Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Türkmenistana sapar eder


Terhi Hakala

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala Türkmenistana sapar eder. Bu barada “Orient” neşiri habar berýär.

Neşire görä, Hakala Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda möhüm ugurlarda sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar.

Habarda Hakalanyň Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň haýyşy boýunça Türkmenistana sapar edýändigi aýdylýar.

Ýatlasak, Owganystanda ýaramazlaşan howpsuzlygyň we bu ýurtdan bosgun akymynyň güýçlenmegi boýunça ýüze çykan aladalaryň arasynda, awgustyň ahyrynda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we Berdimuhamedow telefonda gürleşdi hem-de Owganystandaky ýagdaýlary we bosgunlary maslahat etdi.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanyp, dekabrda geçiriljek halkara konferensiýa hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG