Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuz aralyk 'nakleýkalary' üçin 5 manat, prezidentiň portretleri üçin 50 manat pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda ýokarlanýan COVID-19 hadysalarynyň fonunda gadam basylan täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Aşgabadyň käbir orta mekdepleri sosial aralygy saklamak barada duýduryş berýän ‘nakleýkalary’ satyn almak üçin okuwçylardan 5 manatdan pul ýygnaýar. Şol bir wagtda, her okuwçy döwlet baştutanynyň klaslara asylan portretlerini çalşyrmak üçin hem-de wirusa garşy dezinfeksiýa serişdelerini satyn almak üçin klas ýolbaşçysyna 50 manat pul bermeli.

2021/2022 okuw ýylynyň öň ýany, gürelen koronawirus hadysalary sebäpli Türkmenistanyň orta mekdeplerinde sapaklar ýokary klas okuwçylary üçin 1-nji oktýabra çenli bir aý möhlet bilen yza süýşürildi. Muňa garamazdan, 6-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuw sapaklarynyň ýokary klaslar üçin hem duýdansyz gaýtadan başlanandygyny habar berdi. Başlangyç synplaryň okuwçylary geçen hepde okuwa başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabadyň orta mekdeplerinde girişilen okuw ýylynyň COVID-19 çäklendirmeleri bilen başlanandygyny habar berýär. Ýöne koronawirus çäklendirmeleriniň ýerine ýetirilmegi üçin ene-atalar çykdajy etmeli bolýar.

“Ýaňy oglum mekdepden gaýdyp geldi. Klas ýolbaşçy her okuwçydan 50 manat ýygnalmagyny talap edýär. Bu pul klaslarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin we wirusa garşy dezinfeksiýa serişdelerini satyn almak üçin ýygnalýar” diýip, bir aşgabatly ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýygnalan puluň ujundan mekdep müdiriniň otagyna spreý hem satyn alynar. Bu spreýiň kömegi bilen müdiriň otagynyň howasyny arassalamak göz öňünde tutulýar.

Görnüşinden, mekdep partalarynda okuwçylar sosial aralyk düzgünlerine laýyklykda oturdylýar. Bu düzgüni berjaý etmek maksady bilen oturylmaly däl partalaryň ýüzüne atanak yşaratyny goýmak üçin nakleýka ýelmenýär. Şol nakleýkalary satyn almak üçin her okuwçydan bäş manat möçberinde pul ýygnalýar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde, galyberse-de ýurduň edara-kärhanalarynda prezidentiň portretleri yzygiderli ýagdaýda çalşyrylýar. Döwlet baştutanynyň suratlaryny çalyşmak üçin raýatlardan dowamly pul ýygnalýar.

Hususan-da, prezidentiň daş keşbi üýtgese, meselem, onuň saçy çalarsa ýa-da başga ýagdaýlar ýüze çyksa döwlet baştutanynyň synp otaglaryndaky suratlary hökmany suratda çalşyrylýar. Şol bir wagtda, döwlet edara-kärhanalarynda prezidentiň portretleri her ýyl saýlanyp alynýan täze şygar esasynda hem täzelenýär.

Ýene bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bilim edaralaryndaky pul mejburlygyndan şikaýat etdi. Ol toplanýan puly “para” atlandyrýar we bu “paranyň” okuwçylaryň bahalaryna we olara berilýän ‘häsiýetnamalara’ täsir edýändigini aýdýar.

“Okuwçylaryň mekdebe gatnap başlamagyna bary-ýogy iki gün bolandygyna garamazdan, okuwçylardan eýýäm pul talap edip başladylar. Kiçi ýaşdan okuwçylara okuw üçin ýa-da bir iş bitirmek üçin para bermelidigini öwredýärler. Şonuň üçin okuwçylar 50 manatdan ýygnamaly. Muňa jogap edip, olaryň gowy bahalary almaklaryna we oňyn häsiýetnamalary almaklaryna kömek berilýär” diýip, bir ene-ata gürrüň berdi.

Ene-atanyň sözlerine görä, onuň gatnaýan mekdebinde sapaklaryň dowamlylygy 30 minut, ýöne mugallymlar okuwçylara sapagyň dowamlylygy 35 minut diýip aýtmagy tabşyrýar.

“Eger kimdir biri sorasa sapagyň dowamlylygy 35 minut diýiň” diýip, ene-ata okuwçylary arakesmä bäş minut ir çykaran mugallymyň okuwçylara aýdan sözlerini sitirledi.

“Kiçi ýaşdan okuwçylara ýalan geplemegi öwredýärler” diýip, ene-ata mekdebi aýyplady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG