Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow birbada iki medal bilen sylaglandy


Gurbanguly Berdimuhamedow baş egip, ýüzüne sylyp, özüne berlen medallary kabul edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow baş egip, ýüzüne sylyp, özüne berlen medallary kabul edýär.

Türkmenistanyň prezidenti 28-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny bermek baradaky karara gol çekip, olara nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak we hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem sylaglandy, oňa birbada iki medal, “Türkmen edermen” medaly we “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Dabarada wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa, goranmak ministri, B.Gündogdyýewe, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa, Baş prokuror B.Atdaýewe, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe, Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredowa, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe, Adalat ministri B.Muhamedowa, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý görnüşindäki milli manat we nobatdaky derejeler, çinler gowşuryldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň işgäri A.Hudaýberdiýewe nobatdaky harby adyň dakylandygy habar berilýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän sowgatlary, at-derejeleri, şol sanda aýlyk gazançlaryny hem baş egip, ýüze sylyp almak 'däbi' döredildi.

Ýerli synçylar munuň türkmençilige, ata-baba gelýän dessurlara hiç bir jähden gabat gelmeýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG