Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak prezident. Owganystanyň ýykylmagyna Aşraf Gani günäkärmi?


Aşraf Gani

"Talyban" Kabuly ele geçirende, ýurtdan gaçyp çykan Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani gazaplylygy döretdi hem örän garşylykly pikirleri emele getiren şahsyýete öwrüldi. Onuň ýolbaşçylyk usuly hökümetiň esasy täsirli liderlerini işden daşlaşdyrdy hem-de owgan howpsuzlyk güýçlerini ýeňlişe sezewar etdi.

Müňlerçe talyp söweşijisi Kabuly gabady, tutuş paýtagty gorky hem howsala gurşap aldy. Şäherde ganly çaknyşykdan gorkan millet barlyşyksyz yslamçy toparyň dolandyryşynyň hem repressiw çäreleriniň howpunyň astynda galdy.

Köçelerde bulam-bujarlyk emele gelip, halkara aeroporty köp sanly bosgundan dolanynda, Kabuldaky esasy hökümet we syýasy ýolbaşçylar häkimiýeti parahatçylykly tabşyrmak üçin, “Talyban” güýçleri bilen dartgynly gepleşik geçirýärdiler.

Emma prezident Aşraf Gani hiç ýerde görünmeýärdi.

Ministrleri onuň bilen habarlaşmaga çalyşdylar, ýöne prezident edarasy bilen habarlaşyp bilmediler. Birnäçe sagat öň kynçylyk çekýän Owganystanyň lideri iň ýakyn kömekçileriniň bir topary bilen Kabulyň merkezindäki prezident köşgünden, gizlinlikde uçar bilen çykyp gaçypdy, ol öz ýurdundaky bidüzgünçiliklerden uzakdady.

Mundan birnäçe gün ozal ýurtdan çykmajakdygyny wada beren Gani 15-nji awgustda, ýurduň geljekki takdyry çözülmeli wagtynda gaçdy. Ol dönüklerçe gaçdy.

Özüniň gaçmak baradaky meýlini hatda ministrler kabinetiniň esasy agzalaryna, şol sanda goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bismillah Han Mohammadä-de aýtmandy.

Bismillah Han Mohammadi
Bismillah Han Mohammadi

"Olar biziň elimizi daňyp, ýurdy satdylar" diýip, ýurduň baş serkerdesi Mohammadi resmileriň gaçandygyny eşidip, geň galdyryjy habar hakda twit ýazdy.

“Ganä hem onuň toparyna nälet bolsun!” diýip, Mohammadi döwlet baştutanyna ýoldaş bolup gaçan, onuň ýakyn iki ynamdary – prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Hamdulla Mohibini hem-de prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy Fazel Fazli göz öňünde tutdy.

Aşraf Ganiniň uzak wagt bäri garşydaşy bolan hem-de ikinji ýokary derejeli hökümet işgäri Abdulla Abdulla: "Bu eden işleri üçin, Hudaý onuň jezasyny bersin!” diýdi.

Gani gaçyp çykandan birnäçe sagat soň Facebookda "gan dökülmeginiň öňüni almak" üçin ýurtdan çykandygyny ýazdy.

Ganiniň Kabuldan gaçmagy bilen onuň ýedi ýyllyk kynçylykly we jedelli dolandyryşy tamam boldy.

Analitikler 72 ýaşly Ganiniň gödek we awtoritar liderlik usulynyň esasy täsirli güýçleri işden daşlaşdyrmak bilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň çalt ýeňilmegine, netijede hökümetiň dargamagyna goşant goşandygyny aýdýarlar.

"Talyban" 1-nji maýda, ýagny daşary ýurtly goşunlar yza çekip başlan badyna çalt harby hüjüme geçdiler. Ol söweşiji topar diňe bir hepdäniň içinde ýurduň köp şäherini basyp aldy, şol wagtyň özünde hökümet güýçlerinden müňlerçe adam olara tabyn boldy ýa-da yza çekildi.

— Onuň bölünişikli we kadaly bolmadyk ýolbaşçylygy ýurduň dolandyrylyşyna hem-de uruş meýilleriniň ösmegine täsir etdi – diýip, Kabuldaky garaşsyz pikir merkezi bolan “Owganystanyň Analitik ulgamynyň” barlagçysy Ali Adili aýdýar.

«Talyban» söweşijileri Owganystanyň prezident köşgünde. 2021-nji ýylyň 15-nji awgusty. Bu wagta çenli Aşraf Gani eýýäm ýurtdan çykyp gaçypdy.
«Talyban» söweşijileri Owganystanyň prezident köşgünde. 2021-nji ýylyň 15-nji awgusty. Bu wagta çenli Aşraf Gani eýýäm ýurtdan çykyp gaçypdy.

Gani ýurduň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylygyny birnäçe gezek dargatdy hem çalyşdy. Şeýle hem ol welaýatlarda, esasanam demirgazyk Owganystanda häkimiýete eýe bolan öňki serkerdeleri çetleşdirip, täsirli güýji öz eline almak isledi.

— Soňky hepdelerde demirgazyk welaýatlarda "Talybana" garşy durup bilmezlik, Ganiniň möhüm şahsyýetlerden daşlaşmagyna we ýerli güýç gurluşlarynyň gowşamagyna getirdi – diýip, Londonyň “Chatham House” barlag merkeziniň ylmy işgäri Hamid Hakimi belleýär.

ÝEŇIŞLER HEM HÖKÜMETDEN ÇEKILMEK

Öňki maliýe ministri Gani 2014-nji ýylda prezident saýlawynda ýeňiş gazandy hem sesleriň galplaşdyrylmagy baradaky aýyplamalar bilen häkimiýete geldi.

Gündogar Logar welaýatyndan bolan etnik puştun Owganystandaky iň ýokary syýasy wezipä saýlandy. Ol Bütindünýä bankynda we Birleşen Milletler Guramasynda işläpdi, hatda kynçylykly döwletleriň meselelerini nädip çözmelidigi barada kitap hem ýazypdy.

Ýöne oňa köpçüligiň esasy goldawy ýetmezçilik etdi. Uzak wagtlap ABŞ-da erkin sürgünlikde ýaşamagy sebäpli adaty owganlar bilen aragatnaşygyny ýitiripdi, hormata hem at-abraýa eýe däldi.

Ol öz töweregini Günbatarda bilim alan kömekçileri hem geňeşçileri bilen gurşady. Özüni içerki meselelere gyzyklanýan taraplardan daşlaşdyrdy.

Şeýle hem Gani etniki tarapdarlykda we ýurduň köp sanly etniki toparlarynyň arasynda dartgynlygy güýçlendirmekde aýyplandy.

Hakimi Ganiniň öz aýdanyny diňlemegi gowy görýän köpçüligi halaýandygyny aýdyp, ony "nusgawy owgan populisti" hökmünde häsiýetlendirdi.

— Onuň ýüzleý populizmi ulumsylygynyň netijesidi, özüniň akademiki we antropologiki düşünjesine ynamy ýokary bolup, şonuň bilenem jemgyýeti dolandyrmak isleýän prezidentdi. Mundan başga-da, gylyk-häsiýetine ýa-da diline erk edip bilmeýärdi, haçan-da onuň ylalaşmaýan faktlaryny aýan edenlerinde ýa-da mundan-da beteri: tankyt edilende gyzmaçdy – diýip, Hakimi aýdýar.

«Talyban» dowla düşüp Hamid Karzaý adyndaky halkara aeroportuna gaçyp barýanlara garamazdan, gözegçilik nokatlaryny goýýarlar. Ol ýerden adamlar hatda wizasyz daşary ýurtlara ewakuasiýa edilýär. Kabul, 2021-nji ýylyň 15-nji awgusty.
«Talyban» dowla düşüp Hamid Karzaý adyndaky halkara aeroportuna gaçyp barýanlara garamazdan, gözegçilik nokatlaryny goýýarlar. Ol ýerden adamlar hatda wizasyz daşary ýurtlara ewakuasiýa edilýär. Kabul, 2021-nji ýylyň 15-nji awgusty.

Gani bilen işleşen, hökümediň öňki geňeşçisi Torek Farhadi prezidenti eglişige gitmeýän ýa-da häkimiýeti bermek islemeýän "ygtybarly" lider diýip häsiýetlendirdi.

— Onuň syýasy hereketleri häkimiýeti saklamak üçin hasaplanandy. Bu maksadynda ol adaty ýolbaşçylar bolsun ýa-da tehnokratlar – iş başarýan köp taraplary daşlaşdyrdy – diýip, Farhadi aýdýar.

«PARAHATÇYLYK MÜMKINÇILIGINIŇ OGURLANMAGY»

Gani 2014-nji ýylda saýlawdaky bäsdeşi Abdulla bilen häkimiýeti paýlaşmak barada, öz gol çeken şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi. Netijede, ýiti bölünişik we dawa-jenjel bilen häsiýetlendirilýän milli jebisligi dolandyrmak kyn bolan hökümetiň döremegine sebäp boldy.

Gani 2019-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawynda ýeňiş gazandy. Saýlawlara gatnaşanlaryň sany rekord derejede pes bolupdy hem ol galplykda aýyplandy. Daşary ýurtdaky güýçli döwletler hem içerdäki täsiri ýokary bolanlar ony “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň hatyrasyna ol sesleri goýbolsun etmäge çagyrdylar. Emma ol boýun bolmady.

2018-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary owgan hökümeti gatnaşmazdan, Katarda “Talyban” resmileri bilen göni gepleşiklere başlady. On sekiz aýdan soň taraplar Owganystandan daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagyna ýol açýan ikitaraplaýyn şertnama gol çekdiler.

Ylalaşyk şertnamasyny ilki bilen Aşraf Ganiniň hökümeti puja çykardy, sebäbi olar ylalaşyk şertnamasynyň düzümine girmändiler. Şeýle hem ylalaşyk şertnamasyna laýyklykda Ganiniň administrasiýasy 5 müň “Talyban” söweşijisini türmeden boşatmaga borçlanypdy. Ilki başda Gani köpçülikleýin boşadylmaga garşy çykdy, ýöne islemese-de ony göwünsiz kabul etdi, onuň tussaglary boşatmakdan gaça durmagy parahatçylyk gepleşiklerini birnäçe aý yza süýşürdi.

Mundan soň 2020-nji ýylyň sentýabrynda Owganystanyň öz içinde parahatçylyk gepleşikleri başlanandan soň, tankytçylar Ganini häkimiýeti öz elinde saklamak üçin, parahatçylyk prosesini haýallatmakda we bozmakda aýypladylar.

Bir ýyl töweregi wagt geçensoň, Gani Owganystandaky parahatçylyga däl-de, eýsem “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçirende, 20 ýyllyk demokratik dolandyryşyň soňuna syn edýärdi.

— Gani Owganystanyň halkyndan, parahatçylyk mümkinçiligini ogurlan prezident hökmünde ýatda galar – diýip, Farhadi aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG