Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täze jaýlaryň tas ýarpy tölegini geçiren raýatlara açar gowşurylmady


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenabat şäheriniň “Azatlyk” posýologynyň Arkadag şaýolunyň ugrunda 17 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy dabaraly açyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu jaýlardan öý edinmäge synanyşan maşgalalaryň duçar bolan kynçylyklary barada habar berýär.

Döwlet telewideniýesi ýaşaýyş jaý toplumyndan jaý satyn alan ýaşaýjylaryň begenji barada habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu jaýlardan öý edinmäge synanyşyp, maliýe kynçylyklary sebäpli zyýana galan ýaşaýjylaryň gynanjyny eşitdirýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, dört otagly täze jaýlaryň bahasy 800 müň manat. Bu baha dollaryň resmi nyrhy boýunça 228 müň dollar töweregi bolýar, gara bazar boýunça 30 müň dollar töwereginde bahalanýar.

Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyny ýerli firmalar amala aşyrypdyr. Firmalar jaýyň töleginiň iki ýylyň dowamynda hasaplaşylmagy şerti bilen isleg bildirýän raýatlaryň arasynda şertnama baglaşypdyr. Şertnama görä, jaý töleginiň umumy bahasynyň 40 göterimi ilkinji ýyl, galan 60 göterimi ikinji ýylyň dowamynda geçirilmeli.

Ýöne bir maşgala üç ýyl töweregi mundan ozal, jaýlar heniz gurluşyk tapgyrynda wagty, dogan-garyndaşlaryndan pul karz alyp, jaýyň başlangyç tölegini, 40 göterimini geçiripdir. Olar galan 60 göterimini jaýlar ulanylmaga beriljek wagty tölemäge razylaşypdyr.

Maşgala aradan geçen wagtyň dowamynda jaýyň galan puluny töläp bilmeýär we, habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda olar ne öňünden tölän 40 göterim puluny yzyna alyp bilýärler, ne-de jaýyň açaryna eýe bolup bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze jaýlaryň umumy bahasynyň 40 göterimini öňünden hasaplaşan köp hojalygyň maliýe kynçylyklary sebäpli, tölegiň galan bölegini hasaplaşyp bilmän, jaý edinip bilmändiklerini habar berdi.

“Krizis wagty býujet işgäri 1300 manat aýlyk bilen maşgalasyny eklesinmi ýa-da jaýyň töleginiň galan puluny hasaplaşsynmy!?” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýene bir maşgala umumy bahasy 800 müň manat bolan jaýyň 600 müň manadyny öňünden töläpdir, ýöne ol häzirki wagtda galan 200 müň manady töläp bilmänsoň, bu maşgala täze jaýyň açarlary gowşurylmandyr.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu maşgala galan 200 müň manady tölemek üçin 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli möhlet berlipdir.

Maliýe kynçylyklary bilen baglylykda täze jaýlaryň galan töleglerini geçirip bilmedik beýleki maşgalalar 2022-nji ýyla çenli özlerine möhlet berilendigini tassyklaýarlar.

Täze jaýlardan öý alan ýaşaýjylar Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde jaý üçin prezidente minnetdarlyk bildirýän görnüşde görkezilýär. Ýöne döwlet mediasy jaýyň töleginiň tas ýarysyny töläp, galan ýarysyny maliýe kynçylyklary bilen baglylykda töläp bilmedik ýaşaýjylaryň duçar bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Töleg töläp, jaý satyn alan raýatlar özleriniň täze göçüp baran jaýlaryny döwlet telewideniýesinde “prezidentiň sowgady” atlandyrýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň halkara aeroportundan şähere gaýdýan köçe Arkadag şaýoly atlandyrylýar. Ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen jaýlar şu köçäniň ugrunda ýerleşýär.

Azatlygyň habarçysy bu jaýlaryň “demir-beton” jaýlardygyny we olaryň ilat arasynda “panel jaýlar” atlandyrylýandygyny habar berýär.

“Bu jaýlar tomsuna yssy, gyşyna sowuk bolýan jaýlar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. “Türkmenistanyň yssy howasyna-da gabat gelenok şu jaýlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet statistikalary ýurduň ýaşaýyş jaý gorlary boýunça hakyky sanlary äşgär etmeýär. Türkmenistanda ýaşaýyş jaý edinmek ilatyň iň uly problemalarynyň biri bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG