Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganatanyň polisiýasy "gündelik plan borçnama" salgylanyp, ilatdan pul ýygnaýar


Turkmenistan. Policeman with face mask on the duty in Ashgabat. September 2021

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda polisiýa işgärleri raýatlardan, olar maska düzgünini berjaý edendigine garamazdan, 25 manat pul jerimesini talap edýärler. Polisiýa işgärleri munuň sebäplerini maskasyz raýatlara jerime ýazmak barada özlerinden "gündelik plan borçnamany" dolmagyň talap edilýändigi bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk radiosynyň habarçysy sebitnden maglumat berýär.

"Etrabyň dürli ýerinde maska düzgüniniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Olar adamlaryň ýüzünde maskalary talap edilşi ýaly dakylan bolsa-da, olardan 25 manat bermegi soraýarlar. Ýöne polisiýa işgärleri munuň üçin kwitansiýa bermeýärler. Bu garyp ilaty talamagyň ýene bir görnüşi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 29-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri munuň sebäplerini maska dakynmadyk raýatlara jerime ýazmak barada özlerinden "gündelik plan borçnamany" dolmagyň talap edilýändigi bilen düşündirýärler.

"Başlyklar her birimizden öýläne çenli 200 manat getirmegi talap edýärler. Häzir adamlaryň hemmesi maskalaryny dakynyp çykýarlar. Şol sebäpli jerime ýazar ýaly adam ýok. Bize kömek edäýiň, gündelik plan borçnamany dolmasak, işden kowulmak howpy abanýar" diýip, ýaşaýjy bir polisiýa işgäriniň sözlerini sitirledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Darganata etrabynyň Polisiýa müdirligine jaň edip, telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Bellesek, şu günler Türkmenistanda ilat koronawirusdan agyr sütem görýän mahaly, polisiýa işgärlerine maskasyz raýatlara jerime salmak barada "gündelik plan borçnamanyň" berilendigi barada Azatlyk mundan ozal hem habar berdi.

Şu hepdäniň başynda Marydaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini gürrüň berdiler.

Şonda polisiýa işgärleri "gündelik plan borçnamany" ýerine ýetirmediklere işden kowuljakdygy ýa-da ýangyn howpsuzlyk gullugyna işe geçiriljekdigi barada haýbat atylýandygyny hem aýtdylar.

Käbir synçylar häkimiýetleriň polisiýa işgärleriniň boýnuna dakýan bu "plan borçnamasyny - býujete pul ýygnamak tagallalary" we olaryň bikanun gazanç etmekleriniň nobatdaky bir usuly diýip häsiýetlendirýärler.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz hereket çäklendirmeleri girizileni bäri Darganatadan welaýatyň beýleki şäherlerine we etraplaryna gitjek ýaşaýjylardan koronawirus testiniň negatiw netijesiniň we ýörite rugsatnamanyň talap edilýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, ol etrabyň daş töwereginde nobatçylyk çekýän polisiýa işgärlerine 50 manat para beren raýatlardan hiç hili resminamanyň talap edilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

"50 manat bereniňden soň, senden nirä gitjek, näme üçin gitjek diýip soramaýarlar. Resminamalary hem talap etmeýärler. Olar diňe "Ýoluň ak bolsun! Yzyňa gaýdyp geleniňde, meniň nobatçylygymda geçendigiňi hiç kime aýtma" diýýärler" diýip, sebit ýaşaýjysy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny boýun almaýan türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomsunda berk hereket çäklendirmelerini gaýtadan güýje girizip, maska geýmek režimini güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG