine çagyrmaly diýdi. Bu barada rus hökümetiniň resmi websaýty habar berýär.

“Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzalaryny köpeltmek arkaly ony güýçlendirmeli. Özbegistan we Täjigistan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde bolmaly. Türkmenistan bilen hem işleşmeli. Men muny mydama aýdyp gelýärin” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Türkmen resmileri Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirýändiklerini aýdýarlar.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň 29-30-njy aprelde Kazanda geçirilen duşuşygynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Bileleşige agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirýändigini mälim etdi. Türkmen wekiliýeti bu duşuga synçy hökmünde gatnaşdy.

“Biziň ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça öz hyzmatdaşlaryna hödürlemäge zady bar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agzasy däl.

Ýöne Bileleşik bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýygjamlaşýan gatnaşyklary taraplaryň arasyndaky import-eksport sanlarynda görmek bolýar.

Bileleşigiň hasabatyna görä, Türkmenistan geçen ýylyň ikinji ýarymynda Bileleşige agza ýurtlardan import edýän harytlarynyň, hususan-da ýeralmanyň, bugdaýyň, şekeriň we günebakar ýagynyň möçberini ozalky ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandyrdy.

Muňa garamazdan, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň pikiriçe, Türkmenistanyň häzirki şertlerinde ýurduň Ykdysady Bileleşige agza bolmak mümkinçiligi ýabygorly. Sebäbi Bileleşige agza bolmak Türkmenistandan ykdysady we söwda gatnaşyklarynda aç-açanlygy we aýdyňlygy talap eder. Bu hem türkmen hökümetiniň iş ýörediş tilsimine gabat gelmeýär.

“Men Türkmenistanyň Bileleşige nädip agza boljakdygyna göz ýetirip bilmeýärin. Hususan-da bu Türkmenistanyň hasap-hesip işleriniň tertibi, ykdysadyýeti dolandyryş tilsimleri babatynda şeýledir. Türkmenistan özüniň maliýe işleri babatynda juda açyk we aç-açan bolmaly bolar. Bileleşige agza ýurtlar Türkmenistandan onuň näçe pulunyň bardygy, pullary nirä harçlanýandygy we manadyň hakyky hümmedi barasynda has köp maglumat bilmek islärler. Sebäbi olar söwda bilen meşgullanmaly” diýip, Panniýer 20-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa girýär. Bileleşik 2014-nji ýylda Russiýa, Belarus we Gazagystan tarapyndan esaslandyryldy we 2015-nji ýylyň ýanwarynda öz işine başlady.

Panniýeriň sözlerine görä, Bileleşige agzalyk Türkmenistandan onuň Eýran we Hytaý ýaly üçünji taraplar bilen edýän söwda geleşikleri babatynda-da aç-açanlyk talap eder. Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň 90-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri Ýewraziýada has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyga çagyryş edip gelýändigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Täjigistan köp ýyllyklaryň dowamynda gurama agza bolmaga synanyşýar.

Özbegistan 2020-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde synçy agza statusyna eýe boldy.

Hökümetçi Turkmenportal.com neşiri Nazarbaýewiň Mişustin bilen geçiren duşuşygy hem-de onuň Türkmenistan bilen Ykdysady Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek çagyryşlary barada 19-njy awgustda habar çap etdi. Ýöne neşir näme üçindir bu habary soňra pozdy.

Bu aralykda, “Asia Plus” täjik neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna hem-de Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Duşenbede geçiriljek bilelikdäki sammitine gatnaşmagyna garaşylýar.

Berdimuhamedow mundan ozal 2007-nji we 2016-njy ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. Türkmenistan şu wagta çenli Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy guramasynyň sammitlerine döwlet baştutany derejesinde gatnaşmady.

Ekspertlere görä, Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Russiýa bolsa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde hem-de Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynda agalyk ediji güýç hökmünde tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG