Prezident Jo Baýden daşary ýurt raýatlarynyň ABŞ-a syýahat etmegine degişli çäklendirmelerini gowşadýar. Noýabrda güýje girjek täze düzgüne laýyklykda, ABŞ-a syýahat etmek isleýän ähli daşary ýurt raýaty doly waksina kabul eden bolmaly. Ýewropa Bileleşigi we Britaniýa bu karara hoşallyk bildirdi.
20-nji sentýabrda täze düzgüni yglan eden Ak tamyň COVID-19 utgaşdyryjysy Jeff Zients Birleşen Ştatlara syýahat etmek isleýän daşary ýurt raýatlaryndan uçara münmezden öň sanjym kepilnamasynyň hem-de syýahatdan üç gün ozal tabşyrylan negatiw COVID-19 test netijesiniň soraljakdygyny aýtdy.
Şeýle-de, administrasiýa waksina kabul etmedik ABŞ raýatlaryna degişli test düzgünlerini güýçlendirdi. Olar ABŞ-a dolanmazdan bir gün ozal COVID-19 testini tabşyrmaly bolarlar, şeýle-de, olar ýurda dolananlarynda koronawirus barlagyndan geçmeli bolarlar.
Doly sanjym kabul eden ýolagçylardan karantin talap edilmez, diýip Zients aýtdy.
Täze düzgün ilkibaşda Donald Tramp tarapyndan kabul edilen hem-de geçen ýyl Baýden tarapyndan güýçlendirilen birnäçe syýahat çäklendirmeleriniň ornuna girizildi. Yglan edilen täze düzgüni Ýewropa Bileleşigi makullady, Germaniýa oňlady we Britaniýa “ajaýyp” atlandyrdy.