Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synaglar, alamatlar, netijeler. Türkmen epidemiologlary yzygiderli işleýärler


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary COVID-19-yň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar barada jikme-jiklik habar bermegini dowam etdirýärler. Soňky habarlara görä, test etdirmek üçin nobatlar, ýokary keselçilik we ölüm derejesi saklanýar. Ilat zerur lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär. Lukmançylyk işgärleri we jaýlanyş çärelerini geçirýän işgärler gyssagly ýagdaýda işleýärler.

"Ýagdaý adatdan daşary, keselçiligiň iň ýokary derejesine entek ýetilmedi, emma aşak hem düşenok. 'Delta' möwç alýar, 1 ýaşdan 5 ýaş aralygyndaky näsag çagalar köp. Köpüsiniň derisine zeper ýetýär, rezin ýaly bolýar we jaýrylýar" -diýip, Azatlygyň çeşmelerinden biri 16-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Test etdirmäge islegler gaty ýokary bolmagynda galýar, Çoganlydaky kliniki we epidemiologiki lukmançylyk institutynyň işgärleri gije-gündiziň dowamynda üç gezek çalşyp işlemeli bolýarlar. Synaglaryň köpüsi, saglyk işgärleriniň bellemegine görä, koronawirusyň bardygyny tassyklaýar.

Köp hassalar synaglar üçin özbaşdak ýüz tutýarlar, testiň bahasy 100 manat. Saglygy goraýyş işgärlerine görä, düzgünlere laýyklykda, koronawirusa ýokaşan adamyň maşgala agzalary mugt synaglary geçirip bilýär, ýöne bu iş ýüzünde edilmeýär.

Ýurt ýolbaşçylaryna görä, Türkmenistanda henizem koronawirus ýok.

Hassahanalaryň we morglaryň işgärleri hem gyssagly ýagdaýda işleýärler.

"Olarda jesetleri morglara ýygnamaga wagt ýetenok. Plastik örtgä dolanan merhumyň jesedine adamyň familiýasy ýazylan kagyzlar ýelmelýär" - diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, gyssagara ýalňyşlyklar hem ýüze çykýar. Çeşme bir zenanyň garyndaşlarynyň ýalňyşlyk bilen başga biriniň jesedini jaýlandygyna hut özüniň şaýat bolandygyny aýdýar. Azatlyk, öz çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bu paka degişli jukme-jiklikleriň ählisini beýan etmekden saklanýar.

Morgda koronawirusdan ölenleriň jesetleri beýleki merhumlardan aýratyn çykarylýar.

"Morgda, bir otagda kowidden ölenlerde başgalar çykarylýar, hatda jaýlanyş çäresi hem hoşlaşyk dabaralary geçirilýär. Başga bir ýerde gapdalda merhumlar selofanda berilýär. Hoşlaşyk bary-ýogy 10 minutda gutarýar" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky hassahanalarda, şol sanda reanimasiýa bölümlerinde boş ýeriň ýokdugyny, koronawirusly näsaglar üçin karantin zolaklarynda hem hassalaryň aşa köpdügini aýdýarlar.

Hususan-da, “Polimex” -iň binalarynda ýerleşýän karantin hem doly. Lukmançylyk edarasyndaky ýer we nahar hassalara mugt berilýär, dermany hassalar satyn aldyrmaly bolýar. Şol bir wagtyň özünde, derman gytçylygy dowam edýär.

Habarçy tassyklanan koronawirusly näsaglaryň ep-esli böleginiň öýde bejergi alýandygyny, olaryň arasynda öýkenine 20% we 50% zeper ýeten näsaglaryň bardygyny habar berdi. Näsaglaryň arasynda sanjym edilenler hem bar.

Bu aralykda ilatyň arasynda lukmançylyk kömegi we dermanlar elýeterli däl şertlerinde özara kömek güýçlendi.

"Döwletiň hereketsizligi, dermanlaryň we azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen bir hatarda köp adam adamkärçilik görkezýär. Galan dermanlary mugt bermek teklip edilýär, "Polimex"-den gaýdýanlary öz awtoulaglarynda daşaýanlar tapylýar, goňşulary hassalara öýlerinde kömek edýärler "diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Ýurtda häkimiýetler koronawirusyň bardygyny inkär edýän wagtynda, ilata hökmany sanjym etmek talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirýär.

Ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynda häzirki wagtda waksina edilmedik ilat etraplaryň arasynda hereket edip bilmeýär. Sanjym şahadatnamasy, esasanam Farap bilen Türkmenabatyň arasyndaky postda talap edilýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň pikiriçe, diňe sanjym edilmedikler däl, eýsem sanjym alan, emma şahadatnama alp ýetişmedik raýatlar hem öz welaýatynda gatnamak mümkinçiligini ýitirdi. Şahadatnama taýýarlatmagyň wagty azyndan 15 güne çekýär. Bolmasa şadatnamany 500 manat para berip has tiz alyp bolýar.

Azatlyk bilen gizlin gürleşen Farabyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, köpler para berip, polisiýa postundan geçýärler.

"Şahadatnama ýok bolsa, 50 manat töläp, barlag nokadyndan geçip bolýar. Her gezek tölemeli. Günde iki gezek geçseň 100 manada düşýär" - diýip, Farabyň ýaşaýjysy aýdýar.

Waksinasiýa Mary welaýatda-da güýçlendi. Waksina bolmasa edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerine işe barmaga rugsat berilmeýär. Sanjym şahadatnamasy hassahana kabul edilende hem soralýar.

Bu sebitde söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň hemmesi diýen ýaly ýapyk.

Habarçylaryň sözlerine görä, şäherdäki durmuş haýallady, diňe dermanhanalarda we hassahanalarda adam köp. Lukmançylyk işgärleriniň arasynda keselçilik ýokarlandy. Marynyň ýokanç keseller keselhanasynda lukmanyň aradan çykandygy bilen belli boldy. Bölüm müdiri 13-nji sentýabrda aradan çykyp, 15-nji sentýabrda jaýlandy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG