Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogany kabul etdi. Bu duşuşyk soňky birnäçe ýyl bäri iki lideriň arasynda geçirilen duşuşyklaryň iň möhüm netijelisi hasaplandy.
Liderler Putiniň iki hepde dowam eden üzňeliginiň yz ýany, 29-njy sentýabrda Soçide duşuşdy. Putiniň ýakyn töwereginden birnäçe adamyň COVID-19 barlagy oňyn netije görkezensoň, ol iki hepde möhlet bilen öz-özüni üzňeleşdiripdi.
Mundan öň, Putin bilen Erdogan 18 aý mundan ozal Moskwada ikiçäk duşuşdy. Geçen döwrüň dowamynda iki ýurduň arasynda köp mesele toplandy.
Iki lideriň Siriýa we Liwiýa çaknyşyklaryndan başga Günorta Kawkaz, Ukraina meselelerini, Russiýanyň gaz eksportynyň giňeldilmegini, hem-de ABŞ-nyň garşylygyna garamazdan, Türkiýäniň Russiýada öndürilen S-400 raketa ulgamynyň ikinji tapgyryny satyn almak ähtimallygy ýaly meseleleri maslahatlaşmaklaryna garaşylýardy.
Iki lider Soçide üç sagat töweregi gepleşik geçirdi. Putin Moskwa bilen Ankaranyň ‘ylalaşyk’ ukyplarynyň saýasynda, olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösdürilýändigini aýtdy.
“Käwagt ylalaşyk kyn, ýöne ahyrky netije oňyn bolýar” diýip, ol aýtdy.
Erdogan “türk-rus gatnaşyklaryny günsaýyn güýçlendirmäge dowam etdirmekligiň örän peýdalydygyna” özüniň ynanýandygyny aýtdy.