Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýtalanmagy ahmal hüjümler baradaky duýduryşlara garamazdan, Kabuldan ewakuasiýa gatnawlary dowam etdirilýär


Aerportdaky bomba hüjüminde pida bolan bir adamyň hossary onuň jesediniň ýanynda ýas tutýar. 27-nji awgust. Kabul hassahanasy.

Kabul howa menziliniň girelgesiniň daşynda garaşýan onlarça adamyň janyny alan iki partlamadan bir gün soň, ýene janyndan geçeniň hüjüm synanyşyklarynyň bolmagynyň ahmaldygy baradaky duýduryşlaryň arasynda, ýüzlerçe owganystanlyny we daşary ýurtlyny howa ýoly arkaly ýurtdan ewakuasiýa etmek işleri dowam etdirildi.

Paýtagt ýaşaýjylary 27-nji awgustda irden aeroportdan uçýan uçarlaryň göze ilendigini, mähelläniň howa menziliniň Abbey derwezesine gaýtadan dolanyp barandygyny aýdýarlar. Bu ýerde bolan partlamalarda azyndan 72 owganystanly we 13 ABŞ esgeri öldi.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talybanyň” hem-de Günbataryň duşmany “Yslam döwleti” (YD) öz üstüne aldy. Topar özüniň “Yslam döwleti – Horasan” (YD-H) şahamçasynyň bir janyndan geçen hüjümçisiniň “Amerikan goşunynyň terjimeçilerini we hyzmatdaşlaryny” nyşana alandygyny aýtdy.

Hüjümden soň düşürilen wideoda howa menziliniň haýatynyň golaýyndaky bir hapa suw kanalynda üýşüp ýatan jansyz jesetleri, jesetleriň arasynda öz ýakyn hossarlaryny gam-gussa bilen gözleýän parahat ilaty görmek bolýar.

“Men tüweleýiň plastik gaplary howada uçuryşy ýaly howada gaýyp ýören ynsan jesetlerini we adamlaryň beden agzalaryny gördüm” diýip, bir owganystanly şaýat gürrüň berdi. “Kanalizasiýanyň suwy gana bulandy” diýip, ol aýtdy.

ABŞ prezidenti Jo Baýden “Yslam döwletinden” bu hüjüm üçin ar alynjagyny we onuň bilen “hasaplaşyljagyny” aýtdy. Ol ABŞ serkerdelerine YD-H emläklerine, ýolbaşçylaryna we desgalaryna zarba urmak planlaryny işläp düzmegi buýruk berendigini sözüne goşdy.

Bu aralykda, Kabulda ýagdaýlar dartgynly bolmagynda galýar. ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň başlygy Frank MakKenzie Yslam döwleti – Horasanyň mundan soňky hüjümleri, şol sanda howa menzilini nyşana alýan raketa we ulag-bomba hüjüm ähtimallyklary sebäpli öz goşunlarynyň hüşgärlik ýagdaýyndadygyny belledi.

“Biz taýýarlyk üçin elimizden gelýän ähli çäreleri görýäris” diýip, ol aýtdy we özleriniň “Talyban” bilen käbir aňtaw maglumatlaryny paýlaşýandyklaryny söznüne goşdy. Ol “käbir hüjümleriň olar [Talyban] tarapyndan serpikdirilendigine” özüniň ynanýandygyny aýtdy.

Kabul aeroportynyň daşynda, azyndan 60 owganystanlynyň we 13 ABŞ esgeriniň janyny alan janyndan geçeniň hüjüminiň bolan ýerinde, garaşan adamlaryň el goşlary.
Kabul aeroportynyň daşynda, azyndan 60 owganystanlynyň we 13 ABŞ esgeriniň janyny alan janyndan geçeniň hüjüminiň bolan ýerinde, garaşan adamlaryň el goşlary.

Birleşen Ştatlar, gozgalaňçylar şu aýyň başynda Kabuly ele geçireli bäri, “Talyban” bilen bilelikde ewakuasiýa işini utgaşdyrýar.

Terrorçylyk hüjümi Birleşen Ştatlaryň müňlerçe amerikan raýatyny, ýaranlaryny we howp astyndaky owganlary Owganystandan ewakuasiýa etmek wezipesini amal aşyrmakdan saklap bilmez diýip, Baýden nygtady we ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykmagy üçin 31-nji awgustda bellenen möhletini ýene bir gezek tassyklady.

1000 töweregi ABŞ raýatynyň heniz hem Owganystandadygy çaklanýar. Şeýle-de, köpüsi soňky ýigrimi ýyl bäri halkara güýçler bilen işleşen ýene müňlerçe owganystanly daşary ýurt goşunlary ýurdy terk edenden soňra “Talybanyň” özlerinden ar almagyndan gorkup, heniz hem ýurdy terk etmäge umyt baglaýar.

Baýden administrasiýasy ABŞ tarapyndan goldanýan owgan hökümeti darganyndan we “Talyban” ýurdy basyp alanyndan soň ýaýbaňlanan bulam-bujar ewakuasiýada günäkärlenýär. Emma prezident Amerikanyň iň uzyn söweşini gutaryp, Owganystandan goşun çykarmak kararyny gaýta-gaýta gorady.

Bu hüjümde ölenleriň sany ony soňky on ýylda Owganystandaky amerikan güýçlerine edilen iň ganly hüjüme we 20 ýyllyk urşuň tutuş dowamynda bolan iň ganly hadysalaryň birine öwürdi.

Hüjümden soň düşürilen wideoda howa menziliniň haýatynyň golaýyndaky bir hapa suw kanalynda üýşüp ýatan jansyz jesetleri, jesetleriň arasynda öz ýakyn hossarlaryny gam-gussa bilen gözleýän parahat ilaty görmek bolýar.
Hüjümden soň düşürilen wideoda howa menziliniň haýatynyň golaýyndaky bir hapa suw kanalynda üýşüp ýatan jansyz jesetleri, jesetleriň arasynda öz ýakyn hossarlaryny gam-gussa bilen gözleýän parahat ilaty görmek bolýar.

Kabulyň howa menzilindäki Abbey derwezesiniň golaýynda, ABŞ-nyň goşunlarynyň soňky günlerde ýurtdan gitmek umydy bilen toplanan owgan mähellesini saklaýan ýerinde iki janyndan geçen hüjümçi bomba ýardy. Mundan başga, ýaragly adamlar parahat ilata we harby güýçlere tarap ot açdy. Şol derwezäniň golaýyndaky Baron myhmanhanasyna ýa-da onuň golaýyna hem hüjüm edildi.

ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykmagy üçin 31-nji awgustda bellenen möhletiniň öň ýany, birnäçe Günbatar ýarany, şol sanda Kanada, Gollandiýa, Belgiýa we Germaniýa özleriniň ewakuasiýa işlerini bireýýäm tamamlady.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 27-nji awgustda irden britan güýçleriniň Kabul howa menzilinden adamlary ewakuasiýa etmek işleriniň soňky tapgyryna gadam basandygyny hem-de dokumentleri kabul ediş desgalarynyň ýapylandygyny mälim etdi.

Tagallalar indi bireýýäm ýurtdan gitmek hukugyna eýe bolan we bireýýäm howa menziline baran britan raýatlaryny we beýlekileri ewakuasiýa etmek işlerine gönükdirilýär.

ABŞ we onuň ýaranlary 25-nji awgustda Yslam döwleti – Horasanyň hüjüm meýilleşdirýändigi baradaky aňtaw maglumatlary sebäpli asuda ilaty aerportdan daş durmaga çagyrypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG