Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Szijjarto 28-nji sentýabrda Ukrainanyň ilçisini öz ýanyna çagyrdy. Ol munuň Ukrainanyň Wengriýa bilen Russiýanyň arasynda 27-nji sentýabrda gol goýlan uzak möhletleýin gaz üpjünçiligi şertnamasyny petiklemek synanyşyklary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Szijjarto özüniň “Facebook” sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda munuň “Wengriýanyň özygtyýarlylygynyň düýpli bozulmagyna” deň bolandygyny hem belledi. Szijjartonyň bu beýanaty Kiýewiň Budapeşti Russiýanyň döwlet gözegçiligindäki “Gazprom” kärhanasy bilen 15 ýyllyk tebigy gaz üpjünçiligi şertnamasyna gol goýandygy üçin tankyt etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Bu şertnama “Gazpromyň” we Wengriýanyň “MVM” energiýa toparynyň ýolbaşçylary tarapyndan 27-nji sentýabrda Budapeştde, Wengriýanyň Daşary işler ministrliginde gol goýuldy. Bu çäre “Gazprom” kärhanasynyň başlygy Alekseý Milleriň Wengriýa sapary wagtynda amala aşyryldy.
Tranzit töleglerinde millionlarça dollar ýitirjek Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Wengriýanyň üpjünçilik şertnamasynyň “ykdysady taýdan esassyz, diňe syýasy karar” bolandygyny, munuň “Ukrainanyň milli bähbitlerine we Ukraina-Wengriýa gatnaşyklaryna zyýan ýetirmek üçin" kabul edilendigini aýtdy.
Şertnama laýyklykda, “Gazprom” Wengriýa her ýyl 4,5 milliard kub metr tebigy gaz akdyrar we Wengriýanyň ýyllyk gaz sarp edişiniň ýarysyna golaýyny üpjün eder.