Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

30 ýyldan soň. Merkezi Aziýanyň garaşsyz döwletleriniň garaşlylygy


(çepden saga) Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.
(çepden saga) Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon.

Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan Merkezi Aziýa respublikalary 30 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň ikinji ýarymynda öz garaşsyzlygyny yglan etdiler. Bäş ýurt birek-birege baglanyşygyň alamatlary bilen garaşsyzlyk ýubileýini belleýärler.

Hazar deňzindäki türkmen kurort ulgamy bolan Awazada bäş döwletiň liderleri ýylgyryşýarlar, birek-biregiň elini gysýarlar. 6-njy awgustda Merkezi Aziýanyň postsowet respublikalarynyň bäşisiniň ýolbaşçysy bu ýerde sammite ýygnandylar. Ýöne şeýle çäräni guramak üçin, üç onýyllyk gerek boldy.

Täjigistan, Türkmenistan hem Gazagystan ýakyn wagtda garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny bellemekçi. Gyrgyzystan bilen Özbegistan 30 ýyllyk ýubileýi eýýäm uly dabara bilen toýlady. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, olaryň özara hyzmatdaşlygy haýsydyr bir wagta garanyňda, häzir örän gowy.

Awazadaky duşuşyk Merkezi Aziýanyň liderleriniň üçünji özbaşdak sammiti boldy. Bu çäre 2020-nji ýylda geçiriljekdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Ondan öň şuňa meňzeş ýygnaklar 2018-nji ýylda Astanada we 2019-njy ýylda Daşkentde geçirildi.

Ondan öň, takmynan 20 ýyl bäri bäş ýurduň prezidentleri beýleki bir daşary ýurt lideri gatnaşmazdan, özbaşdak ýygnanyşyp bilmändiler.

Bu ýagdaý geçen 30 ýylyň dowamynda, olaryň gatnaşyklarynyň näderejede güýçli bolandygyny görkezýär.

1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Sowet Soýuzynyň geljegini resmi taýdan bes edýän we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döredilmeginiň başlangyç nokadyna öwrülen Belowež şertnamasyna gol çekilende, Merkezi Aziýa respublikalarynyň ýekeje ýolbaşçysy-da ýokdy.

Ýogsa Belowež maslahatyna Gazagystan SSR-iň lideri çagyrylypdy, ýöne Nursoltan Nazarbaýew oňa gelmedi. Ahyrky netijede Gazagystan SSSR-den aýrylan iň soňky Sowet respublikasy boldy. Bu ýurt Belowež şertnamasyna gol çekilenden sekiz gün soň, 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda öz garaşsyzlygyny yglan etdi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem Özbegistanyň liderleri 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Aşgabatda duşuşyp, GDA-a goşulmagy ylalaşdylar. Aslynda hakykat ýüzünde, olaryň başga çäresi ýokdy.

Merkezi Aziýanyň 1991-nji ýylda Aşgabatda geçen ilkinji sammiti.
Merkezi Aziýanyň 1991-nji ýylda Aşgabatda geçen ilkinji sammiti.

Olar rewolýusiýa gahrymanlary däldi. Olar garaşsyzlyk üçin göreşmändiler. Olaryň köpüsi 1991-nji ýylyň awgust aýynda Sowet Soýuzynyň dargamagyna ýol açan Kremldäki döwlet agdarylyşygyna diňe keseden syn edipdiler.

Bäş respublikanyň baştutanlarynyň hemmesi Kremliň bellän adamlarydy.

Täjigistanyň Kreml tarapyndan bellenen lideri Kahhor Mahkamow agdarylyşygy goldandygy üçin, iş ýüzünde kabinetden çykarylyp kowuldy.

Aşgabatdaky sammite gatnaşan Rahmon Nabiýew garaşsyzlykdan bäri Täjigistanyň üçünji prezidenti bolupdy.

Sowet dolandyryşy astynda Kremliň buýruklaryny ýerine ýetirip gelen Merkezi Aziýanyň liderleri birden Moskwanyň ýolbaşçylygy bolmazdan, öz ýurtlaryny dolandyrmaga mejbury ýagdaýa düşdüler.

1991-nji ýylyň ahyrynda Aşgabat sammitinde, hyzmatdaşlygy hem özara gatnaşyklary borç hökmünde öz üstlerine alan ýurtlar täze meseleler – girdeji gazanmak, azyk we energiýa import zerurlyklary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Bitewi Sowet energiýa ulgamynyň çäginde, Özbegistan Gyrgyzystana, Täjigistana we Gazagystanyň günortasyna tebigy gaz berýärdi. Emma birden Daşkent öz gazy üçin pul talap etdi. Goňşularyň hiç birinde munuň üçin pul ýokdy.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda bäş ýurt hem rus rublyny walýuta hökmünde ulandy. Emma giperinflýasiýa rublyň hümmetini yzygiderli peseldýärdi. Şonuň üçin rublda gazanylan pullary derrew sarp etmäge çalyşýardylar. Býujet maksatlaryny ýerine ýetirmek mümkin däl diýen ýalydy.

1993-nji ýylyň maý aýynda Gyrgyzystan ilkinji bolup, beýleki goňşy döwletlerden öňürti öz milli walýutasyny dolanyşyga girizdi. Onuň merkezi aziýaly goňşulary muňa gaty gaharlandylar hem özleriniň rus rublynyň hümmetsiz zonasyna öwrülmeginden gorkdular.

Muňa jogap edip, Özbegistan Gyrgyzystana berýän tebigy gaz üpjünçiligini kesdi. Şeýle usuly Daşkent Täjigistana garşy hem ulandy. Gaz üpjünçiliginiň kesilmegi resmi taýdan tölegleriň tölenmezligi bilen düşündirildi.

Emma gaz üpjünçiliginiň kesilmegi köplenç wagtda Gyrgyzystanyň hem Täjigistanyň syýasy hereketlerini Özbegistanyň islenmeýän pursatlaryna gabat gelýärdi.

1990-njy ýyllaryň köp böleginde Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisi-de möhüm harytlaryň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ykdysady krizisi başdan geçirdiler, elektrik togy, ýylylyk üpjünçiligi yzygiderli kesilip durdy.

Krizisiň fonunda ýurtlar daşary ýurt maýadarlaryny çekmek üçin, özara bäsleşdiler. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri girdeji gazanmak we ykdysadyýetini täzeden gurmak umydy bilen önümlerini satmak isleýärdiler.

1992-nji ýylyň ýazynda Täjigistanda raýat urşy başlandy. Ilkinji gezek serhet meselesi ýüze çykdy.

Özbegistan öň hiç kimiň pikir etmejek ädimini ädip, Täjigistan bilen serhedini ýapdy. Az salymdan Özbegistan Merkezi Aziýadaky täze garaşsyz goňşulary bilen serhetlerinde, barlag nokatlaryny gurup başlady.

Beýleki ýurtlar hem öz gezeginde şuňa meňzeş ädim ätdiler, şeýlelik bilen olar onsuzam ejiz býujetlerine goşmaça ýük döretdiler we harytlaryň üstaşyr geçmegini haýallatdylar.

Başky ýyllarda käbir özara hyzmatdaşlygam boldy.

Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan Russiýanyň Täjigistanda döreden parahatçylygy goraýyş güýçlerine harby gullukçy ibermek barada ylalaşdylar. Olaryň wezipesi Täjigistanyň hökümet güýçleriniň ýurduň içindäki garşydaşlaryna garşy göreşmegine mümkinçilik bermek üçin, owgan serhedini goramakdy.

Gazagystan, Gyrgyzystan hem Özbegistan 1994-nji ýylda ykdysady bileleşik döretdiler. Üç ýurduň prezidentleri garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda “baky” dostluk şertnamalaryna gol çekmek we meýilnamalary düzmek üçin, ýygy-ýygydan duşuşýardylar.

Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow başga bir ugry saýlady. Garaşsyzlyk yglan edilenden gysga wagt soň, Türkmenistan Merkezi Aziýadaky goňşularyndan uzaklaşdy. Nyýazow sebitleýin guramalara goşulmaga gyzyklanma bildirmedi.

1995-nji ýylyň ahyrynda BMG Türkmenistany bitarap döwlet hökmünde ykrar edensoň, Nyýazow Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny düýbünden bes etdi.

Içerki raýat urşy Täjigistany Merkezi Aziýanyň jebisligini güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryň köpüsinden aýyrdy. Täjigistan diňe 1998-nji ýylyň mart aýynda, sebitiň döwletlerini öz içine alýan Merkezi Aziýanyň Gümrük Bileleşigine kabul edildi.

Merkezi Aziýada ilkinji terrorçylyk hereketi 1999-njy ýylyň 16-njy fewralynda boldy, Daşkentde birnäçe partlama ýüze çykdy.

Şol ýylyň tomsunda Gyrgyzystanyň günortasynda Özbegistan Yslam Hereketiniň (ÖYH) ekstremistleriniň peýda bolmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da pese gaçyrdy.

Özbek häkimiýetleri Duşenbäni ÖYH söweşijilerine Täjigistanyň territoriýasyny baza hökmünde ulanmaga rugsat bermekde günäkärledi. Täjigistan hökümeti bu aýyplamany ret etdi. Şeýle hem Daşkent Gyrgyzystany söweşijileri ýok etmek üçin, ýeterlik tagalla etmezlikde aýyplady.

1998-nji ýylyň noýabrynda Duşenbe Özbegistany Täjigistanyň demirgazygyndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyny goldamakda aýyplady.

Türkmenistan Özbegistany 2002-nji ýylyň noýabr aýynda prezident Nyýazowa garşy kast etmek synanyşygy diýilýäninde aýyplamakdan saklandy. Emma türkmen howpsuzlyk güýçleri Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda barlag işlerini geçirdiler hem Nyýazowa garşy kast etmek synanyşygyndan bir aý geçmänkä, ilçi Abduraşid Kadyrowa garşy non grata yglan edildi.

2005-nji ýylyň mart aýynda prezident Akaýewi wezipesinden aýran Gyrgyzystandaky “Çigildem” rewolýusiýasyna käbir adamlar demokratiýanyň ýeňşi hökmünde garadylar.

Gyrgyzystandaky «Çigildem» rewolýusiýasy. 2005-nji ýylyň marty.
Gyrgyzystandaky «Çigildem» rewolýusiýasy. 2005-nji ýylyň marty.

Emma Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hökümetleri beýle rewolýusiýany islemeýärdi. Garaşsyzlykdan bäri häkimiýet başynda oturan liderler halk tolgunyşyklarynyň öz ýurduna aralaşmagyndan alada galýardylar.

Garaşsyzlyk yglan edilenden 20 ýyl soň, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy biri-birinden düýpgöter tapawutlanyp başlady. Bular indi 1991-nji ýylda Aşgabatda geçirilen sammite jemlenen liderler däldi, ýagny umumy taryhy hyzmatdaşlygy ösdürmäge we hemmeleriň gülläp ösmegine kömek etjekdigine umyt baglaýan ýolbaşçylara meňzemeýärdiler.

Aragatnaşyk üçin sebäpler köp däldi. Ýolbaşçylaryň seýrek duşuşýandygy hakykat, hatda ikitaraplaýyn saparlaryňam ýygy-ýygydan bolmaýandygy geň görülmeýärdi. Ýöne Özbegistanyň prezidenti Kerimowyň 2016-njy ýylda aradan çykmagy sebit gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak üçin katalizator boldy.

Kerimow Merkezi Aziýanyň beýleki liderlerine hemişe duşmançylykly garady. Dürli döwürde, mikrofonyň öňünde diplomatik däl aç-açanlygy mälim edip, Nazarbaýewi, Akaýewi, Rahmony, Nyýazowy we 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Gyrgyzystanyň prezidenti bolan Almazbek Atambaýewi kemsitmäge çenli baryp ýetdi.

Kerimowyň mirasdüşeri Şawkat Mirziýaýew entek söz beren reformalaryň köpüsini amala aşyryp bilmese-de, Özbegistan bilen goňşularynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagy wada berýär.

Merkezi Aziýada geçirilen özara sammitler bu ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ýene mümkin boljakdygyna mysaldyr.

Elbetde, meseleler galýar. Iň çynlakaý mesele, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda dowam edýän serhet dawasy. Şeýle-de bolsa, aprel aýynyň ahyrynda iki ýurduň gysga ýaragly çaknyşykdan soň hem iki döwletiň liderleri Awaza geldiler.

Mirziýaýew we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gyrgyzystanyň täze prezidenti Sadyr Žaparow bilen aýratynlykda duşuşdylar hem gepleşik geçirdiler. Täjigistanyň prezidenti Rahmon Gyrgyzystan bilen serhetdäki dartgynlygy azaltmak üçin tagalla etdi.

Türkmenistan henizem goşulyşmazlyk syýasatynda galýar, galan dört ýurt pandemiýa wagtynda özara hyzmatdaşlyk edip, mümkin boldugyça birek-birege kömek etmäge synanyşdy.

Serhetler doly açyk däl, ýöne soňky 20 ýylda ol öňkülerinden has açyk. Özbegistan Gyrgyzystan bilen Täjigistan arasyndaky serhetde goýlan minalary zyýansyzlaşdyrdy.

Soňky bolup geçen sammitler Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetlerini has ýakynlaşdyrmaly diýen umumy düşünje döretmek mümkinçiligine gönükdirildi.

Gyrgyzystan ilkinji bolup, 31-nji awgustda, Özbegistan 1-nji sentýabrda Garaşsyzlygy baýram etdiler. Täjigistan 9-njy sentýabrda, Türkmenistan 27-nji sentýabrda, Gazagystan hem iň soňy 16-njy dekabrda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny belläp geçerler.

Geň ýeri, Merkezi Aziýanyň öňki Sowet respublikalarynyň bäşisinde şu ýylky Garaşsyzlyk gününiň iň gowy aýratynlyklaryndan biri, hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilik hem-de birek-birege garaşly bolmak derejesi geçen ýyllara garandan, has artyk ýaly görünýär.

Awtoryň öňe sürýän pikirleri Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG