Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 çagalaryň ölümine sebäp bolýar, derman hemmä elýeterli däl


Nyýazow adyndaky keselhananyň territoriýasy, Aşgabat
Nyýazow adyndaky keselhananyň territoriýasy, Aşgabat

COVID-19 Türkmenistanda ilatyň ölümine sebäp bolýar. Şu günler näsaglaryň we ölýänleriň arasynda çagalar hem bar. Bu döwürde lukmançylyk hyzmatlary barha köp adama elýeterli bolmaýar we derman bahalarynyň ýokarlanmagyny dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. Hökümet bolsa, koronawirus ýurtda henizem ýok diýýär.

Azatlygyň habarçylarynyň iň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabatda ölýänler köp. Nyýazow ayndaky keselhananyň reanimasiýa bölüminde günde ortaça 30 adam ýogalýar. Ýogalýanlaryň köpüsi koronawirus bilen kesellän adamlar we ölenleriň arasynda çagalar bar.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen çeşmeleriň biri: "Parahat 2/4-de 4 ýaşly oglan öldi, ony sellofanda berdiler. Keselhanalarda çagalar köp" -diýdi.

Başga bir çeşme 10-njy sentýabrda bir enäniň we çaganyň ölümi barada habar berdi: "Düýn Bizmeýinde bir ene we bir ogul ýogaldy. Ogly ilki öldi, ejesi üç gün soň aradan çykdy" diýdi.

Köplenç hassahanalarda ölen hassalar plastik örtgülerde jaýlanýar, köp halatlarda jaýlanyş çäreleri adamlar gatnaşmazdan geçirilýär.

Bu aralykda, Aşgabadyň saglyk edaralarynyň lukmançylyk işgärleri öýme-öý aýlanyp, ilata sanitariýa çärelerini ýerine ýetirmegi duýdurýarlar we öýde galmaga çagyrýarlar.

Köp hassahanalarda bejergi hassalaryň hasabyna berilýär, dermanlar üçin tölemeli bolýar. Zerur dermanlar hassahanalarda ýetmezçilik edýär. Çoganlynyň ýokanç keseller hassahanasynda dermanlar mugt berilýär.

Paýtagtyň dermanhanalarynda dürli dermanlaryň we witaminleriň bahasy ýene-de birden ýokarlandy.

Mekdebe gatnaýan çagalaryň azlygyna garamazdan, ýatyrylyp, birden täzeden başlan okuw prosesi dowam edýär. Okuwçylaryň käbiri hassa, beýleki bölegi ene-atalaryň öz çagalarynyň saglygy bilen bagly gorkulary sebäpli mekdebe gitmeýär.

"Her niçigem bolsa, okuwçylar resmi taýdan mekdebe gidýärler, ýöne okuw ýok. Synpda çagalar kart oýnaýarlar" - diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okaýan okuwçylaryň ejesi gürrüň berdi.

Munuň öňüsyrasynda Aşgabadyň mekdepleriniň okuwçylaryna okuwdan galmak üçin ýazylmaly arzalaryň ýörite anketalary paýlanypdy.

Şu ýyl ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýyly COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly berk çäklendirmeler sebäpli sapaklaryň ýatyrylmagy bilen başlanypdy, şol bir wagtyň özünde-de okuwçylardan prezidentiň portretleri üçin adatdakysy ýaly pul ýygnaldy. Şeýle-de, mekdep okuwçylary dezinfeksiýa we sosial aralygy saklamagyň zerurlygy baradaky duýduryş "stikerleri" satyn almak üçin goşmaça pul tölemeli boldular.

Keseliň ýaýramagy ýurduň uniwersitetlerindäki okuw prosesine hem täsir etdi. 1-nji sentýabrda Aşgabada dürli welaýatlardan talyplar ýörite awtobuslarda ähli uniwersitetlere getirilipdi, ýöne gysga wagtda yzyna öýlerine iberilipdi.

Habarçylar häzir ýokary okuw jaýlarynyň, şol sanda konserwatoriýanyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni mynasybetli köpçülikleýin çärelere gatnaşjak aşgabatly ýaşaýjylaryň ýerleşdirilendigini, şeýle-de olaryň Halk Maslahatynyň ýygnagyna gabat geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny habar berdiler. Baýrama taýýarlyk maşklary her gün birnäçe sagatlap bolýar. Gatnaşanlar karantinde saklanýar we olara öýlerine gitmäge rugsat berilmeýär.

Ýurduň häkimiýetleri henizem koronawirusyň ýaýramagyny ykrar etmeýärler. Emma ýagdaýa çäklendiriji çäreler bilen reaksiýa bildirýärler. Aşgabatda söwda, hyzmat we güýmenje obýektleri ýapyldy. Ýas çärelerine gadagançylyk girizildi.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habarlaryna görä, geçirilýän testleriň netijeleri Türkmenistanda COVID-19 keseliniň "Delta" görnüşiniň bardygyny tassyklaýar. Ýurduň lukmançylyk edaralarynda koronawirus anyklanýan hem bolsa, hasaba alynmaýar. Näsaglaryň we ölenleriň arasynda waksina alan adamlar hem bar.

Ilata waksina etmek işi dowam etdirilýär, köplenç hytaý sanjymy ulanylýar.

Koronawirusa garşy waksina ýurtda hökmanydyr. Türkmenistan ilatyny koronawirusa garşy sanjymy edip-etmezligi saýlamak hukugyndan mahrum etdi, emma ilatyna waksina edilmegine degişli statistikany bermeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG