Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" häkimiýete geçensoň, Hytaýyň sebitdäki täsiri artarmy?


“Talyban” liderlerinden biri Molla Abdul Gani Baradar Hytaýyň Daşary işer ministri Wan I bilen, 2021.

Talybanyň häkimiýete gelmegi bilen Pekiniň Owganystandaky täsiri ýokarlanar diýip, käbir analitikler pikiri ebýär. Ýöne Hytaýyň Merkezi Aziýada bolmagyna-da şuňa meňzeş täsir edip bilermi? “Kabulyň üýtgemegi” sebite nähili täsir eder?

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary golaýda Duşenbe şäherinde bu guramalara agza ýurtlar “Talyban” hökümeti bilen baglanyşykly öňde durýan syýasat barada, nobatdaky tapgyrlaýyn ýygnaklary geçirdiler. Bu ýurtlaryň ählisi diýen ýaly talyp hereketini henizem terrorist diýlip ykrar edýärler.

Hytaý beýleki ýaranlaryndan tapawutlylykda, “Talyban” hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýyn. Bu pozisiýa Yslamabat, Daşkent, ähtimal, Nur-Sultana hem ýakyn, emma Nýu-Deli we Duşenbe üçin, ol kabul ederliksiz. Moskwa bilen Tähran bu hereketi ykrar etmäge howlukmaýarlar hem-de “Talybanyň” köp taraplary öz içine alyjy hökümet gurmak baradaky wadalaryny berjaý etjek-etmejegine yşarat edýärler.

Duşenbe sammitine Hytaýyň prezidenti Si Sinpiniň, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň hem-de Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmazlygy Owganystan barada umumy pikirde ylalaşmak ähtimallygyny hasam azaldar.

Meseläniň şeýle goýulmagy, ýagny takyk bir karara gelinmezlik Pekin bilen Yslamabat üçin, “Talybanyň” elindäki Kabulyň peýdasyna bolmagy mümkin.

Syýasy analitik Nargiza Murataliýewa Hytaýyň Owganystandaky öz pozisiýasynyň güýçlendirmeginiň Merkezi Aziýa-da täsir etjekdigine ynanýar.

“Sebitdäki ýurtlaryň 30 ýyllyk garaşsyzlygy döwründe, bitewi we täsirli howpsuzlyk ulgamyny gurup bilmeýändiklerini göz öňünde tutup, Hytaýyň bu ugurdaky täsiri artar. Şol bir wagtyň özünde, Owganystanyň Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridoryna goşulmagy, şeýle hem Pekiniň howandarlygyndaky “Guşak we ýol” infrastruktura taslamalarynyň ösmegi muňa goşmaça ýardam eder. Hytaýyň we Russiýanyň barha artýan täsiri Merkezi Aziýanyň elitalaryny maslahat ýygnaklarynyň görnüşini hasam ösdürmäge itergi berer, ýöne integrasiýa – goşulyşmak barada gürlemekden entek ir" diýip, ekspert belleýär.

«Hiç zatdan bir zat çykmaz»

Pekin uzak wagt bäri Owganystandaky ykdysady bähbitlerini öňe sürüp gelýär. Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki iki metallurgiýa kompaniýasy 2008-nji ýylda Kabulyň golaýyndaky Mes Aýnakda ýerleşýän dünýäniň iň uly reňkli metal känini özleşdirilmedik bäsleşiginde ýeňiji boldy hem ol känden 30 ýyllap mis çykarmak boýunça hukuk gazandy. Şeýle-de bolsa, metal öndürmek işine başlap bilmän geldi: bu bökdençlige Hytaý tarapy howpsuzlyk meselelerini sebäp edip geldi, ýöne ekspertleriň pikiriçe, dünýäde arassalanan mis önümçiliginiň üçden birine gözegçilik edýän Hytaý dünýä bazaryndaky üpjünçiligi emeli çäklendirmek, bahalary saklamak üçin, bu ägirt uly ýatagyň ösüşini bilgeşleýin saklap geldi.

Dürli çeşmeleriň kesgitlemegine görä, Owganystandaky minerallaryň umumy bahasy 1-3 trillion dollar diýlip çaklanylýar. Bu diňe ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy USGS tarapyndan derňelen, Owganystanyň territoriýasynyň 30% çemesi ýerinde geçirilen barlaglara laýyklykda aýdylýar.

Ykrar etmek we haýbat atmak

"Hytaýyň gazananlary şundan ybarat, "Talyban" özüniň ykrar edilen ýagdaýynda, ýurduň tebigy känlerini Hytaýa bermäge ylalaşýar hem-de “Talyban” bilen bilelikde ABŞ-a garşy söweşen uýgur separatistleri we beýleki terrorçylyk toparlaryny goldamakdan ýüz öwrüp biler” diýip, täjik eksperti Nurali Dawlatow düşündirýär.

Şeýle-de bolsa, ol bilermen “Talyban” häkimiýet başynda galsa, ol ýurduň dünýäniň çar künjeginden terrorçylary taýýarlamak üçin, amatly ýere öwrülip biljekdigini, bu Täjigistan we umuman tutuş sebit üçin howp salýandygyny-da sözüne goşýar.

Baryp iýul aýynda, entek Kabul ele geçirilmezinden ozal, “Talybanyň” wekili Suheil Şahin Hytaýyň özleri üçin dostlukly ýurtdygyny we uýgur separatistleriniň Owganystanda ýerleşmegine rugsat bermejekdiklerini aýdypdy.

«Berilýän bahalar çişirilýär»

Şeýle-de bolsa, “Talybanyň” syýasy nukdaýnazary köp bilermenler tarapyndan düşnüksiz hasaplanýar. Moskwadaky Karnegi merkeziniň geňeşçisi hem-de Hytaýy öwreniji Timur Umarow Hytaýyň Owganystandaky täsiriniň artýandygy baradaky çaklamalaryň çişirilendigini belleýär.

“Amerikalylar sebit bilen az gyzyklandylar, bu bolsa Hytaýyň sebitdäki roluny awtomatiki ýokarlandyrýar, ýöne mundan başga bir täsiriň ýokarlanmagynyň sebäbini göremok. Owganystan henizem gaty durnuksyz ýurt bolmagynda galýar, hiç kim ol ýere maýa goýmaz. Daşary ýurtdaky maýa goýumlary meselesinde Hytaý pragmatik – öz bähbidini bilýär, ol Owganystanyň howpsuzlyk meselesiniň üýtgemändigine düşünýär" diýip, Umarow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Bilermeniň pikirine görä, täze şertlerde sebit ýurtlary öz içki güýçlerine, şeýle hem Russiýa daýanyp bilerler, sebäbi Russiýa howpsuzlyk jogapkärçiligini öz üstünden aýyrmaýar. Hytaýyň hem howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatynyň artmagy mümkin.

"Owganystan jemgyýete gözegçiligi güýçlendirmek bilen Merkezi Aziýanyň awtoritar režimlerine ýeterlik derejede ýardam etmegi mümkin” diýip, Timur Umarow çaklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG