Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa ýurduň COVID-19 adatdan daşary ýagdaýyny ýatyrmagy meýilleşdirýär


Ýaponiýanyň premýer-ministri Yoşihide Suga
Ýaponiýanyň premýer-ministri Yoşihide Suga

Ýaponiýa, hökümet geňeşçiler topary tassyklasa, onda sentýabr aýynyň ahyrynda ýurduň COVID-19 adatdan daşary ýagdaýyny aýyrmagy meýilleşdirýär.

Premýer-ministr Yoşihide Suganyň, 28-nji sentýabrda geçiriljek hökümet mejlisinden soň, ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň ýatyryljakdygyny we beýleki planlary yglan etmegine garaşylýar.

Ýaponiýa birnäçe sebitde adatdan daşary çäreleri girizip, tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirdi we koronawirusyň örän ýokuşagan Delta görnüşini gözegçilikde saklamak üçin göreşdi. Häzirki wagt bu ýurtda wirusa ýoluganlaryň gündelik sany pese gaçýar.

Bu waka, Bütindünýä bankynyň Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň garaşylýandan has haýal ykdysady ösüş bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada çykyş eden mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG