Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus pidalary üçin tabyt ýetişmeýär, hökümet Garaşsyzlyk üçin täze tribuna gurmaga gyssanýar


Oguzhan köşgi, Aşgabat
Oguzhan köşgi, Aşgabat

Türkmenistanda koronawirusdan ýokary keselçilik we ölüm derejesi saklanýar. Häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagyny ykrar etmezligini dowam etdirip, täze çäklendirmeleri girizýän hem-de söwda, hyzmat we dynç alyş desgalaryny ýapýan wagtynda baýramçylyk üçin ýörişleri repetisiýa edýärler. Mundan başga-da, dermanlaryň we medisina enjamlarynyň ýiti ýetmezçiligi dowam edýän wagtynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralar üçin täze gymmatbaha desgalar gurulýar.

Aşgabadyň keselhanalarynda ölenleriň jesetleri olaryň ýakynlaryna berlende doly ýapyk görnüşde gowşurylýar, köplenç polietilen bilen örtülýär, açmaga rugsat berilmeýär we dessine jaýlanmak talap edilýär.

"56 ýaşly erkek adam keselledi. Ol Nyýazow keselhanasynda birneme gowulaşdy, çykdy, soň bolsa Semaşkoda ýogaldy. Jesedi berenlerinde, ol tutuş kellesi bilen oralgydy we ýüp bilen daňylgydy. Ony açmaga rugsat bermediler. Şeýdip, tabytda saldylar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 7-nji sentýabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Keselhanalarda ýogalýan näsaglaryň ölüminiň sebäbi kagyz ýüzünde dürli görkezilýär, ýöne merhumlaryň köpüsiniň garyndaşlary, olaryň koronawirus bilen keselläp, ýogalandygyny bilýärler, sebäbi olarda COVID-19-yň alamatlary bolup, koronawirusdygy test tarapyndan hem tassyklanýar. COVID-19 keseli Türkmenistanda testler bilen anyklanýar, emma resmi hasaba alynmaýar. Bu barada howpsuzlyk sebäpli anonim görnüşde habar berýän Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bolsa ýurtda COVID-19-yň bardygyny resmi taýdan inkär edýärler, şeýle hem keseliň ýaýramagyna we ilatyň zerurlyklaryna üns bermeýärler.

Häzirki wagtda hökümet tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýan esasy tema Garaşsyzlyk gününe taýýarlykdyr. Häkimiýetler köpçüligiň üýşmegini gadagan etmegine we mekdeplerde okuwy ýatyrmagyna garamazdan, garaşsyzlygyň 30 ýyllygy üçin düýpli taýýarlyk görmekden we hatda üýşmeleňli parad ýörişler geçirmekden el çekmeýärler.

Mundan başga-da, dermanlaryň we medisina enjamlarynyň ýiti ýetmezçiligi dörän wagtynda dabaralar üçin täze gymmat desgalary açmaga taýýarlanýarlar.

Ýakynda geçirilen ýygnakda hökümet resmileri prezidente täze hökümet tribunasynyň gurluşygy barada hasabat berdiler. Resmiler 16-njy sentýabrda açyljak we 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününde harby paradyň geçjek ýeri bolan tribunanyň "bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny alamatlandyrjagyny" öňe sürdüler. Desgalaryň gurluşyk çykdajylary görkezilmedi.

Birnäçe ýyl bäri agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurt, maliýe durnuksyzlygy, demografiki çökgünliligi, işsizligiň ýokarlanmagy we azyk ýetmezçiligi bilen birlikde koronawirus epidemiýasy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Şunuň bilen baglylykda, söwda, hyzmat we azyk ugurlara degişli sosial desgalar tutuş ýurt boýunça ýapyldy we ilatyň köp bölegi gazanç çeşmesini ýitirdi.

"Täze biderek tribunany gurýarlar, çagalary halas etmegi oýlanmaýarlar. Adamlar zerur kömek bolmazdan ölýärler, häkimiýetler bolsa paraddan ýüz öwürmek islemeýärler" -diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şu günki gün lukmançylyk kömegi hemmeler üçin elýeterli däl. Keselhanalarda adam köp, lukmanlar gyssagly ýagdaýda işleýärler, koronawirusy bejermek üçin dermanlar we lukmançylyk enjamlary ýetmezçilik edýär, köpüsi öýlerinde bejergi alýar we ölüm derejesi ýokarlanýar. Dermanlar paýtagta, keselçilikden ejir çekýän welaýatlardan hem iberilýär.

Merhumlary jaýlamak hyzmatlaryna islegler artýar.

"Hemme zat ýaramazlaşýar. Günde 135 tabyt ýasalýar. Bu diňe tabyt barada aýdylanda" -diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçylary paýtagtyň gonamçylyklarynda her gün azyndan onlarça täze mazaryň taýýarlanylýandygyny hem habar berdiler.

Häzir paýtagtyň mekdeplerinde bir aý yza süýşürilen, soňra duýdansyz täzeden başlanan okuwa gatnaýan okuwçy az. Aşgabadyň mekdeplerinde okaýan çagalaryň ene-atalaryna görä, 7-nji sentýabrda 30 adamlyk synplarda ortaça 6-7 okuwçydan köp bolmandyr.

"Hemmeler alasarmyk ýagdaýda. Çagalaryň köpüsi syrkaw, mugallym ýeterlik däl. Ene-atalar hem çagalaryny okuwa goýbermek islemeýärler" -diýdi Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şu wagt, Türkmenistanyň welaýatlarynda häkimiýetler COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri görýärler. Lebap welaýatynda sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň başlygy tussag edilenden soň, hemme ýere, şol sanda howadan dezinfeksiýa sepilýär.

Azatlyk bilen gürleşen ýerli dermatologlaryň pikiriçe, sepilýän dezinfeksiýa serişdeleri häzirki wagtda ilat arasynda giňden ýaýran deri keselerine sebäp bolýar.

Azatlygyň habarçylary soňky günlerde Özbegistan bilen serhetleşýän Farap we Darganata etraplarynda howadan dezinfeksiýa sepilenden soň azyndan ýüzlerçe malyň we öý haýwanlarynyň ölendigini habar berdiler.

Dezinfeksiýa sepmegiň şuňa meňzeş netijeleri ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda-da köp duş gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG