Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden BMG-däki çykyşynda ABŞ-nyň ‘erjellikli diplomatiýadan’ ugur aljagyny aýdýar


Jo Baýden
Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, onuň administrasiýasy diplomatiýa gönükdirilen dünýägaraýşy öňe sürmegi niýet edinýär. Jo Baýden Waşingtonyň köp ýurt we Ýewropa Bileleşigi bilen möhüm hyzmatdaşlyklary dikeldendigini aýtdy.

"Biz ýene-de halkara forumlaryna, ilkinji nobatda hem BMG-niň mejlislerine gatnaşýarys" diýip, Baýden nygtady. Şeýle-de, prezident Bütindünýä saglyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň dikeldilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň harby güýji ulanylyp bilner, ýöne diňe soňky nobatdaky çäre hökmünde. "Ýarag pandemiýa garşy göreşmäge kömek edip bilmez" diýip, Baýden COVID-19-a garşy ylmy gözlegleriň möhümdigini belledi.

Baýden klimat meseleleriniň ähmiýeti barada-da durup geçdi we ABŞ-nyň Pariž klimat şertnamasyna gaýdyp gelendigini ýatlatdy.

Şeýle-de prezident Kabul howa menzilinde wepat bolan amerikan esgerlerini agzady. "Biz terrorçy toparlara garşy nähili göreşmelidigini bilýäris" diýip, Baýden howpsuzlygyň harby operasiýalar bilen däl-de, eýsem adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak bilen üpjün edilmelidigini aýtdy.

ABŞ, G7 bilen hyzmatdaşlykda, dünýädäki millionlarça adama ynsanperwerlik kömegini ibermegi niýet edinýär diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.

XS
SM
MD
LG