Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka: Belarus 2022-nji ýylyň fewralyna çenli konstitusiýa referendumyny geçirer 


Aleksandr Lukaşenka , Minsk, 28-nji sentýabr, 2021.
Aleksandr Lukaşenka , Minsk, 28-nji sentýabr, 2021.

Belarus geljek ýylyň fewralyna çenli täze, gapma-garşylykly konstitusiýa boýunça referendum geçirer diýip, awtoritar hökümdar Aleksandr Lukaşenka aýtdy.

Lukaşenka bu habary konstitusiýa komissiýasynyň 28-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde aýtdy we ýene bir gezek oppozisiýanyň häkimiýete gelmegine ýol bermejekdigini söz berdi. Ol özüniň oppozisiýa garşy durmagynyň sebäbini, öz sözleri bilen aýtsak, olaryň "ýurdy ýok etjekdikleri" bilen düşündirdi.

"Üýtgetmeler prezidentiň, parlamentiň we hökümetiň ygtyýarlyklaryny gaýtadan deňagramly paýlamak bilen, konstitusiýanyň has sazlaşykly bolmagyna we Bütin Belarus Halk assembleýasy üçin konstitusiýa statusyny döretmäge gönükdirilendir" diýip, Lukaşenka aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol konstitusiýanyň taslamasy ýa-da Bütin Belarus Halk Assambleýasynyň oýnajak roly barada jikme-jik maglumat bermedi.

Bütin Belarus Halk Assambleýasy häzirki görnüşinde, kanunlara laýyklykda dolandyryjy statusy bolmadyk, ýöne häkimiýete ygrarly adamlaryň döwürleýin ýygnagy bolup durýar.

Ýurtda eýýäm ‘jübi parlamenti’ bar. Konstitusiýany täzeden ýazmak synanyşygy, Lukaşenkanyň garşydaşlarynyň aýtmagyna görä, oppozisiýa 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawyndaky ýeňşini ret edenden soň, onuň häkimiýetden ýapyşmak üçin tapan galp emeli bolup durýar.

XS
SM
MD
LG